Ilatyň bagtyýar ýaşaýşy üçin

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasyna» laýyklykda welaýatymyzda binalaryň we desgalaryň 222-si guruldy. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hasabatlarynda aýdylýar. 

                                                                   

Ilat arasynda «Oba milli maksatnamasy» diýen at bilen meşhurlyk gazanan bu maksatnama Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2007-nji ýylda kabul edilip, üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar.  

                                                                   

Hasabatlaryň hem görkezişi ýaly, 2022-nji ýylyň 1-nji maýy ýagdaýyna görä, Maksatnamanyň hereket edip gelýän 15 ýylynyň dowamynda ýurdumyzda gurlan 70 hassahananyň 11-si welaýatymyzyň dürli şäherlerinde we etraplarynda bina edildi. Şu döwürde ýurdumyz boýunça saglyk öýleriniň 146-sy gurlan bolsa, häzirki wagtda şolaryň 38-si Gündogar sebitiň ýaşaýjylaryna hyzmat edýär. 

                                                                   

Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda bilim we terbiýeçilik edaralarynyň ymaratlarynyň hem köpsanlysy guruldy. Maksatnamanyň kabul edilen günlerinden şu ýylyň 1-nji maýyna çenli ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 258-si açylyp, ulanylmaga berildi. Şolaryň 68-si welaýatymyzda täze açylan çagalar baglarydyr. Şeýle hem ýurdumyzda täze gurlan 251 mekdebiň 40-synda welaýatymyzyň ýaş nesillerine bilim berilýär. 

                                                                   

Maksatnamanyň çäginde gurlan medeniýet öýleriniň hem dörtden bir böleginiň welaýatymyzda ýerleşýändigini bellemek ýerlikli bolar. Has takygy, bu Maksatnamanyň çäginde ýurdumyz boýunça 76 sany medeniýet öýi açylyp, ulanylmaga berildi. Şolaryň 17-siniň welaýatymyzyň dürli etrap-şäherlerinde açylandygyny aýtmak guwandyryjydyr. 

                                                                   

Welaýatymyzda gurlan we häzirki wagtda hyzmat edýän durmuş-medeni maksatly desgalaryň sanawyna sport mekdepleriniň 32-sini (ýurdumyz boýunça 115) we sport desgalarynyň 16-syny hem (ýurdumyz boýunça 73) goşup bileris. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan möhüm binalaryň gurluşyk işleri üstünlikli dowam etdirilýär. Ýakynda geçirilen Hökümet mejlisleriniň birinde habar berlişi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31-nji ýylynda ýurdumyzda önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 52-sini açyp, ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şolaryň bir bölegi biziň welaýatymyzda dowam edýän we gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam goýan binalardyr. 

                                                                                                           

Agageldi  ITALMAZOW