Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylyp, milli ykdysadyýetiň ösüşi has-da belent derejelere çykdy. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren döwlet maksatnamalarynyň tapgyrlaýyn üstünlikli berjaý edilmegi halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň işleriniň sazlaşykly öňe ilerlemegini üpjün etdi. Ykdysadyýetiň ösüşine kuwwatly itergi berýän täze iri önümçilik kärhanalary guruldy, senagat, dokma, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, ýangyç-energetika, saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamlarynda durmuşa ornaşdyrylan özgertmeler özüniň oňyn netijelerini berdi.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, maýa goýum kuwwatynyň netijeliligini artdyrmak we ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça giň möçberli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ösüşleriň örän çalt depginlerde öňe ilerleýän zamanynda ykdysadyýetiň ösüşiniň köpugurly mümkinçilikleri giň gerimli taslamalaryň çäklerinde sazlaşykly herekete getirilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Biz belent ynsanperwerlik ýörelgelerine berk eýermek bilen, halkymyzyň durmuşyny hil taýdan özgertmäge niýetlenen, jemgyýetimiziň ösüşiniň durnuklylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýän, anyk maksatlara gönükdirilen köpugurly işleri alyp barýarys» diýip nygtaýar.
Eziz Diýarymyzda ylym-bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler özüniň oňyn netijelerini berýär. Gurluşyk, senagat we beýleki pudaklarda ýokary ösüş depginleri gazanylýar. Oba hojalygyny özgertmek boýunça geçirilýän çäreler netijeli häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyzy senagat taýdan dünýäde iň ösen döwletleriň birine öwürmek esasy maksat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.
Ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli harytlary halkara bazarlara has köp çykarmak babatda uly işler alnyp barylýar. Türkmen telekeçileri tarapyndan ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek hem-de türkmen harytlarynyň eksportunyň möçberlerini köpeltmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalary häzirki wagtda üstünlikli berjaý edilýär, geljegi has uly ugurlary giňeltmek arkaly senagat pudagynda gazanylýan ösüş depginleri barha ýokarlanýar.
«Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde iri taslamalar durmuşa geçirildi we bu işler üstünlikli amal edilýär. Şunda dokma, gurluşyk, himiýa we durmuş senagatyna degişli, şeýle hem ýerli çig mallardan taýýarlanylýan önümleriň köp görnüşleri boýunça döwrebap kärhanalaryň gurluşygynyň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy buýsandyryjy hakykatdyr.
Bu ösüşler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda telekeçilik işjeňligini artdyrmakda, kiçi we orta kärhanalaryň harytlarynyň görnüşlerini hem-de möçberlerini ýokarlandyrmakda, olaryň daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmakda, goşmaça iş orunlarynyň döredilmeginde örän ähmiýetlidir. Ýurdumyzda hususy telekeçiligi höweslendirmek we goldamak boýunça ýeňillikli karz serişdeleriniň berilmegi hem bu ugurdaky işleriň öňe ilerlemegini üpjün etdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň özboluşly aýratynlygy hem milli ykdysadyýetiň ösdürilmeginde hususy ulgamyň işjeňligini ýokarlandyrmak bilen şertlendirilendir.
Ýurdumyzyň senagat, medeni-durmuş düzümlerinde, ulag we energetika pudagynda, oba hojalygynda türkmen telekeçileri has-da işjeňlik görkezýärler. Ýerli gurluşyk kompaniýalary Aşgabat şäherini we ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Türkmen telekeçileri ýurdumyzyň dürli ýerlerinde gurlan köp sanly döwrebap mekdepleriň, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň, sport toplumlarynyň, medeniýet merkezleriniň, amatly ýaşaýyş jaýlarynyň we medeni-durmuş maksatly beýleki ençeme binalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýarlar.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeler hem bu hakykatyň ýene-de bir subutnamasydyr. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde amala aşyrylýan beýik işler bolsa toýlarymyza görk, baýramlarymyza bezeg berýär. Çünki bagtyýar adamlaryň kalbyna ýol açýan, durmuşyna ýalkym saçýan ýagşy işler, özgerişler, ösüşler hemişe-de toý-baýramlaryň gelşigi, şatlykly günleriň ýaraşygy saýylýar.
Aýnur BEGLIÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.