Forumyň baş maksady — ählumumy energetika howpsuzlygy

29-njy martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlady. Forumy «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guradylar.

 Paýtagtymyzda dünýäniň onlarça döwleti bilen onlaýn tertipde geçirilen bu çäräniň baş maksady ýurdumyzyň energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek we ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurtlaryň maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça gatnaşyklary berkitmekden ybaratdyr. 

                                                                   

Forumyň işine ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň, daşary ýurtlaryň belli nebitgaz işewür düzümleriniň, maliýe edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň we Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, bu ugurda ýöriteleşdirilen öňdebaryjy kompaniýalaryň bilermenleri gatnaşdylar. Umuman, foruma dünýäniň 32 döwletinden kompaniýalaryň 90-synyň wekilleri gatnaşdylar. 

 Forumyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda milli nebitgaz pudagynyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň «Dragon Oil», «Fluхys», «Gaffney Сline» kompaniýalarynyň, Dubaý Elektrik energiýasy we suw üpjünçiligi edarasynyň (DEWA) ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk häzirki döwürde dünýädäki durnukly ösüşiň esasy şerti bolup durýar. 

                                                                   

30-njy martda — forumyň ikinji güni «Täze energetika eýýamynda maýa goýum taslamalarynyň mümkinçilikleri», «Durnukly energetikany goldamakda maliýe institutlarynyň orny», «Uglewodorodlary çykarmakda we ugurdaş gazlaryň zyňyndylaryny azaltmakda innowasion tehnologiýalar we nou-haular», «Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek we ugratmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň tejribesi, mümkinçilikleri we geljegi» ýaly degişli mowzuklar boýunça öz işini dowam etdi. Onda dünýäniň belli nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri bu ugurda toplan tejribeleri we täze işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrdylar. Halkara forum ýangyç-energetika pudagy boýunça türkmen we daşary ýurtly hünärmenleriň pikir hem-de tejribe alyşmagy babatda netijeli häsiýete eýe boldy. Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.  

                                                                   

Halkara çäräniň jemleýji gününde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar hem geçirildi. Olarda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlar özara bähbitli gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. 

                                                                                                           

«Nesil».