Türkmen ýüplügi — Beýik Ýüpek ýoly bilen

Türkmenabatdan Mara uzaýan gara ýoluň iki ýakasy soňky ýyllarda gündogar sebitiň merkezi şäheriniň täze senagat we ýaşaýyş toplumlarynyň merkezine öwrülýär. Welaýat köpugurly hassahanasyndan Ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezine çenli aralykdaky 15 — 20 kilometrlik menzilde bu gün döwrebap ýaşaýyş jaýlary, atçylyk-sport toplumy, mekdep-internaty, iri önümçilik kärhanalarynyň birnäçesi we beýleki döwrebap binalar ýerleşýär. Gara ýoldan biraz uzakda ýerleşýän hem bolsa, seleňläp durşy bilen ýolagçylaryň nazaryny egleýän Türkmenabadyň pamyk egriji fabrigi hem bu sebitdäki gözellikleriň biri. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen durky täzelenip, önümçilik mümkinçilikleri artdyrylan kärhana mundan ýedi ýyl ozal täze güýç bilen işläp başlady.

Ýadyňyzdadyr, hormatly Prezidentimiz 2012-nji ýylyň aprel aýynda bu kärhananyň durkuny täzeläp, mümkinçiliklerini artdyrmak baradaky taryhy Karara gol çekipdi. Onda oturdyljak enjamlar bolsa bu Karara gol çekilmezinden alty-ýedi aý ozal Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçirilen dokma enjamlarynyň «ITMA — 2011» halkara sergisinde türkmenistanly wekiller tarapyndan ilik-düwme öwrenilipdi. Iň kuwwatly, iň güýçli hasap edilen enjamlar Şweýsariýa, Italiýa ýaly döwletleriň önümleridi. Olaryň arasynda Şweýsariýanyň «Uster» kompaniýasynyň pagta süýüminiň we nah ýüplükleriň fiziki-mehaniki görkezijilerini ölçeýän doly awtomatlaşdyrylan enjamlary, nah ýüplüklere çyglylyk berýän enjamlar, ýüplükleri awtomatik usulda gaplaýan Italiýanyň «Zancaner», sowadyş, ýyladyş hem-de howany tämizleýiş ulgamlarynda Şweýsariýanyň «Luwa» kompaniýasynyň enjamlary we beýlekiler bar.

Kärhana siňdirilen bu yhlas miwesini berdi. Muny kuwwatlylygy we önümleriniň hili düýpli ýokarlandyrylan kärhananyň şondan soňky önümçiligi aňryýany bilen görkezdi.


«Open End» — dokma senagatynda iň hyrydarhalar ýüplükleriň biri. Aýdyşlaryna görä, ondan iň nepis matalar dokalýar. Mümkinçilikleri artdyrylandan soň, Türkmenabatdaky pamyk egriji fabrik, ine, şol ýüplükleri öndürip başlady. Bu bolsa önümleriň dessine dünýä bazaryna çykarylyp, özüne siňdirilen serişdeleri aňryýany bilen ödemegine getirdi. Häzir bu kärhanada «Open End» kysymly ýokary hilli ýüplügiň her ýylda 4 müň tonnasy öndürilýär.

Zähmetkeşleriň arasynda bolmak, olaryň işi bilen ýakyndan tanyşmak hemişe-de ýakymly. Biziň bu ýere iş saparymyzyň ilkinji pursatlaryna başga-da bir ýakym goşuldy. Kärhananyň derwezesinden girip-girmänkäk, bizi bu derwezeden çykyp barýan ýük ulagy «garşylady». Onuň eksporta ugradylmak üçin taýýar önümi alyp barýandygyny aýtdylar. Bu derwezeden günde şeýle ulaglaryň birnäçesi girip-çykýar.

Ine-de, biz kärhananyň esasy önümhanasynda. Bu ýerde hünärmen diňe işleriň gidişine gözegçilik edäýmese, olaryň aglabasy awtomatlaşdyrylan ulgam bilen amala aşyrylýar. Ýöriteleşdirilen robot tehnikasy ýüplük üçin getirilen pamygy alyp, ony enjamlaryň «eline tutdurýar». Olar hem pamykdan 17/1, 20/1, 27/1 we 34/1 ölçegli ýüplükleri öndürýärler.

Önümçilik kärhanalarynyň aglabasyna mahsus bolşy ýaly, bu ýerde-de işleriň umumy zynjyry emele gelipdir. Welaýatdaky pagtany gaýtadan işleýän kärhanalarda her biriniň agramy 200 kilograma çenli bolan top görnüşine getirilen çig mal bir çetden goýberilip, önümçiligiň beýleki çetinden ýüplük bolup çykyp dur. Kärhanada her topy 2 kilogramdan hem geçýän ýüplükleriň her günde 11 tonnasy öndürilýär. Işler üç çalşykda alnyp barylýar. Bu ýerde 148 adamyň işleýändigini, şolaryň 75-siniň gelin-gyzlardygyny aýtmak hem ýakymlydyr.

Ýylyň ýaňy üç aýy arkada galdy. Ýöne kärhanadaky önümçilik depgini eýýämden göreni guwandyrýar. Ýylyň başyndan martyň ahyryna çenli öndürilen ýüplükleriň mukdary 800 tonna golaýlady. Şu hasapdan çen tutsak, aýyň başyna 250-den 270 tonna çenli önümiň öndürilendigini görmek kyn däl. Alnan girdejiler bolsa 160 göterimden hem geçýär. Çünki dünýä bazarynda türkmen ýüplügine bolan uly isleg olaryň bäsleşikli söwdalardaky alyjysyny köpeldýär. Şonuň üçin hem bu ýerde öndürilen önümiň ammarda goş basyp ýatary bolmaz. Olar ýa-ha içki dokma kärhanalaryna, ýa-da jahanyň çar künjüne sary ýola düşer.

Biler bolsaňyz, üç aýda öndürilen 800 tonna golaý önümiň 70 göterimden gowragy eksporta ugradyldy! Türkiýe, Polşa, Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly döwletler Türkmenabatda taýýarlanylan nah ýüplükleri esasy import edijilerdir.

Tejribeli ýolbaşçy Nargül Abdyýewa tarapyndan bu ýerde iş çalşygynyň hem sazlaşykly ýola goýlandygyny aýtmak gerek. Işgärleriň üç çalşykda işleýändigini ýokarda ýazypdyk. Olar dört topara bölünipdir. Şeýlelikde, her topar bir gün dynç alýar. Her işgär dört günden bir gün öýünde dynç alyp bilýär. Olar kärhanadan öýlerine, öýlerinden kärhana ýörite awtobus bilen gatnadylyp, iş wagtynda gyzgyn nahar bilen üpjün edilýär.

Bu kuwwatly kärhana mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna uly zähmet ýeňşi — müňlerçe tonna önüm bilen barmagy meýilleşdirýär. Bu maksadyň myrat tapjakdygyna bolsa işleriň ýylyň ilkinji aýlaryndaky depgini hem güwä geçýär.

Agageldi ITALMAZOW.

(Öz habarçymyz).


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25573