Ýurdumyzda hereket edýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, milli bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy soňky ýyllarda barha işjeňleşdirilýär. Şonuň netijesinde-de, bank ulgamynda sanly tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy bank edaralarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we müşderilere menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemäge giň mümkinçilik berýär.
Mälim bolşy ýaly, bank ulgamy milli ykdysadyýeti maýa goýum serişdeleri bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup, bu ulgamyň sanlylaşdyrylmagy işewürlik mümkinçiliklerini artdyrmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, nagt däl hasaplaşyklar amallaryny ösdürmäge, hyzmatlaryň «Internet-bank», «Mobil-bank», «Galtaşyksyz töleg», «Goýum bank karty», «Maşgala karty», «Ýol karty» ýaly täze, döwrebap görnüşlerini hödürlemäge, netijede bolsa, raýatlaryň wagtyny tygşytlamaga ýardam berýär. Şeýle hem banklar tarapyndan ornaşdyrylan öz-özüňe hyzmat edýän terminallarynyň üsti bilen köp sanly bank amallaryny gysga wagtda amala aşyrmaga, karzlaryň, şol sanda ipoteka karzlarynyň esasy bergilerini we göterimlerini tölemäge, öýjükli aragatnaşyk, internet, IP-telewideniýe, Aşgabat şäher telefon ulgamy hyzmatlary üçin tölegleri geçirmäge, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýol gözegçilik gullugynyň karary esasynda jerime tölemek hyzmaty, bank karty boýunça göçürmeleri almaga we beýleki bank hyzmatlaryndan peýdalanmaga doly mümkinçilik döredýär.
Nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak we kämilleşdirmek maksady bilen, «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan Aşgabat şäherinde we welaýatlarda jemgyýetçilik awtobuslarynda ýol töleglerini awtomatiki usulynda galtaşyksyz töleg etmek ulgamy ornaşdyryldy. Bu ulgam nagt serişdeler bilen hasaplaşmagy aradan aýyrmaga mümkinçilik bermek bilen bir hatarda, sürüjiler we ýolagçylar üçin töleg amatlyklaryny hem-de medeniýetli hyzmaty ýokarlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň tutanýerli zähmeti netijesinde, geljekde telekeçilige itergi berýän kiçi göwrümli karzlar — mellek ýeri, kömekçi hojalygy ýa-da bellenen tertipde bölünip berlen ýer bölegi bar bolan raýatlara karz serişdeleriniň berilmegi ýola goýuldy. Şeýle hem banklar tarapyndan telekeçiligi goldamak maksatly döwlet tarapyndan berilýän karzlar ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, içerki önüm öndürijileri maliýe taýdan goldamaga we ýurtda telekeçiligiň ösmegine ýardam bermäge özüniň mynasyp goşandyny goşýar.
Bu amallaryň ýerine ýetirilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky alyp barýan syýasatynyň aýdyň miweleridir. Şeýle işleri amal etmekde bolsa ýurdumyzyň maliýe we bank ulgamlarynyň hünärmenleri döwlet Baştutanymyz tarapyndan döredilýän amatly şertlerden ýerlikli peýdalanyp, netijeli zähmet çekýärler.
Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adam hakyndaky aladany ilkinji nobatda goýýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, işleri hemişe rowaç bolsun!
Oguljennet JUMABAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.