Aleksandr PETROW,
«Wozroždeniýe» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň direktory:
— Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara sergä gatnaşýandygymyza örän şat. Biziň kompaniýamyz Aşgabat şäherindäki gurluşyk taslamalaryna indi ençeme ýyldan bäri işjeň gatnaşyp gelýär. Häzirki wagtda kompaniýa türkmen paýtagtynyň günorta böleginde, Köpetdagyň eteginde sil suwlaryny toplaýjy ulgamyň gurluşygyny alyp barýar. Bu taslamanyň netijesinde, sil suwlary bitewi ulgam arkaly toplanylyp, «Altyn Asyr» Türkmen kölüne akdyrylýar. Biz bu gurluşyk taslamasyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramyna ajaýyp sowgat hökmünde doly tamamlamagy meýilleşdirýäris. Biziň kompaniýamyzyň amala aşyrýan taslamasy Aşgabat şäheriniň ekologiýa ýagdaýyna täsirini ýetirip, sil suwlarynyň netijeli ulanylmagyna ýardam eder. Türkmen paýtagtyny mundan beýläk hem ösdürmek we abadanlaşdyrmak işlerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirýärin.
Goý, merjen şäher Aşgabat güllesin, gül açsyn! Baýramyňyz gutly bolsun!
Gülruh HAJYÝEWA,
«Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni:
— Paýtagtymyzyň ýeten ykdysady, durmuş derejesiniň özboluşly görkezijisi bolup durýan serginiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýändigini oňa gatnaşanyňda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ak şäherimiz Aşgabadyň gününe bagyşlanyp geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara sergä kärhanamyzda öndürilýän gurluşyk harytlaryny getirdik. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda baş şäherimiziň keşbi günsaýyn özgerýär, paýtagtymyzy ösdürmegiň barşynda täze taslamalar durmuşa geçirilýär. Şol taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde ýurdumyzyň telekeçilerine hem uly orun berilýär. Şu serginiň dowamynda hem ýurdumyzyň hususyýetçileriniň diwarlyklaryna, sergi meýdançalaryna uly orun berlipdir. Toý gününde geçirilýän şular ýaly sergiler diňe bir baýramçylyk ruhuny götermän, eýsem, täze hyzmatdaşlaryň döremegi, hödürlenilýän täze önümler we hyzmatlar barada hem tanyşmaga amatly mümkinçilikleri döredýär.
Goý, ýurdumyzy we onuň mermer paýtagtyny ösdürmekde telekeçileriň öz goşantlaryny goşmaklary üçin giň şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, işleri rowaç bolsun!