Nebitgaz senagaty: wezipeler we sepgitler
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Körpeje» gaz çykaryş müdirligi gazy çykarmak, taýýarlamak we sarp etmek işini amala aşyrýar. Müdirligiň düzüminde önümçilik sehleriniň we ülüşleriň birnäçesi bar. Bu ýerde gaz çykaryş sehiniň esasy alyp barýan işi gazly guýulardan «mawy ýangyjy» bökdençsiz çykaryp, ony gaz taýýarlaýjy desgalara ýitgisiz eltmekden ybaratdyr. Sehde gazly guýularyň işleýşine yzygiderli gözegçilik edilip, wagtly-wagtynda degişli guramaçylyk-tehniki çäreler geçirilip durulýar. Guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak üçin zerur işler amala aşyrylýar.
Müdirlik tarapyndan özleşdirilýän hazynaly ýerleriň köpelmegi netijesinde işiň göwrüminiň artmagy bilen baglylykda, täze gazly guýulara edilýän hyzmatdaky kynçylyklary aradan aýyrmak maksady bilen, Çekişler meýdançasynda döredilen gazy çykaryş we taýýarlaýyş sehiniň zähmetsöýer işgärleri kärhananyň öňünde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu sehiň hasabynda «Çekişler» pes temperaturaly saýlaýjy desga bolup, ol bir gije-gündiziň dowamynda 5 million kub metr gazy taýýarlamaga ukyplydyr.
Hormatly Prezidentimiziň ýardamy netijesinde ulanyşa girizilen «Keýmir» gazlift kompressor stansiýasy «Keýmir» we «Akpatlawuk» nasos stansiýalarynda nebitden saýlanylyp, alawda ýakylýan ugurdaş gazy ýygnap, çykarylýan nebitiň mukdaryny artdyrmakda peýdalanmak üçin gazlifte bermek işini amala aşyrýar. Bu desganyň önümçilik kuwwaty bir gije-gündizde 2,5-3 million kub metr ugurdaş gazy ýokary basyşa çykarmaga ukyplydyr.
Önümçilik desgalarynda taýýarlanylýan önümiň takyk hasabyny ýöretmekde, olaryň işleýşini berk gözegçilikde saklamakda barlag-ölçeg abzallary we awtomatlaşdyryş sehiniň işgärleriniň goşandy uludyr. Müdirligiň Akpatlawuk abatlaýyş-sazlaýyş sehi Akpatlawuk, Keýmir we Çekişler meýdançalaryndan gazy ýygnamak, taýýarlamak we sarp edijilere ugratmak boýunça desgalar toplumynyň barlag-ölçeg abzallarynyň, awtomatika we elektroenergetika ulgamynyň bökdençsiz işlemegini üpjün edýär.
«Körpeje» gaz çykaryş müdirliginiň düzüminde hojalyk-hyzmat ediş ülşi bolup, ol uzak aralykdan gatnap işleýän işçiler üçin zerur şertleri üpjün edýär. Olaryň ýaşaýan ýerlerinde ähli amatlyklar bar.
Kärhanada işçileriň zähmet düzgün-tertibiniň talaplaryny berk berjaý etmekleri, önümçilik ýerleriniň howpsuz ýagdaýda bolmagy barada yzygiderli alada edilýär. Zähmet howpsuzlygy boýunça hemişelik hereket edýän iş toparynyň barlag tertibine laýyklykda, ýylyň dowamynda sehlerde we ülüşlerde barlaglar geçirilip durulýar. Ýüze çykarylan kemçilikleri gyssagly aradan aýyrmak boýunça çäreler görülýär. Işçiler ýörite egin-eşikler, gorag serişdeleri bilen wagtly-wagtynda üpjün edilip durulýar.
Ýylyň başyndan bäri müdirlik boýunça jemi 2 milliard 33 million 657 müň 643 kub metr «mawy ýangyç» çykaryldy. Işiň häzirki depgini işine ezber gazçylaryň ýyly üstünlikli jemlejekdiklerine şaýatlyk edýär.
Amanmyrat KIÇIGULOW,
«Balkan».