Senagat pudagynyň depginli ösüşi

Ýurdumyz täze önümçilikleri döretmekde zerur bolan çig malyň dürli görnüşlerine we baý gorlaryna eýe. Şunda, hususan-da, himiýa, gazhimiýa senagatynyň, gurluşyk industriýasynyň we beýleki pudaklaryň esasy bolan tebigy gazyň, nebitiň, mineral çig mal serişdeleriniň uly ýataklary senagat taýdan özleşdirilmäge degişlidir. Başgaça aýdylanda, nebit, tebigy gaz we gaz kondensaty diňe bir ýangyç serişdelerini däl, eýsem, möhüm himiki önümleri almak üçin-de çig maldyr. Tebigy gazyň düzümindäki metan, etan, propan uglewodorody, geliý, kükürtwodorod maddalaryny, metil spirtini, polimer materiallary, belok-witamin konsentratlaryny, geliý gazyny, arassa kükürdi we beýlekileri almaga mümkinçilik berýär. Önümçiligi barha artýan azot dökünleriniň kärhanalarynda hem tebigy gaz ulanylýar. Geljekde bolsa bu ugurdan gazhimiýa toplumynyň dürli pudaklaryny döretmäge doly esas bar. Bu jähetden, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, gazhimiýa önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmegiň döwrebap önümçiliklerini döretmek meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň himiýa pudagynyň milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudaklarynyň biridigini nygtaýar. Ýurdumyzyň himiýa senagaty uzak möhletleýin we durnukly ösüşiň esasyny goýýan hem-de ykdysadyýetdäki düzümleýin özgertmelere oňat täsir edýän senagatyň binýatlaýyn bölegidir. Himiýa senagatyny ösdürmegiň maksatnamasy soňky ýyllarda ýerli çig maly doly peýdalanmaga, ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga, daşardan satyn alynýan önümleri özümizde öndürmäge, pudagyň kuwwatyny artdyrmaga, obasenagat toplumyny durnukly ösdürmäge gönükdirilendir. Şeýle hem mineral dökünleriň öndürilişini artdyrmak meselesine aýratyn üns berilýär. 

                                                                   

Ýurdumyz mineral çig mal gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Şol baýlyklaryň biri-de düzüminde ýod we brom saklaýan ýokary minerallaşan ýerasty suwdur. Şolaryň esasynda häzirki wagtda Hazaryň himiýa, Balkanabadyň, Berekediň ýod zawodlarynda ýokary hilli ýod öndürilýär. 

                                                                   

Hususan-da, Hazaryň himiýa, Balkanabadyň ýod zawodlarynyň ulanýan suwunyň duzlulygy bir litrde 170 — 220 grama barabardyr. Berekediň ýod zawodynda bolsa Seýitkerdere käniniň çig mal hökmünde ulanylýan suwunyň duzlulygy ep-esli pes bolup, ol bir litrde 25 — 29 gram töweregidir, ýöne onda ýoduň mukdary has ýokarydyr. Ýerasty ýod-bromly suw bolsa himiki düzümi boýunça şerebeleriň II synpynyň natriý-kalsiý hloridleriniň toparyna degişlidir. Suwda ähli duzlaryň diňe 0,02-0,025 göterimi ýod; 0,20-0,25 göterimi brom bolup, galanlary — 99,75 göterimi beýleki makroduzlardyr. Olaryň düzüminde ýod we bromdan başga-da litiý, bor, stronsiý, rubidiý, seziý ýaly tebigatda seýrek duşýan gymmatly elementleriň ençemesi bar. Bu seýrek we dagynyk elementleriň adaty magdan çeşmeleriniň azalandygy sebäpli, soňky döwürde olary, esasan, şeýle gidromineral serişdelerden almaga uly üns berilýär.  

                                                                   

Günbatar Türkmenistanyň täze açylan ýod-brom känleriniň — Çukurguýy, Guýular, Gögerendag-Garadaşly, Inderlen we beýleki känleriň özleşdirilmegi netijesinde geljekde ýoduň öndürilişi has hem artar. Şonda Türkmenistan ýod öndürmegiň mukdary boýunça Çili, Ýaponiýa, ABŞ ýaly ýurtlaryň hataryna girer. Häzirki wagtda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň ýod zawodlarynda ýerasty ýodly we bromly suwy gaýtadan işlemek arkaly, ýokary hilli tehniki ýoduň 500 tonnadan gowragy öndürilýär, onuň aglaba bölegi bolsa daşary ýurtlara iberilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, Balkan welaýatyndaky «Balkanabat» ýod zawodynyň düzüminde tehniki ýod, brom we bromly önümleri öndürmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda taslama kuwwaty 450 tonna bolan bu zawodda tehniki ýoduň ýylda 340 tonnasy öndürilýär. Geljekde ýodly we bromly guýularda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek, kärhananyň düzüminde täze önümçilik desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Şu maksat bilen tehniki ýod, brom we bromly önümleri öndürýän desgalary gurmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň arasynda bäsleşik geçirmek teklip edildi. Hödürlenen teklipler makullanylyp, ýurdumyzyň günbatar sebitinde hereket edýän iri zawodlarda ýokary hilli tehniki ýoduň öndürilýän möçberini artdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça işleri dowam etdirmek hem-de bu işe uly tejribä we tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurtly kompaniýalary işjeň çekmek bellenildi. 

