Türkmenistanyň dokma senagaty milli ykdysadyýetiň girdejili pudaklarynyň biri bolup, ol döwlet tarapyndan berilýän ýokary goldawlar netijesinde depginli ösýän pudaga öwrüldi. Häzirki döwürde dokma senagatynyň kuwwaty ýurdumyzda öndürilýän pagta süýüminiň agramly bölegini gaýtadan işlemek bilen, ondan nah ýüplük, dürli görnüşli matalar, tikin we trikotaž önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Öndürilýän önümleriň içerki bazarlardan artan bölegi, has takygy, dokma önümleriniň 70 göterimden gowragy daşarky bazarlara ugradylýar.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, pudakda bar bolan mümkinçilikleri doly derejede amala aşyrmak boýunça anyk işleriň durmuşa geçirilmegi türkmen dokmasynyň geljekki ösüşleriniň kepilidir. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen açylyp ulanylmaga berlen Babadaýhan, Kaka dokma toplumlarynyň mysallarynda-da görmek bolýar. Olar dokma senagatynyň öňdebaryjy kärhanalary bolup, olaryň önümleri halkara derejede ykrar edildi.
Gahryman Arkadagymyz daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň öndürilişini artdyrmak babatda düýpli işleriň başyny başlady. Munuň üçin ýurdumyzyň kanunçylyk binýady berkidildi. Dokma senagaty pudagyna hususyýetçileriň-de işjeň aralaşmagy, olara döwlet tarapyndan dürli goldawlaryň we ýeňillikleriň berilmegi, ýeterlik mukdarda karz serişdeleri bilen üpjün edilmegi, ýerli önümçiligi artdyrmak bilen baglanyşykly ýörite maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi pudagyň ähli ugurlarynyň — pagta egriji, dokma, tikin-trikotaž, ýüpekçilik ugurlarynyň sazlaşykly ösüşini emele getirdi.
Türkmen dokmasyny ösdürmek boýunça işlenilip düzülen maksatnamada täze önümçilikleri döretmek, şeýle-de öňden işläp gelýänleri düýpli döwrebaplaşdyrmak gaýragoýulmasyz meseleleriň hatarynda görkezilýär. Öňde goýlan şeýle wezipeleriň netijeliligi Türkmenistanda öndürilýän ýokary hilli, elýeterli we ýokary girdejili harytlaryň hasabyna, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberini azaltmaga hem-de olaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmaga şert döretdi.
Aýgül HALMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.