“Ýaşyl tehnologiýalaryň” orny
Ykdysady özgertmeleriň barşynda halk hojalygynyň dürli pudaklaryna öňdebaryjy kämil tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Sebäbi, täze tehnologiýalar ykdysady tygşytlylygy, ekologiýa taýdan arassa önümçiligi bilen tapawutlanýarlar. Aýratynam, ekologiýa babatda zyýansyz önümçiligi bilen tapawutlanýan “ýaşyl tehnologiýalaryň” ornunyň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär.
Garaşsyz döwletimiziň elektroenergetika pudagyna ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalarda “ýaşyl tehnologiýalaryň” uly orna eýe bolmagy tötänden däldir. Bu tehnologiýalar ykdysady taýdan tygşytlylyk artykmaçlygyndan başga-da, daşky gurşawa zyňylýan zyýanly galyndylaryň birnäçe esse azaldylmagyny üpjün edýär. 2018-nji ýylyň sentýabrynda Mary DES-iniň senagat zolagynda ulanmaga berlen kuwwaty 1574 megawata deň bolan utgaşykly dolandyrylýan elektrik stansiýasy ýokarda gürrüňi edilen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Täze tehnologiýalaryň artykmaçlygyna aşakdaky sanlaram şaýatlyk edýär. Mysal üçin, ýönekeý yzygiderlilikdäki elektrostansiýanyň peýdaly hereketiniň görkezijisi 34,2 göterime deň bolsa, utgaşykly yzygiderlilikde bu görkeziji 1,5 esseden gowrak ýokarlanyp, 56 göterimden gowrak bolýar. Bugly-gazly elektrostansiýasynda ýanan önümler bolan kömürturşy gazynyň howa bölünip çykmagynyň möçberem 2-3 esse azalýar.
Merdan MURATJANOW.
TDEI-niň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.