Ykdysadyýetiň möhüm pudagy

Häzirki wagtda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda durnukly ösüş üpjün edilýär. Şeýle-de bu Maksatnamany ýerine ýetirmegiň çäklerinde täze desgalaryň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň ulag ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga, edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, halkara gatnaşyklarynda ulag boýunça hyzmatdaşlygy täze tapgyra çykarmaga ýardam edýär.

Ulag ulgamynda halkymyza hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda sanly tehnologiýalara wajyp orun degişlidir. Şonuň netijesinde ulaglaryň ähli görnüşlerinde petekleri almaga, Internet saýtlarynyň kömegi bilen otlularyň, uçarlaryň we awtobuslaryň gatnaw ugurlaryny, wagtlaryny anyklamaga, hyzmatlaryň sanawyny görmäge mümkinçilik döredildi. Gurluşygy ýokary depginler bilen dowam edýän Aşgabat — Türkmenabat awtobany möhüm ähmiýete eýe bolar.

Ulaglarda ýükleri daşamak, ýolagçylary gatnatmak we ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça işlere hem uly ähmiýet berilýär. Harytlary öndürijilerden sarp edijilere ýetirmekde ulaglaryň ähmiýeti uludyr. Olardan demir ýol ulaglary ýükleri daşamakda ulaglaryň amatly görnüşidir.

Awtoulaglaryň hem ýük daşamakda paýy uludyr. Ýakyn aralyklara ýükleri daşamak üçin awtoulaglaryň ulanylmagy netijelidir. Ýurdumyzyň awtoulag ýollary halkara ülňülerine laýyk getirilýär we olaryň uzynlygy yzygiderli artdyrylýar. Ulaglaryň görnüşleri boýunça edilýän hyzmatlaryň möçberiniň yzygiderli artmagy ulag ulgamynyň ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. Ulag ulgamynyň hyzmatlarynyň görnüşlerini köpeltmek, hilini ýokarlandyrmak wajyp wezipedir.

Ulag ulgamynda işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna hem-de Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Ogulnäzik MEREDOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň dosenti, ykdysady ylymlaryň kandidaty.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20553