Ministrler Kabinetiniň 28-nji ýanwarda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine gönükdirilen düýpli wezipeleriň hatarynda dokma senagatyndaky işleri ilerletmegiň mümkinçilikleri barada hem aýtdy. Döwlet Baştutanymyz pudagyň ýokary tehnologiýaly kärhanalarynda öndürilýän milli brend nyşanly önümler bilen gyzyklandy.
Bu gün türkmen brendlerine dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär. Ýurdumyzyň dünýä standartlaryna laýyk gurlan dokma toplumlarynda we täzeden dikeldilip, döwrebaplaşdyrylan fabriklerde öndürilýän matalar, olardan tikilýän taýýar egin-eşikler özüniň milli nyşanlary bilen biri-birinden tapawutlanýar. Meşhurlygy gün-günden artýan «Bedew» haryt nyşanly jins önümleri, «Bürgüt» haryt nyşanly sport egin-eşikleri, «Gala» haryt nyşanly tikin-örme we trikotaž önümleri, «Ýeňiş» haryt nyşanly erkek köýnekleri, «Goza», «Wada», «Nusaý» haryt nyşanly hojalyk harytlary we ýene-de ençeme milli nusgalara beslenip öndürilýän önümler türkmen dokmasynyň abraýyny belende göterýän, dünýä bazarlaryndaky ornuny barha giňeldýän brendlerdir. Türkmen dizaýnerleriniň çeper döredijiligi bilen milli ruhda we döwrebap bezeglere beslenip taýýarlanýan gymmatly, halkyň gowy gören şol harytlarynyň hatarynda ýaňy dünýä inen bäbejiklerden başlap, dürli ýaşdaky zenanlara we erkeklere niýetlenip tikilen köp görnüşli döwrebap egin-eşikler bar. Dünýäniň ençeme satyn alyjy iri kompaniýalarynyň uly gyzyklanmasyny gazanýan önümler ykjamlygy, göze gelüwliligi, endamyňa ýakymlylygy bilen müşderiniň ösen talaplaryny ödeýär.
Harytlaryň halkara ölçeglere laýyk gelmegi möhüm şertleriň biridir. «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgi bilen ýurdumyzyň çar künjegine ýaýradylýan we dünýä bazarlaryna çykarylýan egin-eşikleriň nusgalary döredilende, reňkleri saýlanyp alnanda, şekilleri, bezeg işleri ýerine ýetirilende, millilik bilen döwrebaplygyň sazlaşygyna aýratyn üns berilýär. Bu sazlaşyk önümleriň gymmatyny, gözelligini artdyrmak bilen, sarp edijileriň barha artýan islegini gazanýar.
Döwlet Baştutanymyzyň şol mejlisde öňe süren görkezmelerinden ugur alnyp, milli brendleriň sanawy ýene-de täze haryt nyşanlarynyň ikisi bilen artdyryldy. Baý taryhymyzy we şu günümizi şöhratlandyrýan ajaýyp nyşanly önümler dogrusynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň tikinçilik bölüminiň başlygy Ogulmaral Orazgeldiýewa şeýle gürrüň berýär:
Bagtyýar şu günümizi taryh bilen baglanyşdyrýan «Gala» nyşany Gökdepe dokma toplumynda öndürilýän önümleriň gymmatyny beýgeltse, Gypjakdaky dokma toplumynda öndürilýän bürgüdiň özboluşly keşbi bilen bezelen geýimler toplumynda tizlik, çalasynlyk, halallyk, ýitigözlülik, eserdeňlik ýaly giň many jemlenýär. Gözellik, ykjamlyk, tämizlik bilen birlikde, döwrümiziň bedew badyny alamatlandyrýan «Bedew» haryt nyşanly jins matasy, ondan tikilip taýýarlanýan lybaslar dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny has-da berkidýär. Lybaslaryň tikiliş, bezeliş aýratynlygy her bir müşderiniň göwnünden turýar.Pudagyň halkara hil nyşanly kärhanalarynda öndürilýän hojalyk harytlary-da özüniň ýakymy, gözelligi, dürli görnüşliligi bilen dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha mynasyp bolýar. «Goza», «Wada», «Nusaý» ýaly türkmen jemgyýetine mahsus atlar bilen bezelip, alyjylara hödürlenýän önümler ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiziň milli dokma pudagy baradaky aýratyn aladalarynyň netijesinde önümlerimiz ýene-de täze haryt nyşanlarynyň 2-si bilen baýlaşdy. Türkmen dünýäsi bilen bagly «Jeýtun» hem-de «Mäne» haryt nyşanlary golaýda işe girizilen Kaka we Babadaýhan dokma toplumlarynda öndürilýän önümleri bezär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, içerki bazaryň we ilatyň möwsümleýin islegleri öwrenilip, öndürilýän zamanabap, ýokary hilli önümler ildeşlerimizi begendirmek bilen birlikde, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň-da islegli harydyna öwrüler.
Aýnabat DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».