Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýän döwletleriň we abraýly halkara guramalaryň sany barha artýar. Munuň şeýledigine şu günler göni wideoaragatnaşyk arkaly yzygiderli geçirilýän dürli derejedäki duşuşyklar, forumlar we beýleki çäreler hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Şu hepdäniň çarşenbe güni BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri bilen nobatdaky onlaýn duşuşygy geçirildi. Onuň çäklerinde «Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň statistika we maglumat-tehniki mümkinçiliklerini pugtalandyrmak» atly täze bilelikdäki taslamany işe girizmek boýunça guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňýanynda Statistika baradaky döwlet komitetiniň hem-de BMG-niň agentlikleriniň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara, şol sanda bu taslama gol çekilendigini bellemek gerek.
Duşuşykda nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli daşary syýasy ugruna laýyklykda, soňky ýyllarda halkara guramalary bilen ýola goýlan ýakyn we netijeli hyzmatdaşlyk milli statistika ulgamyny ösdürmekde hem möhüm orun eýeleýär. Halkara ölçeglerine laýyklykda, statistika usulyýetini has-da kämilleşdirmek Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işiniň esasy wezipesi bolup durýar. Bu bolsa seljermeleri deňeşdirmek üçin möhüm şertdir.
Şol gün Halkara pul gaznasynyň wekilleri bilen onlaýn duşuşyk geçirildi, ol bu gaznanyň işgärler toparynyň Türkmenistana amala aşyrýan wirtual saparynyň çäklerinde guraldy. Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň, şeýle hem jemi içerki önümiň ösüş depginine oňyn täsirini ýetiren milli ykdysadyýetimiziň käbir pudaklarynyň makroykdysady ösüşi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Dünýäniň ähli ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ösüşini üýtgeden koronawirus pandemiýasynyň (COVID-19) ýaramaz täsirine garamazdan, Türkmenistanyň halk hojalyk toplumy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz wagtynda kabul eden çözgütleri, öňüni alyş çäreleri netijesinde ozalky ýagdaýynda işleýär, bu bolsa beýleki döwletlere garanda jemi içerki önümiň ýokary ösüş depginini saklamaga mümkinçilik berýär.
Munuň şeýle bolmagyna köp babatda soňky ýyllarda işe girizilen iri, orta we kiçi kärhanalar ýardam edýär, olarda içerki sarp ediş üçin niýetlenen, daşary ýurtlara iberilýän dürli önümler öndürilýär.
«Aşgabat».