Elektrik energiýasynyň önümçiligi ýokarlandyrylýar

Ýurdumyzyň energetika ulgamyny döwrüň talabyna laýyk ösdürmek, bu ulgamyň pudaklaýyn düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, önümçilige täze tehnologiýalary, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, täze kuwwatlyklary döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar, tutuş sebit üçin möhüm ähmiýetli iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Şu babatda demirgazyk welaýatyň iri senagat kärhanalarynyň biri hasaplanýan «Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginde hem göwnejaý işler alnyp barylýar.  

                                                                   

Öz düzümine 9 sany etrap, 2 şäher elektrik ulgamlaryny birleşdirýän bu önümçilik birleşigi sarp edijileri elektrik energiýasy bilen doly derejede üpjün etmek maksady bilen elektrik ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek, täze energetika desgalaryny gurmak, bar bolan desgalaryň sazlaşykly işlemegini gazanmak babatynda zerur çäreleri geçirýär. Birleşigiň hasabynda dürli kuwwatlykly transformator beketleriniň 3400-den gowragy, elektrik geçiriji ulgamlaryň bolsa 330-dan gowragy bar. Häzirki wagtda jemi 12 müň 500 kilometrden gowrak elektrik geçirijileri bolup, olaryň galabasy howa, 200 kilometre barabary hem kabel arkaly geçiriji ulgamlardyr. Birleşigiň hasabyndaky 50-den gowrak elektrik bekedi arkaly welaýatyň ilaty, sarp edijiler gije-gündiziň dowamynda elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün edilýär. Kuwwatlylygy 254 megawatdan hem köp bolan, iki sany gazturbinaly stansiýanyň öndürýän energiýasy welaýatyň sarp edijilerinden daşary beýleki ýurtlara hem iberilýär. Sebitde durmuşa geçirilýän özgertmeler bilen baglylykda, geljekde bu elektrik stansiýasyny ýönekeý dolanyşykdan bug-gaz dolanyşygyna geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreleriň amala aşyrylmagy bolsa tebigy gazy sarp etmezden goşmaça elektrik energiýasyny öndürmäge, daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni almaga, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Täze taslama laýyklykda, güýjenmesi 220 kilowolt, uzynlygy hem 25 kilometre barabar bolan Daşoguz — Daşoguz döwlet elektrik stansiýasy ugry boýunça iki zynjyrly howa elektrik geçirijisini çekmek göz öňünde tutulýar. Maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylmagy bu döwrebap stansiýada öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini has-da artdyrmaga oňaýly şertleri döredýär. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda halkalaýyn energoulgamyň Balkan — Daşoguz ugry boýunça ikinji tapgyrynda gurluşyk-gurnama işleri ýokary depgine eýe bolýar. Jemi uzynlygy 560 kilometre barabar iki zynjyrly ýokary woltly elektrik geçirijiniň bu ugrunyň uly bölegi Garagum sährasyny aralap gidýär. Onuň baş maksady ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan, ähli welaýatlary bitewi energetika halkasyna birleşdirmek arkaly içerki sarp edijileriň bu zerurlyk bilen üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmakdan ybaratdyr. Bu ugur boýunça gurluşyk işlerinde kuwwatly gurluşyk tehnikalary, beýleki gurallar netijeli ulanylýar.  

                                                                   

— Ýurdumyzyň iki welaýatyny halkalaýyn ulgama birleşdirýän ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň gurulmagy diňe bir ýurdumyz däl, eýsem, tutuş sebit üçin uly ähmiýete eýedir — diýip, «Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginiň 35 kW ýokary elektrik geçiriji ulgamlar gullugynyň başlygynyň orunbasary Maksat Girmanow aýdýar.  

                                                                   

— Ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň gurluşygy häzirki zamanyň ekologik talaplaryna laýyk alnyp barylýar. Howa elektrik geçirijisiniň tebigy şertlerde bökdençsiz işlemegi üpjün edilýär. Şeýle geçirijileriň ýokarsyndan ýyldyrym çakmasyndan sowmaga mümkinçilik berýän ýogyn zynjyr geçirilýär. Şol zynjyrlar ulgamyň bütin ugry boýunça aragatnaşygy amala aşyrmaga hem mümkinçilik döredýär. Bu işlerde dört aýakly, kuwwatly sütünleriň berk oturdylmagyna aýratyn üns berilýär. Şeýle halkalaýyn ulgamyň gurulmagy welaýatymyzyň elektrik energiýasy bilen has-da ygtybarly üpjün edilmegini şertlendirýär. Bu ajaýyp işler goşmaça elektrik energiýasynyň öndürilmegine, pudagyň önümçilik kuwwatynyň artdyrylmagyna täze mümkinçilikleri açýar — diýip, Maksat Girmanow sözüniň üstüni ýetirdi. 

                                                                                                           

Amanmyrat SAPAROW.

                       

«Türkmenistan».