Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda döwrebap düzümleri döretmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän işler rowaçlyklara beslenýär. Halkara giňişliginde hoşniýetli gatnaşyklary ösdürip, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýan Türkmenistan döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hereketlendirijisi bolup çykyş edýän ulag-logistika ulgamyny depginli ösdürýär.
2018-nji ýylyň maýynda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň yklymara logistika merkezi hökmündäki kuwwatynyň has-da artmagyny şertlendirdi. Ýewropa — Kawkaz — Orta Aziýa halkara ulag geçelgesiniň iri üstaşyr merkeziniň wezipesini üstünlikli ýerine ýetirýän bu portuň çäginde edara binasy, demir ýollarynyň dolandyryş binasy we wagonlar üçin duralga meýdançasy, saglyk öýi, ýangyna garşy göreşmek gullugynyň binasy, lagym suwlaryny arassalaýjy desga bar.
Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň düzümindäki gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ýurdumyzda gämi gurluşyk ulgamy boýunça ilkinji desga bolup, milli ykdysadyýetimize we ýurdumyzyň deňiz-derýa ulaglary pudagynyň ösmegine uly goşant goşýar. Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 10 müň tonna polady işläp, halkara ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman tehnologik enjamlaryň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň peýdalanylmagy bilen 4-6 gäminiň gurulmagyna niýetlenendir.
Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, 2019-njy ýylyň 1-nji maýynda özbaşdak edara hökmünde işe başlan «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň öňünde goýlan esasy wezipeler gämileri gurmak, abatlamak we demir polat işleri bilen bagly dürli görnüşli hyzmatlary ýerine ýetirmek bolup durýar. Bu ýerde ýylda 2 müň tonna polat işlemek arkaly 20 — 30 gäminiň abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik bar. Zawodyň maddy-enjamlaýyn binýady dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynda öndürilen häzirki zaman enjamlar, mehanizmler hem-de zerur bolan awtoulaglardyr ýük göteriji enjamlar bilen yzygiderli berkidilýär.
Zawodda häli-şindi daşary ýurtly hünärmenler bilen onlaýn arkaly wideomaslahatlar geçirilip, gämi gurmak we abatlamak pudagynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. 2019-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen, 2020-nji ýylda bolsa Türkiýe Respublikasy bilen gämi gurluşygy boýunça degişli ähtnamalara gol çekilmegi gämi gurluşyk kärhanasy üçin täze gözýetimleriň açylmagyny şertlendirdi.
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň alyp barýan işleriniň netijesi hökmünde häzire çenli abatlanan 40-dan gowrak gämini görkezmek bolar. Şolaryň hatarynda milli flotumyza degişli bolan gämiler bilen birlikde, goňşy ýurtlaryň ýük gämileri-de bar. Bu ugurdaky tejribäniň günsaýyn artmagy, hünärmenleriň hünär derejesiniň ýokarlanmagy netijesinde gämileri abatlamakdan başga-da, gämi duralga hyzmatlary, ammarlary kärendä bermek, demir böleklerini kesmek, kebşirlemek hyzmatlary we beýleki işler ýola goýulýar.
Häzirki wagtda gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gämileri gurmak, şeýle hem dürli görnüşdäki gämilerde abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek bilen bir hatarda, deňiz giňişliginde ýük daşaýan, ýolagçy gatnadýan, dürli hyzmatlary edýän gämiler we ýüzüji serişdeler hem tehniki taýdan gözden geçirilýär. Şeýle hem 2021-nji ýylda kärhanada köprüler üçin dürli ölçegli demir gurnamalary we şäherlerimiziň görküne görk goşýan yşyklandyryş sütünlerini ýasamakda uly tejribe toplanyp, olaryň önümçiligine girişildi. Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelýän dürli görnüşli konteýnerleri buýrujylaryň sargytlary esasynda abatlamak, kebşirlemek, reňklemek hyzmatlary-da döwrebap derejede ýola goýlup, dürli görnüşli we ölçegli haýatlary, germewleri ýasamak ýaly önümçilik işleri hem kärhananyň mümkinçiliklerini giňeldýär.
Biz hem alyp barýan işleriniň gerimini giňeldip, döwrüň talabyna laýyk alyp barýan «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenlerine elmydama üstünlikleriň ýaran bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Parahatçylygyň, dost-doganlygyň mekany bolan eziz Diýarymyzyň ulag-logistika ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda zerur şertleridir mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.
žurnalist.