Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmegi hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ýaýbaňlandyrylmagy ösüşleriň ygtybarly kepili bolup durýar. Geçen ýylyň ýanwarynda tassyklanan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» strategik taýdan ähmiýetli çäreler göz öňünde tutulýar. Maksatnamada ýurdumyzyň ulag ulgamynyň we halkara ulag hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek; ulag ugrunda halkara guramalar, şol sanda BMG hem-de onuň sebitleýin komissiýalary, ýagny Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy, şeýle-de ýöriteleşdirilen halkara ulag we logistika guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek; badalga berlen iri halkara we sebitara taslamalary durmuşa geçirmek, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak wezipeleri bellenilýär.
Döwletimizde raýat awiasiýa pudagyny ösdürmek baradaky işler durmuşa geçirilende «2012 — 2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» ugur alynýar. Maksatnamada täze howa menzilleriniň gurluşygyny hem-de ozal hereket edýänleriniň, beýleki degişli desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi we ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy, häzirki zaman uçarlarynyň we beýleki zerur tehnikalaryň satyn alynmagy, hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy ýaly wezipeler kesgitlenýär.
Ýurdumyz BMG-niň halkara hyzmatdaşlygyny utgaşdyryjy ýöriteleşdirilen edarasy bolup durýan Halkara raýat awiasiýa guramasynyň doly hukukly agzasydyr. Bu iri gurama howa gatnawlarynyň howpsuzlygyny, ygtybarlylygyny we netijeliligini üpjün etmek üçin zerur bolan ähli halkara kadalaryny ýola goýýar. Ýurdumyzda hereket edýän «Türkmenistanyň Howa kodeksi» ýuridik we fiziki şahslaryň isleglerini kanagatlandyrmakda awiasiýanyň işiniň, şeýle hem Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanmak, onuň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça beýleki işiň, goranmagyň hem-de döwletiň bähbitlerini gorap saklamagyň, howa gämileriniň uçuşlarynyň howpsuzlygynyň, awiasiýa hem-de ekologik howpsuzlygyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.
Ulag-aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşmegi, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna itergi berýär. Ýurdumyzyň üstünden aragatnaşyk ulgamlarynyň geçmegi döwletimiziň halkara derejede ägirt uly ulag we aragatnaşyk mümkinçiligine eýe bolmagyny üpjün edýär. Şol bir wagtda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara ýagdaýy onuň ulag mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine ýardam berýän amatly syýasy giňişlik bolup durýar. Daşary ýurtlaryň, hususan-da, sebitiň ýurtlarynyň Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça, şeýle-de Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRACECA) hem-de Lazurit ulag geçelgesi boýunça durnukly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşmagy üstünlikli hyzmatdaşlygy, dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň daşary ýurtlara amala aşyrýan saparlarynyň çäklerinde ulag ulgamyna degişli halkara resminamalara gol çekilmegi hem şeýle asylly maksada ýetmäge gönükdirilendir.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň geçmişde ady dünýä ýaň salan Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap görnüşde täzeden dikeldip, Bitarap Diýarymyzy halkara söwda we ýük daşama ýollarynyň merkezine öwürmek başlangyjy anyk maksatnamalarda öz beýanyny tapyp, dowamly ösüşe eýe bolýar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Hudaýberdi SEHIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy.