Halkara forum: ýetilen sepgitler we täze mümkinçilikler

Uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän taraplaryň köpelmegi ýurdumyzda deňhukukly we özara bähbitli esasda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň barha ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 29-njy martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň öz işine başlamagy hem bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklaýar.  

                                                                   

Halkara forumy «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guradylar. Dünýäniň onlarça döwleti bilen onlaýn tertipde geçirilen bu çäräniň baş maksady ýurdumyzyň energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek we ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurtlaryň maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça gatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr. Onuň işine ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň, daşary ýurtlaryň belli nebitgaz işewür düzümleriniň, maliýe edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň we Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, bu ugurda ýöriteleşdirilen öňdebaryjy kompaniýalaryň bilermenleri gatnaşdylar. Foruma dünýäniň 32 döwletinden kompaniýalaryň 90-synyň wekilleriniň gatnaşýandygy dünýäniň işewür toparlary tarapyndan ýurdumyza maýa serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanma bildirýänleriň sanynyň barha artýandygyny tassyklaýar. 

                                                                   

Forumyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Onda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda giň gerim bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň ähmiýetiniň uludygy, milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek boýunça eziz Diýarymyzda giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylýandygy bellenilýär. Bu halkara maslahatyň daşary ýurt işewürlerine ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollary bilen tanyşmaga mümkinçilik berjekdigi aýratyn bellenilýär. 

                                                                   

Halkara forumyň çäklerinde «Bütindünýä energetika ulgamynyň geljegi» mowzugynda geçirilen plenar mejlisde türkmen tarapynyň wekili ýurdumyzyň Aziýanyň nebitgaz bazarynda möhüm orun eýeleýändigini belledi. Häzirki wagtda ýurdumyz tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça Russiýadan, Eýrandan we Katardan soňra, dördünji orny eýeleýär. Türkmenistan tebigy gazy has düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlemäge uly ähmiýet berip, energiýa serişdelerini köp möçberde iberýän ýurt hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, energetika eksportunyň haryt düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika işewürliginiň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna bazarda eýeleýän ornunyň häsiýetini hem hil taýdan özgerdýär. 

                                                                   

Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hem-de Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynda pudagyň önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilen çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri bilen berk baglanyşyklydyr. Çykyş edenler bu ulgamdaky geljekki meýilnamalar barada aýdyp, ýurdumyzyň serhedinden Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gazy akdyrmak üçin niýetlenen täze, dördünji şahanyň çekiljekdigini nygtadylar. 

                                                                   

Plenar mejlisiň dowamynda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de sanly ulgam arkaly «CNPC» kompaniýasynyň wise-prezidenti we «PetroChina» kompaniýasynyň prezidenti Huang Ýunçžan, Nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasynyň (OPEC) Baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindo, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Gi Lens çykyş etdiler. 

                                                                   

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk häzirki döwürde dünýädäki durnukly ösüşiň esasy şerti bolup durýar. Bu möhüm ulgamda özara bähbitleriň deňagramlylygy esasynda guralýan deňhukukly halkara hyzmatdaşlyk uzak möhletli geljek üçin ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegidir. 

                                                                   

Soňra forumyň işi «EKSPO — 2020» bütindünýä sergisinden (Dubaý, BAE) teleköpri arkaly alnyp görkeziliş bilen dowam etdi. Şol bir wagtyň özünde Aşgabat bilen «Sebitdäki energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň orny» atly mejlis guraldy. 

                                                                   

Dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna doly derejede ýakynlaşmak ugruna eýerýän Türkmenistanyň EKSPO sergisinde kuwwatyny üstünlikli görkezýändigini bellemek gerek. Milli bölümimiziň mowzugy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylýar. Dünýä derejesindäki bu abraýly we giň gerimli, köp pudakly çärede ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda gazanýan üstünlikleri, halkymyzyň baý milli medeniýeti görkezilýän sergi uly meşhurlyga eýe bolup, bu ýere gelýän adamlarda uly gyzyklanma döredýär. 

                                                                   

«Sebitdäki energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň orny» atly mejlisiň dowamynda bolsa milli nebitgaz pudagynyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň «Dragon Oil», «Fluxys», «Gaffney Cline» kompaniýalarynyň, Dubaý Elektrik energiýasy we suw üpjünçiligi edarasynyň (DEWA) ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri çykyş etdiler. 

                                                                   

30-njy martda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işini dowam etdi. Oňa gatnaşyjylar «Täze energetika eýýamynda maýa goýum taslamalarynyň mümkinçilikleri», «Durnukly energetikany goldamakda maliýe institutlarynyň orny», «Uglewodorodlary çykarmakda we ugurdaş gazlaryň zyňyndylaryny azaltmakda innowasion tehnologiýalar we nou-haular», «Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek we ugratmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň tejribesi, mümkinçilikleri we geljegi» mowzuklaýyn mejlislerde möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

                                                                   

Forumyň ikinji gününde dünýäniň nebitgaz kompaniýalarynyň toplan tejribeleriniň we täze işläp taýýarlamalarynyň tanyşdyrylyşy boldy. Şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we kesgitlemek üçin ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Forumyň çäklerinde birnäçe resminamalara hem gol çekildi.