Sanly hyzmatlaryň kämil görnüşleri

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ykdysady pudaklar bilen bir hatarda bank ulgamyny sanlylaşdyrmak, hyzmatlary döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmak möhüm wezipeleriň biri hasaplanylýar. Şoňa görä-de döwletimizde bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, ylmyň soňky gazanan innowasion tehnologiýalaryny peýdalanmak arkaly hyzmatlaryň täze görnüşleri döredilip, pul-karz bazarynyň gerimi giňeldilýär, ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandyrylýar, elýeterliligi üpjün edilýär.

Bank ulgamy milli ykdysadyýeti maýa goýum serişdeleri bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Bu ulgamyň sanlylaşdyrylmagy işewürlik mümkinçiliklerini artdyrmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny ösdürmäge, sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Galtaşyksyz töleg», «Halkbank terminal» arkaly hyzmatlary ýerine ýetirmäge, netijede bolsa, ilatyň gymmatly wagtyny we pul serişdelerini tygşytlamaga ýardam berýär.

«Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» hyzmatlary müşderiniň bank amallaryna we hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, şol sanda pul geçirimlerini ýeňilleşdirmäge hem-de çaltlaşdyrmaga, hasaplaşyklar geçirilende, wagty tygşytlamaga amatly mümkinçilikleri döredýär. Karz edaralary tarapyndan berilýän dürli görnüşli karzlaryň esasy bergilerini gaýtarmak we olara hasaplanylan göterimleri tölemek, aragatnaşyk hyzmatlarynyň töleglerini tiz we amatly usulda geçirmek üçin «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlary uly ähmiýete eýe bolýar. Internete birikdirilen kompýuter ýa-da planşet arkaly «Internet-bank» hyzmaty esasynda berlen karzlaryň, şol sanda uzakmöhletleýin ýeňillikli karzlaryň esasy bergilerini we göterimlerini, «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk, internet, IP-telewideniýe, şäher telefon ulgamynyň hyzmatlary üçin tölegleri özbaşdak töläp bolýar. Häzirki wagtda şeýle bank hyzmatlaryndan peýdalanýan ýaşaýjylaryň sany günsaýyn artýar.

Mundan başga-da halk köpçüligi «Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» hyzmatlary arkaly öz hasaplaryndaky geçirilýän amallaryň yzygiderliligi baradaky maglumatlaryny gözegçilikde saklap bilýär. Şeýle hem internet ulgamynyň üsti bilen öýlerinden çykman, harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri, ýagny, dürli egin-eşikleri, elektronika we hojalyk harytlary üçin internet ulgamynyň üsti bilen özbaşdak saýlap, töläp hem-de olary satyn alyp bilýärler.

Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna täze sanly innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde Türkmenistanyň degişli karz edaralary «Türkmendemirýollary» we «Türkmenawtoulaglary» agentlikleri bilen bilelikde bank kartlaryny ulanyp, demirýol peteklerini hem-de şäherara ugurlarda gatnaýan awtobuslarda petekleri internet ulgamynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde satyn almak mümkinçiligi döredildi.

Hyzmatyň «Elektron söwda» görnüşi hem ýaýbaňlandyrylýar. Ol harytlaryň we hyzmatlaryň internet ulgamynyň üsti bilen şol wagtyň özünde ýerlenilmegidir. Bu hyzmata islegiň artmagy netijesinde nagt däl hasaplaşyk geçirmek arkaly elektron usulda täjirçilik işini alyp barýan telekeçileriň sany günsaýyn artýar.

Nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak we kämilleşdirmek maksady bilen, «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan elektron ýol kartlaryň üsti bilen Türkmenabat şäheriniň şäheriçi ýolagçy gatnadýan jemgyýetçilik awtobuslarynyň ýol töleglerini hasaplaşmak üçin täze hyzmat girizildi. Türkmenabat şäheriniň poçta bölümleriniň üsti bilen hödürlenilýän elektron ýol kartlary şäheriçi ugurlarda işledilýän jemgyýetçilik awtobuslarynda gurnalan enjamlar (walidator) bilen özara galtaşanda pul serişdeler awtomatiki usulda alynýar. Şeýle hem ýol kartlaryndan başga-da degişli hyzmatlar üçin tölegler «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Altyn Asyr», «Goýum bank karty», «Maşgala» bank kartlarynyň üsti bilen galtaşyksyz töleg geçirmek hyzmaty hem ýola goýuldy.

Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan täze, döwrebap «Cash-back» bank hyzmaty ilat köpçüligine hödürlenildi. «Cash-back» bank hyzmaty dünýä tejribesinde soňky ýyllarda uly meşhurlyga eýe bolmak bilen, bank kartlary arkaly tölegler nagt däl görnüşinde amala aşyrylanda kartyň eýesine eden her bir söwda we hyzmat ulgamlarynda sarp edilen puluň möçberine baglylykda bellenilen göterimde puly yzyna gaýtaryp bermek bolup durýar.

Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, sanly amatlylyklaryň elýeterliliginiň ýokarlandyrylmagy, sanly serişdeleriň ykdysadyýetde giňden ornaşdyrylmagy we peýdalanylmagy ýurdumyzyň dünýäniň sanly giňişligine işjeň goşulyşmagyny, onuň halkara bazarda bäsdeşlige ukyplylygynyň düýpli ýokarlandyrylmagyny we milli ykdysadyýetimiziň ösüşiň täze innowasion tapgyryna geçirilmegini üpjün edýär. Şeýle hem sanly ykdysadyýetiň ösüşi işewürlik we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, ylmy köp talap edýän pudaklarda iş bilen üpjünçiligi gowulandyrmaga, döwrebap maglumat tehnologiýalarynyň jemgyýetiň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna täze mümkinçilikleri açar.

Zarip BEŞIMOW,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň kassa hyzmatlary we kassa amallaryna gözegçilik bölüminiň başlygy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18847