16-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda hem-de welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleriniň sebitlerde alnyp barylýan işler baradaky hasabatlaryny diňledi. Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn taýýarlyk işleri, ýetişdirilýän galla hasylyny gysga wagtda ýygnap almak maksady bilen, welaýatda guramaçylyk toparynyň döredilendigi barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň gowaça meýdanlarynda degişli ideg işleri batly depginde dowam edýär. Ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şol bir wagtyň özünde welaýatda pile öndürmek boýunça alnyp barylýan işler talabalaýyk dowam etdirilýär.
Welaýat häkimliginde we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarda sanly ulgamy ornaşdyrmak işleri talabalaýyk derejede ýerine ýetirilýär. Häkim ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda dürli maksatly desgalaryň we binalaryň gurluşygy, şol bir wagtyň özünde inženerçilik desgalaryny gurmak, ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hem hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, galla oragyna görülýän taýýarlygyň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, orakda işlediljek oba hojalyk tehnikalarynyň, kabul ediş bölümleriniň, terezileriň, awtoulaglaryň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şol bir wagtyň özünde tabşyrylýan galla hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmek işine ýokary derejede taýýarlyk görülmelidir.
Döwlet Baştutanymyz welaýatyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň depginini has-da güýçlendirmegiň wajypdygyny belläp, bu işleriň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, zerur bolan ähli agrotehniki çäreleriň ýokary hil derejesinde geçirilmeginiň wajypdygy aýratyn nygtaldy. Pile öndürmek boýunça alnyp barylýan işleriň bildirilýän talaba laýyk gelmeginiň häzirki döwrüň esasy wezipesidigine üns çekildi.
Hormatly Prezidentimiz welaýat häkimliginde we beýleki ugurdaş düzümlerde sanly ulgamy ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de bu işleriň häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda ýola goýulmalydygyny aýtdy. Şeýle-de welaýatyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, olarda ýokary hil derejesini üpjün etmek we medeni-durmuş hem-de önümçilik maksatly desgalary bellenilen möhletlerde ulanmaga bermek meselelerini yzygiderli üns merkezinde saklamak tabşyryldy.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli tutumlarynda uly rowaçlyklary arzuw etdiler.
Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, maslahaty jemledi we uly üstünlikleri nazarlaýan “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda bellenilen meýilnamalaryň, maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.
«Balkan».