                                                                   

Aslynda, çig malyň senagat taýdan özleşdirilmegi diňe bir onuň gorlary bilen kesgitlenmän, eýsem, köp sanly çylşyrymly tehniki-ykdysady we tehnologik meseleleri çözmek bilen hem baglanyşyklydyr. Bu babatda mineral baýlyklaryň düzüminiň çylşyrymlylygy, alynýan önümiň himiki aýratynlyklary, galyberse-de, çig malyň ýerleşýän ýerleriniň tebigy şertleri ýaly köp sanly faktorlar alymlaryň we hünärmenleriň öňünde täzeden çözülmeli meseleler bolup durýar. 

                                                                   

Şu ýerde ýene bir möhüm zat hakynda gürrüň etmek zerur: suw adamzat durmuşy we halk hojalygy üçin iň wajyp tebigy baýlyklaryň biridir. Şonuň üçin-de suw serişdelerini goramak we ondan rejeli peýdalanmak derwaýys mesele hasaplanýar. Şeýle bolansoň, duzly suwy tehniki serişdeleriň kömegi bilen süýjütmek barha giň gerim alýar. Häzirki wagtda bu usul bilen Awazada, Balkan welaýatynyň beýleki ýerlerinde deňiz suwy süýjedilýär. Olarda hem, esasan, himiki tehnologiýalar we materiallar peýdalanylýar.  

                                                                   

Senagat kärhanalarynyň suw galyndylary-da bu babatda belli bir çeşme bolup biler. Bir gezek ulanylandan soň, kärhanalar suwy senagat galyndysy hökmünde uly möçberde daşky gurşawa akdyrylýar. Şol sebäpden, şeýle suwy degişli derejede arassalap, gaýtadan ulanmak ykdysady we ekologik taýdan uly ähmiýete eýe. Çünki köp sanly senagat kärhanalarynda, hususan-da, himiýa, gurluşyk, ýeňil we azyk senagaty pudaklarynda zyňyndy gaty galyndylar, hapalanan suw, gaz emele gelýär. Şonuň üçin-de halk hojalygynyň ösmegi bilen, tebigy çig mal serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň we daşky gurşawy goramagyň zerurlygy derwaýys ekologik mesele hökmünde ýüze çykýar. Häzirki wagtda adaty ulanylyp gelinýän gaty magdan gorlarynyň barha azalýandygy sebäpli, dünýäde käbir elementleri we maddalary ýerasty gidromineral çig mal serişdelerinden almaga uly üns berilýär. Olaryň düzüminde ýod bilen bromdan başga-da, bor, litiý, stronsiý, seziý, rubidiý, kaliý ýaly gymmatly elementler hem saklanýar.  

                                                                   

Nebitgaz guýularyndan çykýan ugurdaş suwy yzyna — ýer astyna goýbermek, olaryň düzümindäki peýdaly minerallary almagyň usullaryny işläp düzmek we önümçilige ornaşdyrmak hem alymlaryň öňünde duran derwaýys meseledir. Bu babatda türkmen alymlary tarapyndan dünýä tejribesinde ilkinji gezek yssy we gurak howa şertlerimizde, açyk howdanlarda suwy bugartmak arkaly, baýlaşdyrmagyň we himiki önümleri almagyň işlenip düzülen toplumlaýyn tehnologiýasy ulanylyp bilner. Bu bolsa ekologik sowatlylygyň we bilimiň ähmiýetini has-da artdyrýar.  

                                                                   

Innowasion tehnologiýalara bolan isleg diňe bir himiýa ýa-da nebitgaz senagatynda däl, eýsem, gurluşyk materiallary, ýeňil, azyk, dokma energetika, dag-magdan we beýleki pudaklarda-da barha artýar. Şeýle bolansoň, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda işlemäge ukyply, giň düşünjeli tehnolog hünärmenlere bolan isleg-de barha ýokarlanýar. Olaryň taýýarlanylyşy has çeýe, ýagny önümçiligiň islegine görä, dürli ugurlarda işlemäge ukyply edilip guralsa, geljekki hünärmenleriň ýurdumyzyň dürli kärhanalarynda işläp bilmegine mümkinçilik berer. Şunda ähli tebigy maddalary gaýtadan işlemek boýunça ulanylýan tehnologiýalaryň fiziki-himiki esaslary, hadysalary, enjamlary, umumy tehniki dersleri biri-birine örän ýakyn. Şeýle diýildigi, aslyýetinde, ähli tebigy çig maly gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly bolan ugurlary maddy-tehniki serişdeler, hünärmenler bilen üpjün etmek meselesini belli bir derejede umumylaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň üçin bolsa önümçilik pudaklarynyň ylmy-barlag edaralar, ýokary okuw mekdepleri bilen has ýakyn hyzmatdaşlyk saklamaklary örän möhümdir.  

                                                                                                           

Hojanepes ÝOWJANOW,

                       

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory, tehniki ylymlaryň doktory.