Merjen şäheriň okgunly ösüşleri

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow:
 

                                                                   

 — Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin guwandyryjy wakalaryň biridir. Şu mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi. 

                                                                   

Düýn paýtagtymyzyň çäginde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli indi ençeme ýyl bäri geçirilýän bu sergä «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem uly ruhubelentlik bilen badalga berildi. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda batly depginler bilen ösýän ýurdumyzyň baş şäheri hemmetaraplaýyn belent sepgitlere eýe boldy. Häzirki wagtda Aşgabat Merkezi Aziýanyň parahatlyk merkezine, köpugurly halkara derejeli çäreleriň, maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Muny şu günki gözden geçirilişiň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. 

                                                                   

Nobatdaky köpugurly halkara sergä gatnaşyjylar ir säher bilen Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdança ýygnandylar. Olaryň hatarynda hökümet agzalary, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkmen telekeçileri we daşary ýurtly işewürler, myhmanlar we paýtagtymyzyň köpsanly ýaşaýjylary bar. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Gutlagda bellenilişi ýaly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylda geçirilýän halkara sergide Aşgabadyň ajaýyp keşbi, gaýtalanmajak gözelligi, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki möhüm ugurlarda ýeten belent derejeleri öz beýanyny tapýar.  

                                                                   

Şeýle hem, bu sergi paýtagtymyzyň mundan beýläkki ösüşlerini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işlere nobatdaky badalga bolup hyzmat eder. Çünki köpugurly häsiýete eýe bolan bu forum ak şäherimiziň hemmetaraplaýyn ösüşlerini açyp görkezmeklige we bu ugurdaky işleri hem-de gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmaga niýetlenendir. Joşgunly aýdym-sazly çykyşlar dabara gatnaşyjylaryň ruhubelentligini goşalandyrdy. 

                                                                   

Soňra myhmanlar Söwda-senagat edarasynyň giň zalynda guralan sergi meýdançasyna geldiler. Bu serginiň köpugurly aýratynlygynyň giň gerime eýedigini bellemek gerek. Sergi zalynda ýerleşdirilen diwarlyklarda gurluşyk, energetika we senagat, nebitgaz, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, dokma senagaty we halyçylyk, obasenagat, telekeçilik, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk, neşirýat, ýaly pudaklarynyň ençemesiniň alyp barýan işleri, durmuşa geçirýän maksatnamalary giňişleýin açylyp görkezilipdir.  

                                                                   

Halkara köpugurly serginiň çäklerinde tanyşdyrylyş we haryt öwreniş çärelerine, işewürlik duşuşyklaryna, özara gepleşiklere giňden orun berildi. Munuň özi hyzmatdaşlygyň köp ugurlary, şol sanda Aşgabat şäherine täze maýa goýumlary we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmekde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant boldy. 

                                                                                                           

Oguljennet PAŞYKOWA,

                       

«Aşgabat».