2022-nji ýylyň dört aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri
- Şu ýylyň geçen dört aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, Garaşsyz döwletimiziň bellenen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýändigini görkezdi. Ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde köp sanly senagat we durmuş maksatly desgalar guruldy hem-de gurulmagy dowam edýär. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde importy çalyşýan harytlary özümizde öndürmegiň, eksporta iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmagyň döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly ulgama geçmegi we ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegi amala aşyrylýar. Ylym we bilim ulgamlaryny özgertmek hem dowam edýär. Önümçilikler döwrebap ýagdaýa getirilip, bazar ykdysadyýeti emele gelýär. TOP elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Beýleki halkara taslamalary hem taýýarlanylýar.
- Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň dört aýynyň dowamynda Milli Geňeşiň Mejlisinde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 16-sy we Mejlisiň Kararlarynyň 12-si kabul edildi. Hereket edýän kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly hem-de ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynyň hukuk esaslaryny goldamaga gönükdirilen kanunlary kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirildi. Mejlisiň deputatlary döwletiň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny, ruhy gymmatlyklary we milli däpleri, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etdiler.
- 2022-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Milli Geňeşiň Halk Maslahaty tarapyndan ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny okgunly ösdürmek maksady bilen, hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn netijeli işler alnyp baryldy. Halk Maslahatynyň Karary esasynda hukuk-bilermenler topary döredildi. Häzirki wagtda bu topar hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak işini alyp barýar. Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň bäşinji mejlisinde Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan kabul edilen kanunlar ara alnyp maslahatlaşyldy we biragyzdan makullanyldy.
- Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda durnukly ösüş üpjün edilýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterime deň bolmagy munuň aýdyň tassyknamasydyr. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,2 göterim artdy. Şu ýylyň dört aýynyň jemleri boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim artdy. Ýurdumyzda özara bähbitli we giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi eksportyň we importyň artmagynyň hasabyna geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 42,5 göterim ýokarlandy. 2022-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegini ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 104,7 göterime, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 98 göterime deň boldy. Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 79,7 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 10,4 göterim köpeldi. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda tölenildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 6,2 milliard manada deň boldy.
- «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça nebit çykarmagyň meýilnamasy 100,6 göterim ýerine ýetirildi. Şu döwürde nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 111,4 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 120,6 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 115,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 118,6 göterim, çagly ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 107 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 106,7 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 111,1 göterim, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnama 121,9 göterim ýerine ýetirildi.
- Oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň möçberiniň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 112,5 göterime, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 113,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,8 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 105,0 göterime barabar boldy.
- Hasabat döwründe gurluşyk-senagat toplumynda önümleri öndürmek hem-de işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 151,4 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasyna 112,6 göterim amal edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasyna 170 göterim hötde gelindi. Ýylyň başyndan bäri Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 133,6 göterim berjaý edildi.
- Ýanwar-aprel aýlarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüşi 110,1 göterime, öndürilen önümleriň ösüşi bolsa 105,8 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 133,1 göterime, nah matalaryň önümçiligi 125,9 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 119,5 göterime, gön önümleriniň önümçiligi 109,3 göterime barabar boldy. Şu ýylyň başyndan bäri «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 117,5 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe birža söwdalarynyň 99-sy geçirilip, 11 müň 822 şertnama hasaba alyndy. Ýanwar-aprel aýlarynda Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 104,1 göterim üpjün edildi. Hasabat döwründe sergileriň 5-si we maslahatlaryň 13-si geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň dört aýynda oba hojalyk hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüşi 166,5 göterime we senagat önümlerini öndürmegiň ösüşi 107,5 göterime barabar boldy.
- 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryny dabaralandyrmak maksady bilen geçen dört aýda Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda maslahatlar, döredijilik duşuşyklary we sergiler guraldy. Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde sanly ulgam arkaly dürli çäreler geçirildi. Ýurdumyzyň hünärmenleri birnäçe halkara onlaýn-maslahatlaryna, okuwlara, beýleki çärelere we halkara sergilerine gatnaşdylar. «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde» atly halkara ylmy duşuşyk, şeýle hem BMG-niň yglan eden «Şäherdäki agaçlar» atly başlangyjyny bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň gelip gowuşmagy mynasybetli dabara, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda haryt öndürmegiň möçberi 41 million 24 müň manatlyga deň boldy. «Galkynyş» kitap merkezi ýurdumyzyň kitaphanalaryny dürli görnüşli kitaplar bilen üpjün etmek işlerini dowam etdi.
- Ýanwar-aprel aýlarynda ýurdumyzyň bilim-terbiýe işlerini kämilleşdirmek ugrunda zerur tagallalar edildi. Okuw ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Köp sanly okuw gollanmalary neşir edildi. Bilimiň ýokary hilini üpjün etmek we ony dünä ülňülerine laýyk getirmek üçin sanly bilimi ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp baryldy. Hasabat döwründe Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň II açyk halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Şeýle hem halkara guramalaryň wekilleri bilen onlaýn görnüşinde duşuşyklar, daşary ýurtlaryň hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri bilen okuw-usulyýet maslahatlary guraldy. Ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça işler dowam etdirildi. Buýan köküni gaýtadan işläp, glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň gurluşygyna badalga berildi. Şeýle hem Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 – 2025-nji ýyllar üçin milli maksatnama tassyklandy. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk Köpugurly hassahana ulanmaga berildi. Şu ýylyň geçen döwründe iri halkara ýaryşlaryna türgenleri taýýarlamak boýunça degişli işler amala aşyryldy. Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek ХХХIII Tomusky Olimpiýa we ХVII Tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamagyň maksatnamasy tassyklanyldy we bu ugurda degişli işler ýerine ýetirildi.
- Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 113,1 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 115 göterim we ýük dolanyşygynyň meýilnamasy 107,1 göterim ýerine ýetirildi. «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 116,2 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça – 137,8 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça – 103,7 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça – 107 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 108 göterime barabar boldy.
- 2022-nji ýylyň ilkinji dört aýynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara hem-de sebit guramalaryň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda degişli işler alnyp baryldy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki saparlara hem-de duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Fewral aýynyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda boldy. Hasabat döwründe sanly ulgam arkaly «Merkezi Aziýa-Hytaý» hem-de «Merkezi Aziýa-Hindistan» sammitleri geçirildi. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly 23-nji aprelde IV Aziýa-Ýuwaş ummany suw sammitine gatnaşdy. Geçen aýyň başynda Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanda resmi sapar bilen boldy. Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-hindi gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen birlikde, aprel aýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iş saparynyň bolandygy bellenildi. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 391-si geçirildi. Türkmenistanda şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen resmi gepleşikleriň we duşuşyklaryň 78-si guraldy. Bitarap Watanymyzyň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýylyň başyndan bäri resminamalaryň 20-sine gol çekildi.
* * *
Ministrler Kabinetiniň 6-njy maýda 2022-nji ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine ser salnyp, geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň ugurlaryna bagyşlanan maslahatlar geçirildi. Maslahatlaryň barşynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen şygar astynda geçýän ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy hem-de döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlary kesgitlenildi.