Ykdysadyýet örän giň düşünjedir. Ol diňe bir önüm öndürýän ýa-da hyzmatlary hödürleýän pudaklary öz içine almak bilen çäklenmän, durmuş-medeni maksatly binalaryň gurulmagyny, olaryň üznüksiz işlemegi üçin býujet serişdeleriniň emele getirilmegini hem öz içine alýar. Ýurdumyzda öz topragymyzdan önýän oba hojalyk, dokma, nebitgaz we beýleki önümleriň daşary ýurtlara diwersifikasiýa ýoly bilen çykarylmagy ägirt uly möçberlere eýedir.
Häzirki wagtda tebigy gazyň gorlary boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda dördünji orny eýeleýän Türkmenistan döwletimiz tebigy gazy dünýä ýurtlaryna halkara gazgeçirijiler arkaly eksport etmek bilen bir hatarda, ony gaýtadan işlemek arkaly alynýan polietilen we polipropilen gerdejiklerini uly möçberlerde sarp edijilere iberýär. Polietilenden we polipropilenden taýýar önümleri, harytlary öndürýän sarp edijiler milli önümlerimiziň ýokary hilliligini, ekologiki taýdan arassalygyny biragyzdan ykrar edýärler. Şeýle-de, tebigy gazdan himiki dökünler bolan karbamidi, azody öndürýän zawodlaryň işi barha rowaçlanýar. Çünki türkmen harydyna bolan isleg dünýä sarp edijileriniň arasynda barha ýokary derejä çykýar.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, şu ajaýyp döwrümizde milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy, diňe halkymyzyň saglygynyň goragynda durýan ulgam bolmak bilen çäklenmän, eýsem milli ykdysadyýetiň girdeji getirýän pudagyna ynamly öwrülýär. Muňa aýdyň mysallar hökmünde, dünýäniň derman senagaty babatda ösen tejribeli ýurtlary bilen hyzmatdaşlykda ýola goýlan milli derman senagatymyzyň ösüşlerini agzap geçmek bolar. Häzirki wagtda dünýäde peýdalanylýan dürli dermanlyk serişdeleriniň ýurdumyzda Türkmenistan nusgasynyň öndürilmegi, şeýle-de Mollagaranyň melhemlik palçygyny we dermanlyk duzly palçyklary gaplaýan kärhanalaryň, ýod önümçiligi kärhanalarynyň öndürýän önümleri dünýäde uly abraýa eýedir. Ýurdumyzda öndürilýän lukmançylykda giňden ulanylýan infuzion erginlerini we dermanlyk sargy serişdelerini öndürýän kärhanalar hem girdeji getirýän pudaklara öwrüldi.
Şeýlelikde, bu gün döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda importyň ornuny tutýan ýokary hilli milli önümleriň öndürilişi we dünýä bazarlaryna çykarylyşy barha artýan derejededir. Biz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrýan, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza uzak ömür, jan saglyk arzuw edýäris.
Täzegül HÜMMETGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.