«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň baý taryhy bar. Ýurdumyzda nebit senagatynyň ösmegi bilen, 1949-njy ýylda häzirki Balkan welaýatynyň merkezinde Azerbaýjan ylmy-barlag institutynyň şahamçasy peýda bolýar. 1952-nji ýylda ol öňki Bütinsoýuz nebit ylmy-barlag institutynyň türkmen filialyna öwrülýär. Munuň özi önümçiligi ylym bilen utgaşdyrmaga oňyn şertleri döredýär. Soňra «Giprotürkmennebit» institutynyň Balkanabat şäherindäki bölümi bilen Bütinsoýuz nebit ylmy-barlag institutynyň türkmen filialy ikisi birikdirilip, 1970-nji ýylda «TürkmenNIPInebit» instituty emele gelýär. Aslynda, institutyň ady birnäçe gezek üýtgedilýär. 2005-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» instituty» diýlip atlandyrylýar.
Ylmy-barlag we taslama institutynyň kemala gelmegi nebit pudagynyň ösmegine ýardam etdi. Geçen uzak ýyllaryň dowamynda uglewodorod känlerini işläp taýýarlamakda uly tejribe toplandy. Ýüze çykýan meseleleri çözmekde ylmy, tehnologik we usulyýet çeşmeleri işlenip taýýarlandy.
Institutyň ylym bölüminde 24 sany ylmy-barlag laboratoriýalary we kadalaşdyryş-barlaglar gullugy bolup, olar geologiýa-gözleg, burawlaýyş, känleri işläp geçmek, nebit çykarmak, ony taýýarlamak, akdyrmak ýaly pudagyň dürli ugurlary boýunça kadalary işläp düzmek işlerini ýerine ýetirýärler. Şeýle hem taslama ugry boýunça 7 bölüm bolup, hünärmenler sebitiň nebitgaz senagatynyň we dürli raýat gurluşyk obýektleri boýunça taslama-gözleg işlerini alyp barýarlar.
Geçen 73 ýylyň içinde alym-hünärmenleriň tagallasy bilen 2500-den gowrak ylmy-barlag işleri, 5150-den gowrak gurluşyk we känleri tehnologik desgalaşdyrmak boýunça taslamalar ýerine ýetirildi. Döwrebap ylmy täzelikler, oýlap tapyşlar, tehnologiýalar yzygiderli önümçilige ornaşdyrylýar. Hususan-da, «Türkmennebit» döwlet konserninden gelip gowuşýan tabşyryklar, görkezmeler öz wagtynda seljerilip, alnan netijeler boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan maglumatlar işlenip taýýarlanýar.
Nebitgaz senagatynda ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň ýokary derejesi göz öňünde tutulyp, instituta 1997-nji ýylda «Altyn ýyldyz» halkara sylagy (Ispaniýa) hem-de 2009-njy ýylda «Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň laureaty» (Tähran) diýen hormatly at berildi. Bu ýerde 2014-nji ýylda aspirantura bölümi hem döredildi. Häzirki döwürde ylymlaryň doktorlarynyň 1-i, kandidatlaryň 6-sy hem-de tejribeli hünärmenleriň ýüzlerçesi zähmet çekýär. Önümçilikden aýrylmazlyk şerti bilen alymlyk derejesine dalaşgärleriň 19-sy ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy düzümlerinde gaýybana okap, bilimlerini hem-de ylmy derejelerini ýokarlandyrýarlar.
Alym-hünärmenleriň hödürnamalary boýunça burawlaýşa taýýarlanan Günorta Uzynada meýdançasynda 7-nji, Demirgazyk Kemer meýdançasynda 1-nji, Porsy meýdançasynda 4-nji belgili gözleg guýularynyň burawlaýyş işleri alnyp barylýar. Geçen ýylda ylmy taýdan taýýarlanan teklipler boýunça burawlamaga hödürlenen guýularyň 22-si ulanyşa girizildi. Gapdal sütüni burawlamak boýunça işler guýularyň ýene-de şonçasynda amala aşyryldy. Gazlift usuly bilen işleýän nebit guýularynyň iş düzgünini kadaly ýöretmek üçin institutda işlenip taýýarlanan KGU-25 kysymly gazlift klapanlary guýularyň 5-sinde oturdyldy we garaşylýan netijeler gazanyldy. Goturdepe käniniň 2-nji nebitgaz çykaryş bölüminiň gazlift guýularynyň 4-sinde iş düzgünlerini kadalaşdyrmak üçin barlag işleri geçirildi. Şolaryň esasynda her gije-gündizde 36 500 m3 gaz tygşytlanyp, 9,3 tonna goşmaça nebit alyndy.
Altyguýy, Keýmir, Gamyşlyja, Goturdepe we Barsagelmez ýaly nebitgaz känleriniň guýularynyň nasos-kompressor turbalaryny we guýularyň düýpýaka zolagyny asfalten-smola-parafin çökündilerinden arassalamak boýunça Gyýanlydaky polimer zawodynyň goşmaça önümi bolan pirobenzin bilen 180-den gowrak guýuda önümçilik-synag işleri geçirildi. Netijede, geljekde pirobenzini şeýle çökündileri arassalamakda ulanmak maksadalaýyk hasaplandy.
Nebit guýularynyň önümliligini artdyrmak maksady bilen ylmy-barlag işleri-de yzygiderli geçirilýär: «Goturdepenebit» we «Nebitdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliklerinde hereket edýän nebitli gazlift guýularynyň tehnologik iş düzgünlerini gaýtadan ölçemek we kada salmak boýunça barlag işleri geçirilip, teklipler degişli müdirliklere hödürlendi. Burawlaýyş işleri boýunça Nebitdag meýdançasynyň, Demirgazyk Goturdepe meýdançasynyň guýularynda ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýyň öňüni almak, guýularyň burawlaýyş işlerini taslama çuňlugyna päsgelçiliksiz alyp barmak üçin hem teklipler edildi. Günbatar Çeleken, Daýandyk, Demirgazyk Goturdepe meýdançalaryndaky guýularyň 10-synda gurluşyk taslamasyndaky buraw erginini ulanmak boýunça reglament taýýarlandy.
Ylmyň we tehnologiýanyň pajarlap ösýän döwründe dünýä derejesinde ylym-bilimli bolmaga, hünär saýlamaga, ylmy işleri ýerine ýetirmäge, döredijilikli zähmet çekmäge bizde ähli şertler döredilen. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda nebitgaz pudagyny hem giň gerim bilen ösdürmäge uly üns beriljekdigini nygtap bellemek bilen, degişli alym-hünärmenlere aýratyn ynam bildirdi. Döwlet tarapyndan öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ukyp-başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.
Döwletberdi ELÝASOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň direktory.