Häzirki bagtyýarlyk döwrümiziň belent maksatly menzillerinde durnukly ösüş üpjün edilýär. Ösüşli günlerimiziň her biri eziz Diýarymyzy taryhy ähmiýetli üstünliklere besleýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň beýik ösüşlere eýe bolýandygyna, amala aşyrylýan özgertmeleriň maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginde günsaýyn belent sepgitleri eýeleýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz berkarar Watanymyzyň häzirki döwürde has çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň hataryna goşulandygyny, şeýle buýsançly ösüşleriň ýurdumyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp üstünliklerimizdigini belleýär. Ýurdumyzda jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi biziň gazanan guwandyryjy netijelerimizdigini bellemek has-da guwandyryjydyr.
Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Özi hem şeýle beýik işler ylma esaslanyp, maksatlaýyn alnyp barylýar. Munuň özi ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň senagat kärhanalarynyň işini talabalaýyk guramaga ýardam berýär. Hususan-da, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ýangyç çeşmelerini rejeli peýdalanmak we ykdysady bähbitlere laýyk gelýän ugurlary kesgitlemek boýunça ýörite işlenip taýýarlanan meýilnama laýyklykda, bu ugurda öňde goýlan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işleriň netijesinde ýurdumyzyň sebitleriniň senagat pudagynyň köp ugurlar boýunça ösdürilmegi, bar bolan pudaklaryň döwrebap ýagdaýa getirilmegi bilen, jemi içerki önümiň düzüminde senagat önümleriniň paýyny artdyrmak mümkin boldy.
Ylmyň iň täze gazanan üstünlikleri önümçilige ornaşdyrylýar, önümçilik kuwwatlyklary ýokarlanýar. Täze önümleriň görnüşleri artýar, importy çalyşmaga ukyply we eksporta niýetlenen önümleri öndürmäge döwletiň içinde we halkara derejesindäki uly möçberli iri taslamalary amala aşyrmaga oňyn we zerur şertler döreýär. Bu bolsa eziz Diýarymyzyň senagat taýdan ösen ýurda öwrülendigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Günsaýyn ösüş-özgerişlere beslenýän eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän her bir iş diňe adam üçin, adamyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da ýokary götermek üçin, jemgyýetiň kadaly we durnukly ösüşini üpjün etmegi gazanmak üçin amala aşyrylýar. Raýatlaryň kadaly durmuş üpjünçiligi, saglygy, bilim almagy, dynç almagy ýaly möhüm ugurlary öz içine alýan meselelerde ýokary şertler döredilýär.
Diýarymyzyň çar künjeginde ulanylmaga berilýän fabrikler we zawodlar, mekdepler, saglyk öýleri, ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalar hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan oňyn özgertmeleriniň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanýandygyny, halkyň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlanýandygyny aňladýar. Şol bir wagtda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylyp durulmagy hem ilatyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna oňaýly täsirini ýetirýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy aýratyn nygtalýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde iň gymmatly hazynanyň adam bolup, raýatlarymyzyň parahat, abadan durmuşda ýaşamagy, erkin zähmet çekmegi, işlemegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle bagtyň eziz Diýarymyzyň mähriban halkyna miýesser etmegi ruhumyzy has-da belende göterýär. Hut şonuň üçin hem bu günki gün ýurdumyzyň her bir raýatynyň döwrüň belent ruhy bilen sazlaşykly urýan ýüreginde Gahryman Arkadagymyza buýsanç bar.
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.