Hakdan ýalkawly türkmen topragynyň üstünde bugdaýdyr gowaçaly meýdanlar, dowardyr düýeli ymgyr sähralar ýaýlyp ýatan bolsa, astynda «gara altynyň» we «mawy ýangyjyň» uly gorlary jemlenendir. Şol baýlyklary halkymyzyň we bütin adamzadyň eşretli ýaşaýşy üçin peýdalanmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugrudyr. Ýurdumyzy innowasion esasda senagatlaşdyrmak, eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça iri möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmekde ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan nebitgaz senagatyna uly orun degişlidir. Uglewodorod baýlyklarynyň gorlary we eksport möçberleri boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän Watanymyzda öndürilýän tebigy gaz bu gün ýakyn-u-alys ülkelerde onlarça million öýlere ýagtylyk, ýylylyk, ýüzlerçe million ynsanyň kalbyna mähir paýlaýar, kuwwatly döwletleriň ykdysady çarhlarynyň güýjüne güýç goşýar.
«Galkynyş» gaz käni — rysgal-berekediň tükeniksiz çeşmesi
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan nebitgaz toplumynda iri taslamalary durmuşa geçirmek arkaly sebitiň iri energetika döwleti hökmünde özüni dünýä tanatdy. Ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň we beýleki birnäçe iri känleriň açylmagy bilen, Türkmenistan «mawy ýangyjyň» tassyklanan gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeläp, dünýäniň gaz bazarynyň iri agzasyna öwrüldi. «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegine girişilmegi gaz pudagynda amala aşyrylýan iň iri möçberli taslamalaryň biri boldy. Bu ýerde önümçilik kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gaza barabar bolan zawodlaryň üçüsi işe girizildi.
Şu ýyl hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz käninde täze guýularyň gurluşygyna badalga berilmegi «mawy ýangyjyň» goşmaça gorlaryny döretmäge şert döreder.
Türkmenistan — Hytaý: strategik hyzmatdaşlygyň berk binýady
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzyň uglewodorod baýlyklary dünýäniň çar ýanyna uzaýan gaz geçiriji turbalar arkaly dürli ýurtlara eksport edilip, milli ykdysadyýetiň pajarlap ösmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna, döwletleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna itergi berýär. Depginli ösýän ykdysadyýete eýe bolan Hytaý Halk Respublikasy türkmen tebigy gazynyň iň iri alyjysy bolup durýar. 2009-njy ýylyň dekabrynda ulanylmaga berlen Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi ýylda 40 milliard kub metr türkmen gazyny Çyn-Maçyna ibermäge niýetlenendir. Onuň üç şahasynyň (A, B we C) geçirijilik ukyby bolsa 55 milliard kub metre barabardyr. Bu möhüm magistralyň çig mal binýady yzygiderli berkidilýär.
Soňky 11 ýylda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Çyn-Maçyna 300 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz eksport edilip, ýurduň 27 sebitinde ýaşaýan 500 milliondan gowrak adam «mawy ýangyç» bilen üpjün edildi. 2020-nji ýylda Hytaýda sarp edilen gazyň umumy möçberiniň 15 göterimden gowragy bu gaz geçirijiniň paýyna düşdi.
Şu ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, Lebap welaýatynyň çägindäki «Malaý» gaz käninde täze gaz gysyjy desga açylyp, ulanylmaga berildi. Ýylda üstünden 30 milliard kub metre çenli tebigy gazy geçirmäge ukyply bolan desganyň ulanyşa girizilmegi Watanymyzyň nebitgaz senagatynyň kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga ýardam eder.
Asyryň energetika taslamasy — parahatçylygyň we ösüşiň guraly
Ýurdumyz uglewodorod serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen eksport etmegiň täze ugurlaryny ösdürmäge, energetika baýlyklaryny sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek üçin peýdalanmaga möhüm ähmiýet berýär. Şeýle maksatlar bilen durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan taslamasy iri dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary tarapyndan goldanylýar. 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda gurluşygyna badalga berlen transmilli gaz geçirijisiniň kuwwatlylygy ýylda 33 milliard kub metre barabar bolup, onuň umumy uzynlygy 1 müň 840 kilometre deňdir.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, täze energetika geçirijisi diňe bir Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryny türkmen gazy bilen üpjün etmäge däl, eýsem, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmeginiň hem möhüm guraly bolmaga gönükdirilendir.
Innowasion önümçilik desgalary — ykdysady ösüşiň daýanjy
Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan dürli görnüşli nebit we gaz önümlerini öndürýän täze kuwwatlyklary kemala getirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Nebitgaz we himiýa senagatynda birnäçe täze iri desgalaryň ulanyşa berilmegi hem-de olaryň üstünlikli iş alyp barmagy dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, milli ykdysadyýetimiziň ösüş depgininiň gowşamazlygyna ýardam edýär.
2018-nji ýylda Gyýanlyda işe girizilen polietileniň we polipropileniň dürli görnüşlerini çykarmaga ýöriteleşdirilen polimer zawody şeýle desgalaryň biridir. 2019-njy ýylda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawodyň gurlup, ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ösüşine uly goşant boldy. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda ýakyn wagtda ýene-de iri taslamalaryň birnäçesini amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
Asylly başlangyçlar goldaw tapýar
Gymmat bolmadyk, ygtybarly, häzirki zaman energetika çeşmeleriniň elýeterliligi ähli ýurtlaryň okgunly ösmeginde aýgytlaýjy ähmiýete eýedir. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen «2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş babatda Gün tertibine» laýyklykda amala aşyrylýan tagallalar üçünji müňýyllygyň bu maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynda hem-de beýleki halkara forumlarda bu meseleler boýunça Türkmenistanyň garaýşyny yzygiderli beýan edýär. Milli Liderimiziň oňyn başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolup, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2013-nji ýylda kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakynda Kararnama bilen berkidildi.
2017-nji ýylda Garaşsyz döwletimiz Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda başlyklyk etdi we paýtagtymyz Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça forumlardyr halkara maslahatlaryň birnäçesi geçirilip, bu ugurda öňegidişlikler gazanyldy. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Energetika Hartiýasynyň Şertnamasy energetika serişdeleriniň söwdasy hem-de döwletara gaz we nebit geçirijiler, elektrik geçiriji ulgamlar arkaly olaryň üstaşyr iberilmegi bilen baglanyşykly çylşyrymly syýasy, ykdysady hem-de hukuk meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen ýeke-täk köptaraply ylalaşyk bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 23-nji awgustynda «Galkynyş» gaz känindäki nobatdaky guýularyň gurluşygyna badalga bermek dabarasynda belleýşi ýaly, häzirki döwürde 50 trillion kub metr möçberde kesgitlenen tebigy gazyň baý gorlaryna eýe bolan Garaşsyz döwletimiz Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryny bu gymmatly harytlyk çig mal bilen üpjün etmek baradaky garaýşyny yzygiderli öňe sürüp gelýär. Bu baýlyklary halkymyzyň we dünýäniň halklarynyň bähbidine netijeli ulanmak üçin köp işler amala aşyrylýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň ýeten derejesi milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de pajarlap ösjekdigine uly ynam döredýär. Hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasaty esasynda uglewodorod baýlyklarymyzyň netijeli peýdalanylmagy, halkymyzyň şu günki bagtyýar durmuşynyň, nurana geljeginiň binýadyny berkitmäge, Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, sebitiň ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri açýar.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/42923
Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».