«Mawy ýangyjyň» mekanynda

Ýurdumyzyň iri senagat kärhanalarynyň biri bolan «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işçi-hünärmenleriniň her biri geçen ýylda tebigy gaz, gaz kondensatyny çykarmakda guwandyryjy görkezijilere eýe boldular. Müdirligiň gaz çykaryjylary geçen ýyl gaz we gaz kondensatyny çykarmak boýunça tabşyrygy artygy bilen ýerine ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Olar şanly ýylda ýerasty guýularyň abatlaýyş işlerine hem aýratyn ähmiýet berdiler. Bu bolsa, guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmaga ýardam etdi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda guýularyň 30-synda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Tebigy gazyň täze gorlarynyň işe girizilmegini ýola goýmak arkaly «Zäkli derweze», «Çemmerli» gaz ýataklarynda iki guýyny, «Toparjulba» gaz käninde üç guýyny önümçilige goýbermek meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda ýylyň ilkinji günlerinden başlap müdirligiň gazçylary ýokary ruhubelentlik bilen zähmet çekmek arkaly, özleriniň iş depginlerini has-da ýokarlandyrýarlar. Gazçylaryň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda alnyp barylýan meýilnamalaýyn çäreler bolsa, olaryň netijeliligine oňyn täsirini ýetirýär.

Biz müdirligiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Ybraýym Ilamanow bilen müdirligiň 1-nji sehiniň 2-nji gaz çykaryjy we arassalaýjy desgasynda duşuşanymyzda ol bu ýerde işleriň alnyp barlyşy, işçi-hünärmenler üçin döredilen şertler barada gürrüň berdi. Onuň aýdyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz zähmet adamlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin uly tagallalary edýär. Şoňa görä-de, müdirlikde işçi-hünärmenleriň boş wagtlarynda medeniýetli dynç almaklary, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri babatynda ähli şertler üpjün edilýär. Olaryň arasynda dürli sport bäsleşikleri guralýar, şanly seneler mynasybetli dabaralar geçirilýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan belleniljek ýylyny ýokary görkezijilere beslemegi maksat edinýän «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň işçi-hünärmenleri iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna saldamly goşant goşýarlar.

Akmyrat MÜRZÄÝEW,

öz habarçymyz. SURATDA: müdirligiň 1-nji sehiniň 2-nji gaz gysyjy we arassalaýjy desgasynyň çalşyk başlygy (sagdan) Maksat Orazdurdyýew hem-de ussa Ýolaman Hanow iş wagtynda. Surata düşüren awtor.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18959