Durnukly ösüşleriň ýolunda

Ykdysadyýetiň gülläp ösýän ýerinde ýaşaýyş-durmuş ählitaraplaýyn özgerýär. Munuň şeýledigine Berkarar döwletimiziň mysalynda hem göz ýetirse bolýar. Türkmenistanyň ösüşleri durnukly häsiýete eýe bolýan kuwwatly ykdysadyýeti kemala geldi. Garaşsyz ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň işläp düzen ykdysady strategiýasyna laýyklykda öňe tarap ynamly gadam urýar. Bu guwandyryjy ýagdaýyň ýurdumyzyň senagat pudagyna hem degişlidigini bellemek aýratyn ýakymlydyr. Senagatdaky gazanylýan ösüşler ýurdumyzyň, şol sanda welaýatlaryň ykdysady-durmuş taýdan ösüşlerine uly itergi berýär, ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrýar, halkyň ýaşaýşyny täze derejelere göterýär. Milli Liderimiziň pudaklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasaty esasynda häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän senagat düzümleriniň döredilmeginiň il-ýurt üçin bähbitli bolandygyny Senagat işgärleriniň baýramynyň bellenilýän günlerinde buýsanç bilen belläsiň gelýär.

Geçen gysga döwrüň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşlere gönükdirilen ugrunyň üstünlikli ýöredilmegi netijesinde täze, döwrebap, halkara ölçeglerine laýyk gelýän kärhanalaryň uly topary guruldy, öňden barlarynyň durky täzelenildi. Pudakda diwersifikasiýalaşdyrmagyň esasy ýörelgesi daşarky we içerki bazarlaryň isleglerini düýpli öwrenmek bilen, ýurduň sarp ediş bazarynda importuň ornuny tutýan bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegine, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga uly üns berilýär. Türkmenistan ozal agrar ýurt bolanlygyndan bu gün senagat taýdan ýokary depginler bilen ösýän ýurda öwrülýär. Çig malyň senagat taýdan işlenilmeginiň ýola goýulmagy bolsa girdejileri artdyrmaga hem mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda täze önümçilikler döredilýär, şolaryň birisi — elektron we elektroniki harytlary öndürmek işiniň gerimi has giňedi. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy tarapyndan elektron hem-de elektrotehniki harytlary we kompýuterleriň dürli görnüşleri öndürilip başlandy. Eýýäm esli wagtdan bäri her ýyl ýurdumyzyň orta mekdeplerine birinji synpa okuwa baran körpelere niýetlenilen sowgatlyk kompýuterleriň şu kärhanada öndürilmegi örän buýsandyryjydyr.

Beýleki bir «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan smart telewizorlaryň, awtomatik enjamlaryň, yşyklandyryş gurallarydyr LED çyralaryň, elektrik energiýasyny ölçeýän enjamlaryň önümçiliginiň giňden ýaýbaňlandyrylmagy hem içerki bazaryň özümizde öndürilýän önümler bilen üpjün edilmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Senagat pudagynda ýeterlik derejede ösen gurluşyk materiallary senagatynyň hem emele gelmegi gurluşyk materiallarynyň we gurluşyk kärhanalarynyň hyzmatlarynyň importuny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berdi.

Welaýatymyzyň çäginde täze kärhanalaryň birnäçesi döredililip, täze iş orunlary hem peýda bolýar. Amyderýanyň sag kenarynda kuwwaty 1 million tonna önüm öndürmäge barabar bolan «Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgyrdakysynyň gurluşygynyň meýilleşdirilmegi bilen bu görkeziji has ýokarlanar. Keramiki-bezeg plitalaryny öndürmäge niýetlenilen hususy eýeçilikdäki kiçi zawodlaryň we beýleki ownukly-irili kiçi kärhanalaryň gurluşygy dowam edýär. Welaýatymyzda başga-da göz öňünde tutulýan gurluşyklar üçin zerur bolan önümleri öndürýän dürli kärhanalaryň ulgamy hem döredilýär. Olarda dünýäniň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyz çig mal ugradyjy ýurt bolanlygyndan dünýäde iri önüm öndüriji we taýýar önümleri eksport ediji ýurt derejesine hem eýe bolýar. Şeýle buýsandyryjy ýagdaýy ýeňil senagatda hem synlamak bolýar. Ýurdumyzyň diňe bir dokmaçylyk pudagynda hereket edýän döwrebap kärhanalaryň 70-den gowragynda «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly goýberilýän ýokary hilli önümleriň dürli görnüşleri içerki bazar bilen çäklenilmän, eýsem, dünýäniň çar ýanyna eksporta hem iberilýär. Biziň welaýatymyzda Türkmenabadyň pamyk egriji we pagta egriji, Halajyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji, Seýdiniň pagta egriji kärhanalarynda daşary ýurtlaryň iň kämil tehnologiýalaryndan peýdalanylýar. Olaryň güýji bilen öndürilen dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli önümler ABŞ, Germaniýa, Şweýsariýa, Türkiýe, Russiýa, Polşa, Beýik Britaniýa, Gyrgyzystan ýaly döwletlere eksport edilýär.

Ýurdumyzda senagatyň ösmegini üpjün edýän amatlylyklaryň köpelýändigi hem ykdysadyýetimiziň bähbidinedir. Olaryň iň esasylary ýol-ulag düzüminiň, howa we suw gatnawynyň kämilleşdirilýändigidir. Hut biziň welaýatymyzyň çäginde halkara howa menzilleriniň ikisi ulanylmaga berildi, bahasy ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollaryna barabar bolan Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy alnyp barylýar. Türkmenistanyň çäginden dünýäniň çar ýanyna gönükdirilýän ýollaryň taslamalarynyň ýene birnäçesi meýilleşdirildi. Olaryň durmuşa geçirilmegi hyzmatdaşlygyň çäginiň has giňejekdigini habar berýär. Diňe bir halkara awtomobil ýollarynyň taslamalarynyň amala aşyrylmagy netijesinde Aziýa ― Ýuwaş ummany sebitindäki hyzmatdaşlyk has ýygjamlaşar.

Bu gün Türkmenistan dünýä ýurtlaryna görelde bolarlyk iri taslamalaryň uly toplumyny durmuşa geçirýär, bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň islendik, şol sanda senagat pudagynda hem işleriň öňe ilerlemegine aýgytly täsirini ýetirýär.

Ilmyrat DÖWLETOW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/43045