Durnukly ösüşleriň Diýary

Berkarar Diýarymyz häzirki wagtda milli we döwlet maksatnamalarynyň pugta berjaý edilmegi, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgamyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy bilen durnukly ösüşleriň gazanylýan ýurduna öwrüldi. Bedew bady bilen okgunly öňe barýan Watanymyzyň durmuşyndaky düýpli özgertmeler diňe bir milli ykdysadyýetiň däl, ylmyň we bilimiň, saglygy goraýşyň we beýleki pudaklaryň ösüşine hem netijeli täsir etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň golaýda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde agzalan ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmegiň şu ýylyň birinji çärýeginde gazanylan netijeler hem muňa doly şaýatlyk edýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynyň makroykdysady görkezijileri ýokary netijeleriň gazanylýandygyny görkezýär. Ähli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň jemleýji maglumatlaryna laýyklykda, öndürilen önümiň möçberi, geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda, 11,1 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda bölek-satuw dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim köp boldy. Ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler biziň her birimizi döredijilikli zähmete, üstünliklere ruhlandyrýar. 

                                                                   

Munuň özi türkmen döwletiniň rowaçlanmagyny we halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyny baş maksat edinýän milli maksatnamalarda kesgitlenen möhüm wezipeleriň üstünlikli berjaý edilýändigini şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiz desgalaryň gurluşygyny gözegçilikde saklap, kabul edilen maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemegi işiň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary köpräk çekmegiň zerurdygy nygtaldy. Berkarar Diýarymyz häzirki wagtda beýik ösüşleriň täze tapgyryna bedew bady bilen gadam basdy. 

                                                                   

Watanymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek babatda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin! 

                                                                                                           

Maýagözel ANNAORAZOWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.