Adamyň janynyň we saglygynyň ähli zatdan ileri tutulýan berkarar döwletimizde ekologiýa howpsuzlygyny gazanmak esasy ähmiýet berilýän meseleleriň hataryndadyr. Şu nukdaýnazardan daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak maksady bilen, adaty energiýany gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden öndürilýän energiýa bilen tapgyrlaýyn çalyşmak babatdaky işleri höweslendirmek döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň biridir.
Bilşimiz ýaly, adaty energiýa gaýtadan dikeldilmeýän energiýa çeşmelerinden, hususan-da, uglewodorod çig malyndan peýdalanmak bilen öndürilýän energiýadyr. Ylmyň ösmegi bilen häzirki döwürde Gün, ýel, suw ýaly tebigy serişdelerden ekologiýa taýdan peýdaly, daşky gurşaw üçin zyýansyz, arzan energiýa alnyp başlanyldy. Munuň özi daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ilatyň saglygyny we zähmet howpsuzlygyny üpjün etmek üçin uly ähmiýete eýedir.
Ýakynda ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda işiň hukuk, guramaçylyk we durmuş esaslaryny kesgitleýän hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Agzalýan çeşmeleri netijeli peýdalanmak bilen energiýany ösdürmek, energetika ulgamynyň düzümini kämilleşdirmek, energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, ýurdumyzyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak we ykdysadyýetiň durnukly ösüşini gazanmak Kanunyň esasy maksatlary bolup durýar.
Döwletimiz tarapyndan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanylmagyny höweslendirmek we bu ugurda amatly şertleri döretmek maksady bilen, gurluşlary satyn almak üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýeňillikli bank karzlarynyň we döwlet kömekleri berilýär. Elektrik energiýasyny öndürýän gurluşlaryň Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyna kepillikli birikdirilmegi üpjün edilýär. Bu ugurda höweslendiriji nyrhnamalary ulanmak arkaly kepillikli satyn alynmagynyň üpjün edilmegi, bioýangyç bellenen standarta laýyk gelende, ony satmak mümkinçiliginiň üpjün edilmegi, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gümrük ýeňillikleriniň berilmegi ýaly kadalar Kanunda görkezilen.
Berkarar döwletimizde kabul edilýän we hereket edýän kanunlaryň ählisi ilkinji nobatda, raýatlaryň abadan durmuşyny, ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu kanunlaryň talaplarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilmegi bolsa mukaddes Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilen tagallalaryň ýerine düşmegi üçin möhüm şertleriň biridir.
Perhat MEDEDOW,
Bagtyýarlyk etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.