Duzuň mukdary artýar

Ýurdumyzyň ilatyny ýodlaşdyrylan nahar duzy, halk hojalygynyň dürli pudaklaryny bolsa önümçilikde peýdalanylýan duz bilen üpjün edýän Türkmenbaşy etrabyndaky «Guwlyduz» kärhanasy geçen ýylda mynasyp zähmet netijelerini gazandy. Bu döwürde senagat taýdan gazylyp alnan duzuň umumy möçberi 94 müň 644 tonna barabar bolup, meýilnama 101,8 göterim ýerine ýetirildi. Gaplanan azyklyk nahar duzunyň mukdary 19 müň 777 tonnadan geçdi. Kämil önümçilik enjamlary bilen üpjün edilen kärhanada öndürilýän önümler 1 we 2 kilogramlyk ýörite gaplara, şeýle-de 10 hem-de 50 kilogramlyk haltalara gaplanýar.

Ýetilen sepgidi täze zähmet üstünlikleri bilen berkidip, ýurt Garaşsyzlygymyzyň taryhy senesine sowgatly barmak kärhanada şu günlerki alnyp barylýan işleriň baş maksady bolup durýar.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19094