Bütindünýä sergisi halklary ysnyşdyrýar

Bedew batly gadamlar

Garaşsyz Türkmenistanyň dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmaga gönükdirilen tagallalary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldanylýar. Ýurdumyzyň Halkara sergiler edarasynyň howandarlygynda geçirilýän Bütindünýä «EKSPO» sergilerine yzygider gatnaşyp gelýändigi hem munuň ýekeje mysalydyr. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen gymmatlyklarydyr Garaşsyz Türkmenistanda gazanylan ösüşleriň miweleri 2010-njy ýylda Şanhaýda geçirilen «EKSPO» sergisinden bäri görkezilip gelinýär.

Milli pawilýonymyz

Garaşsyz döwletimiz «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisine hem üstünlikli gatnaşyp gelýär. Bu sergidäki ýurdumyzyň milli pawilýonynyň mowzugy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. «EKSPO — 2020-niň» «Ykjamlyk» atly mowzuklaýyn zolagynda ýerleşýän türkmen sergisine bölünip berlen ýeriň umumy meýdany 1 müň 581 inedördül metre deň. Şol ýerde gurlan iki gatly binanyň meýdany bolsa 976 inedördül metre barabar. Türkmen sergisinde mowzuklaýyn toplumlaryň dokuzysy bezelip, olarda anyk ugurlar boýunça degişli gymmatlyklar jemlenildi.

«EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli güni 9-njy oktýabrda guraldy. Oňa hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Türkmenistanyň pawilýonynyň girelgesinde myhmanlary halkymyzyň buýsanjy — ahalteke bedewleri garşylaýar. Şol bäş sany behişdi bedew milli mirasa sarpany, ýurdumyzyň ösüş badyny, halkymyzyň jebisligini alamatlandyrýar. Binanyň ýüzündäki tolkun görnüşler bolsa gum aňňatlaryny aňladýar.

Taryhdan şu güne

Bu sergi 1851-nji ýyldan bäri hereket edýär. «EKSPO» Bütindünýä sergisi şol ýyldan bäri hem London, Sent-Luis, Pariž, Nýu-Ýork, Osaka, Şanhaý ýaly iri şäherlerde guralyp, myhmanlary kabul edip gelýär.

«EKSPO» Bütindünýä sergisiniň nobatdakysy Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilýär. 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Dubaý şäherinde öz işine başlan «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisi 2022-nji ýylyň 31-nji martyna çenli dowam eder. Oňa 190-dan gowrak döwlet gatnaşýar. Onlarça gurluşdan ybarat bolan sergi toplumy Dubaý şäheriniň günorta böleginde ýerleşýär. Ol «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» diýen şygar astynda geçýär. Bu şygar hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, pandemiýadan soňky döwürde dünýä ykdysadyýetini dikeltmek ýaly häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda ähli ýurtlaryň tagallalaryny birikdirmäge çagyrýar.

Maksatlaryň birligi

«EKSPO» Bütindünýä sergisiniň guralmagynyň ähmiýeti diňe bir onuň geçirilýän şäheri ýa-da ýurdy üçin bähbitli bolmak bilen çäklenmeýär. Ol sebitleriň ählisi üçin hem örän wajypdyr. Bu Bütindünýä sergisi ençeme döwletleriň wekillerini bir ýere jemlemek bilen, global meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýan, ähli ugurlarda tejribe alşylýan halkara platformany emele getirýär.

Türkmenistanyň «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň esasy maksady-da ýurdumyzyň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmakdan, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekden, öndürilýän harytlaryň eksportyny artdyrmakdan ybaratdyr.

Çemen ANNABERDIÝEWA,

«Watan».