Eziz Watanymyz garaşsyz ösüş döwründe dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna girmek bilen, bazar gatnaşyklaryna esaslanýan üstünlikli ykdysady syýasaty alyp barýar. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň baý tebigy baýlyklaryny, zähmet serişdelerini rejeli ulanmaga, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen oýlanyşykly, takyk hasaplamalara esaslanyp alyp barýan ykdysady syýasatynyň netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, has takygy ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat, oba hojalyk, gurluşyk, söwda pudaklary bilen bir hatarda hususy telekeçilik, dokma pudaklarynda hem uly ösüşler gazanylýar. Gazanylýan bu uly üstünlikler döwletimiziň maliýe-ykdysady taýdan durnukly we sazlaşykly ösýändigini, önümçilik kuwwatlarynyň has-da berkeýändigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek, maýa goýum çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, iri taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak, maýa goýumlaryny durmuş we inženerçilik düzümine goýmak türkmen döwletiniň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Onuň netijesinde häzirki wagtda Türkmenistanda berk maýa goýum kuwwaty bolan netijeli ykdysady ulgam döredildi.
Türkmenistanyň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetini kemala getirmek ýurdumyzy durnukly ösdürmegiň, ýokary durmuş derejesine çykarmagyň strategik ýoly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 8-nji oktýabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisinde eksportyň möçberiniň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 20 göterime golaý artandygyny, iň esasy zadyň bolsa, eksportyň möçberiniň, ýangyç-energetika serişdeleri hasaba alynmanda, 50 göterime golaý artandygyny bellemegi milli ykdysadyýetiň guwandyryjy üstünligidir.
Türkmenistanyň maýa goýum syýasaty öňde duran strategik wezipeleri çözmäge gönükdirilip, ykdysadyýetiň pudaklaýyn we pudagiçi gurluşyna täsir etmegiň baş guraly bolup durýar. Ykdysadyýeti mundan beýläk hem diwersifisirlemek, maýa goýum we işewürlik işjeňligini ýokarlandyrmak, täze iş ýerlerini döretmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Maýa goýum syýasatynyň baş maksady bolup ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Prezident Maksatnamasynda görkezilen strategik maksatlaryny we wezipelerini durmuşa geçirmegiň serişde üpjünçiligi çykyş edýär. Şu maksada ýetmek we maýa goýum maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmek üçin ýurtda amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek boýunça çäreler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz öňde duran wezipeleriň hatarynda 2022-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamaga we tassyklamaga hem aýratyn ünsüň berilmelidigini görkezdi.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, milli ykdysadyýete daşary maýa goýumlarynyň çekilmegi babatynda alyp barýan işleri hem köpugurlydyr. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, syýasy taýdan durnuklylyk, döredijilikli daşary syýasat strategiýasy, baý çig mal serişdeleri we ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi Türkmenistana daşary ýurt maýalarynyň çekilmegini üpjün edýän oňyn şertlerdir. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, ýakyndaky we alysdaky döwletler bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, Türkmenistan üçin täze sarp edijileriň bazarlaryny açmaga oňyn şertleriň döredilmegi biziň ýurdumyzda işlemek isleýän daşary ýurt maýa goýujylaryň gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar.
Bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti ösdürmekde ýerli serişdeleriň esasynda innowasion önümçilikleri döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň, olary döretmäge maýa goýum serişdelerini gönükdirmegiň hasabyna dünýä bazarlaryna çykmaga mümkinçilik alan senagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklaryna esasy orun degişlidir. Öňdebaryjy enjamlar we täze tehnologiýalar görnüşinde bu ulgama daşary ýurt serişdelerini çekmek möhüm ugur bolmagynda galýar, ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin strategiki ähmiýeti bolan milli senagat taslamalaryny çalt özleşdirmek zerur bolup durýar.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ähli ugurlarda bolşy ýaly, milli ykdysadyýetde ägirt uly ösüşler gazanylýar. Bu guwandyryjy netijeleri geçirilýän milli we halkara sergilerde hem aýdyň görmek bolýar. Şu ýylyň 9-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyryp, Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralan Türkmenistanyň milli gününe gatnaşmagy döwrümiziň möhüm ähmiýetli wakalarynyň birine öwrüldi. Garaşsyz Watanymyzyň bölüminde mowzuklaýyn toplumlaryň dokuzysy bezelip, milli ösüşimiziň esasy ugurlary görkezilýär. Bu iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi özara gatnaşyklaryň ösdürilýändigine, maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändigine şaýatlyk edýär. Şolaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki garyşyk mineral dökünleri öndürýän himiýa zawodynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda karz Ylalaşygy hem bar. Bu bolsa ýurdumyzyň senagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklaryna daşary ýurt serişdelerini çekmek işleriniň netijeli häsiýete eýe bolýandygyna ýene bir gezek şaýatlyk edýär. Milli ykdysadyýetimiziň maýa goýum çekijiligini ýokarlandyrmak işinde maýa goýumlary höweslendirmegiň täze, kämil, ýagny maýadarlaryň ünsüni belli bir sebitlere ýa-da innowasiýalar merkezlerine däl-de, eýsem ýurdumyzyň her bir kärhanasyna gönükdirilmegini üpjün edýän çäreleriň geçirilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr.
Innowasion häsiýetli önümçilikleriň döremeginde ösen döwletleriň abraýly kompaniýalarynyň tehniki enjamlary we tehnologiýalary, işleri gurnaýyş tejribeleri aýratyn ähmiýete eýe bolýan ugurlardyr. Munuň esasynda, ýurdumyza diňe bir maýa goýum çekmän, eýsem taýýar tehnologiýalary çekmäge, döwrebap tehnologiýalardan baş alyp çykýan ýokary hünärli hünärmenleri, inžener-tehniki işgärleri taýýarlamaga uly üns gönükdirilmegi esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de pajarlap ösmegi ugrunda maksatlaýyn işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli tagallalarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Abdy ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.