Aýdyň maksatlar bilen röwşen geljege

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Tutumly başlangyçlaryň netijesinde ykdysadyýetiň durnukly ösüşi üpjün edilip, döwrebap önümçilik we durmuş infrastrukturasy döredilýär. Bazar ykdysady şertlerinde Türkmenistan dünýäniň ýokary depginler bilen ösýän döwletleriniň sanawynda mynasyp orun aldy. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde 2021-nji ýylyň jemi jemlenildi we täze wezipeleriň üstünde durlup geçildi. Mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan geljek 30 ýyllyk ösüşi öz içine alýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu barada şeýle belleýär: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022  — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ösüşler bilen öňe tarap hereket etmegiň täze badalgasydyr. Bu maksatnama biziň geljegimiziň kepilidir. Döredip, gurup bilýän millet hökmünde bütin dünýäde halkymyzyň mertebesini has beýgeltjek ösüş ýoludyr». 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns merkezinde bolan bu Milli maksatnamada bazar ykdysadyýeti şertlerinde ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmegiň halkara we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak arkaly durnukly ösüş depginlerini saklamak ýörelgesinden ugur alynýar. 

                                                                   

Maksatnamada ylmy-tehniki ösüşe uly ähmiýet bermek bilen bir hatarda, uzak möhletli döwürde öňde goýlan belent sepgitlere ýetmek ugrunda ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýalaryny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Ähli pudaklary döwrebaplaşdyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, öňdebaryjy dünýä tejribesini, ylmyň gazananlaryny pudaklara ornaşdyrmak, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak, önümçilik mümkinçiliklerini kämilleşdirmek, senagatlaşdyrmak arkaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň görnüşlerini artdyrmak, hususy işewürleriň netijeli hereket etmegini gazanmak üçin toplumlaýyn çäreler hem göz öňünde tutulandyr. Şeýle-de, oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmek we dolandyrmak, önümleriň möçberini artdyrmak, olaryň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini azaltmak hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça anyk işler meýilleşdirilendir. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän uly mümkinçilikleri ýurdumyzda sarp edilýän harytlaryň önümçiliginiň ýylsaýyn artdyrylmagyny şertlendirýär. Döwlet tarapyndan berilýän uly goldawlaryň netijesinde, ýokary hilli, daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümler öndürilip, haryt bolçulygy üpjün edilýär, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümleriň öndürilýän möçberleriniň artdyrylmagynyň hasabyna import azaldylyp, eksport önümleriň möçberleri yzygiderli ýokarlandyrylýar. 

                                                                   

Ýurdumyzda kiçi, orta we iri telekeçiligiň ösdürilmegi baradaky tagallalaryň, hemaýat-goldawlaryň netijesinde, ykdysadyýetiň hususy böleginde innowasion tehnologiýalara daýanýan senagat, oba hojalyk we gurluşyk kärhanalaryny özünde jemleýän telekeçiler gatlagy emele geldi. Hususy bölegi döwlet tarapyndan goldamagyň hukuk binýady we hojalyk ulgamy döredildi. Ýeňillikli karzlaşdyrmak işi ýola goýlup, eksporta gönükdirilen we importuň ornuny tutýan önümçilikler peýda boldy. Şeýlelikde, senagatda, gurluşykda, oba hojalyk toplumynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy amala aşyrylyp başlandy. 

                                                                   

Milli maksatnamada ykdysadyýetiň pudaklary boýunça 2022 — 2052-nji ýyllarda gurulmagy we durky täzelenmegi meýilleşdirilýän esasy önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň sanawy bilen bir hatarda, «Oba milli maksatnamasyndaky», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndaky» görkezijiler hem öz beýanyny tapýar. 

                                                                   

Maksatnama milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna innowasion tehnologiýalary, halkara tejribeleri ornaşdyryp, elektron resminama dolanyşygyny, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen «akylly öý» ulgamyny ornaşdyrmak arkaly şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak wezipelerini hem öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, maksatnamada ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamalaryna laýyklykda tapgyrlaýyn ýerine ýetirilmeli çärelere-de uly orun berlipdir. 

                                                                   

2022-nji ýylda üstünlikleriň binýady berkden tutulýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi jemi içerki önümiň ösüş depginini geljek 30 ýylda ösdürmäge oňyn itergi berýär. Şeýle hem, ykdysadyýetiň pudaklarynyň senagatlaşdyrylmagyna, elektron senagatynyň ornunyň ýokarlanmagyna, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine we kämilleşdirilmegine getirýär. Ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanyp, dünýä bazarlaryna aralaşmagy üçin hem täze mümkinçilikleriň döredilmegine oňaýly ýardam berýär. 

                                                                   

Goý, ýurdumyzy beýik ösüşler bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik başlangyçlary hemişe rowaç bolsun!  

                                                                                                           

Jumageldi SALAMOW,

                       

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.