Ýagtylyk bilen ýagşylyk paýlap

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde elektrik energetikasy pudagy ägirt uly ösüşleri-özgerişlikleri başdan geçirýär. Üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda rowaçlygyň röwşen ýoluna düşen ýurdumyzyň milli elektrik energetikasy pudagynda uly öňegidişlikler gazanylýar.

Elektrik energetikasy pudagy ýurdumyzyň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli goldaw-hemaýatlary netijesinde ähli sebitler bilen bir hatarda biziň welaýatymyzda hem täze, kuwwatly elektrik desgalary we beketleri gurlup, ulanmaga berildi. Milli maksatnamalarymyza laýyklykda elektrik geçirijileriň müňlerçe kilometri guruldy, hereket edýänleriniň durky täzelenildi. Muňa hut şu ýubileý ýylymyzyň başynda eziz Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen möhüm ähmiýetli desgalaryň birnäçesi bilen birlikde Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijiniň işe girizilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň öň ýanynda bolsa mähriban Arkadagymyzyň sahawaty bilen welaýatymyzyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan täze gazturbinaly elektrik stansiýasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi ildeşlerimizde uly buýsanç we şatlyk duýgusyny döretdi. Bu döwrebap desga Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurlan sekizinji elektrik stansiýasydyr. Gysga döwrüň içinde sekiz sany elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi-de pudagyň ýeten belent sepgitlerine göz ýetirmäge oňyn mümkinçilik döredýär. Çärjew etrabyndaky «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň ýanynda işe girizilen kuwwatly desgada Ýaponiýanyň we Türkiýäniň dünýä belli meşhur kompaniýalarynyň gazturbina enjamlaryndan peýdalanylýar. Täze desganyň ulanylmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň energoulgamynyň bellenilen kuwwatlylygy ýene-de 432 megawat artdy, öňden hereket edýän «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygy bolsa 581,2 megawata deň boldy.

Milli elektrik energetikasy pudagynyň kuwwatynyň has-da ýokarlanmagy ýurdumyzyň iri senagat toplumlaryny we köpsanly durmuş desgalaryny elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ony goňşy döwletlere ibermäge hem mümkinçilik berýär. Täze desga hem Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Özbegistana, Gyrgyz Respublikasyna we Owganystana elektrik energiýasynyň iberilişiniň möçberini artdyrmaga oňyn şert döredýär.

Ýagtylygyň we il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleriň üsti bilen tutuş dünýä ýagşylyk paýlamak hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän baş taglymatynyň esasyny düzýär. Ýagşy niýetler, aýdyň maksatlar, döwletli işler bolsa rowaçlyklara beslenip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy ýaly toý-baýramlarymyza utgaşyp, ýagty geljege ýol açýar.

Dünýägözel KERIMOWA,

welaýat häkimliginiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/42659