Durnukly ykdysady ösüşiň möhüm ugry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň netijesinde, milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak arkaly durnukly ykdysady ösüşi üpjün edilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň durnukly ösüşini has-da pugtalandyrmakda ykdysadyýetiň sanly gurşawyny ornaşdyrmagyň uly ähmiýeti bardyr. Çünki ýurdumyzyň ösüşini häzirki zaman bazar ykdysadyýeti şertlerinde sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmazdan göz öňüne getirmek mümkin däldir. Ýurdumyzda döwrebap sanly ulgamynyň ornaşdyrylmagy, ilki bilen ilatyň maddy-hal ýagdaýyny gowulandyrmakda, ýokary depginli ykdysady ösüşiň üpjün edilmeginde hem-de işewürleriň dünýä bazaryndaky eýeleýän ornuny pugtalandyrmagynda möhüm ähmiýete eýedir.  

                                                                   

Bu gün ykdysady nazaryýetde we dürli döwletleriň ykdysady işjeňliginde «sanly ykdysadyýet» diýen düşünje has ýokary derejä çykýar. Has dogrusy, bu düşünje, sanly tehnologiýalaryň ýokary depginli ösmegi, maglumat giňişliginiň döwrebaplaşmagy we ykdysadyýetiň globallaşma hadysasynyň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. 

                                                                   

Sanly ulgamyň ösmegi bazar subýektleriniň işjeňliginiň sanly görnüşe geçmeginiň iň wajyp ýagdaýy hasaplanylýar we öz gezeginde, jemgyýetiň institusional gurluşyna hem özüniň täsirini ýetirýär. Netijede jemgyýetçilik ösüşini gazanmak üçin täze usullara we çeşmelere zerurlyk ýüze çykýar. Şol usullaryň biri hem sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakdyr. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýet – bu ykdysadyýetiň täze görnüşi bolup, ol maglumatlaryň ulalýan göwrüminiň toplumyny döretmek, işläp geçmek, saklamak, ibermek we peýdalanmak bilen bagly gatnaşyklaryň jemidir. Sanly ykdysadyýetiň esasy düzüm bölekleri bolup, olar sanly elektron söwda, sanly internet-banking, sanly elektron tölegler, sanly internet-marketing, sanly hyzmatlar ulgamydyr. 

                                                                   

Sanly elektron söwda – bu internet ulgamynyň üsti bilen amala aşyrylýan maliýe amallaryň we geleşikleriň dowamynda bolup geçýän harytlaryň we hyzmatlaryň alyş-çalşygy we pul serişdeleriniň geçirimleri bolup durýar.  

                                                                   

Sanly internet-banking bolsa bank hasaplaryna we olar bilen geçirilýän bank amallaryny aralykdan ýerine ýetirip bilýän, internet ulgamyna islendik wagt girip bilýän enjamlaryň bank hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalaryň jemidir. 

                                                                   

Sanly elektron tölegler diýlip, harytlaryň alyş-çalşygy we hyzmatlaryň internet ulgamynyň üsti bilen satyn alynmagy netijesinde, maliýe guramalaryň, işewür edaralaryň we internet ulgamyny ulanyjylaryň arasynda bolup geçýän hasaplaşyklaryň ulgamydyr. 

                                                                   

Sanly internet-marketing müşderilere harytlary we hyzmatlary satmak, olar bilen gatnaşyklary gurnamak maksady bilen adaty marketingiň ýörelgeleriniň internet giňişliginde ulanylmagy bolup durýar. Sanly internet-marketing elektron täjirçiligiň düzüm bölegidir. Oňa onlaýn-marketing diýlip hem aýdylýar. Sanly internet-marketing internetiň dünýä ýaýramagy bilen uly meşhurlyga eýe boldy. 

                                                                   

Ylmy-tehniki progresiň tiz ösmegi we täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar hojalyk subýektleriň işjeňligine oňyn täsir edýär. Tehnologiki öňegidişlikleriň ýokarlanmagy diňe hojalyk subýektleriň sanly elektron resminama dolanyşygynyň hyzmatlarynyň ýöredilmegini tizleşdirmän, eýsem, olaryň işjeňliginiň, görnüşlerini hem artdyrmaga özüniň täsirini ýetirýär. 

                                                                   

Häzirki döwürde islendik ýurduň ösüşi ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenilýär. Sanly ulgam ösen döwrebap innowasion sanly tehnologiýalaryň çaltlyk bilen ösýän döwründe özboluşly aýratynlyga eýedir. Sanly elektron ulgamyndaky okuw-usuly toplum bilim berlişiniň dürli basgançaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly peýdalanylýar.  

                                                                   

Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmeginde we barha kuwwatlanmagynda ýaşlaryň aň-düşünjeli, oýlaptapyjy, dörediji we gurujy intellektual bolup ýetişmekleri döwrüň möhüm talabydyr. 

                                                                   

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlary döwrebap terbiýeläp ýetişdirmäge, netijeli zähmet çekmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna döredýän giň mümkinçilikleri we ýaşlary döwrebap okatmakda, geljekde hünär ussatlary bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan aýratyn edilýän aladalar üçin Arkadagly Serdarymyza sagbolsyn aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris. 

                                                                                                           

Annamyrat Altyýew,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.