Milli ykdysadyýetiň möhüm ugry

Ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde wajyp orny eýeleýär. Bedew bady bilen ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda bu toplumyň netijeliligini artdyrmak, energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda möhüm işler alnyp barylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna we bu ýerdäki geljegi uly bolan «Galkynyş» gaz känine baryp görmegi welaýatyň ýaşaýjylarynyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň ösüşinde möhüm orny eýeleýän «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek bilen bagly işleriň alnyp barlyşy bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz ýylyň başynda Daşoguz welaýatyna iş saparynyň barşynda bu sebitdäki elektroenergetika ulgamlarynyň işi we geljekki ösüş ugurlary bilen bagly iş maslahatyny geçirdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň birnäçe döwlet elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga girizmek, bir bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmek bilen bagly möhüm işler alnyp barylýar. Şeýle ähmiýetli işleriň hatarynda, Daşoguz döwlet elektrik stansiýasyny bug-gaz dolanyşygyna geçirmek göz öňünde tutulýar.

Energiýanyň ekologiýa taýdan arassa görnüşlerini öndürmek boýunça hem uly taslamalaryň başy başlandy.

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginde köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny we bu ýerden «Altyn asyr» Türkmen kölüne uzaýan elektrik geçirijisini gurmak göz öňünde tutulýar. Taslama «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019—2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda alnyp barlyp, bu sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin hem örän ähmiýetlidir. Ýakynda ýurdumyzda wodorod energetikasyny ösdürmek bilen bagly hem ilkinji esaslar goýuldy. Wodorod energetikasy özüniň ykdysady taýdan bähbitliligi we ekologiýa taýdan arassalygy bilen beýleki adaty energiýa öndürijilik usullaryndan tapawutlanýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň geçen sanlyja günlerinde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli beýik işlere badalga berildi. Şol işleriň bir böleginiň ýangyç-energetika toplumy bilen baglydygy bolsa bu ulgamda zähmet çekýän, bilim alýan her bir adamy zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Goý, ýurdumyzy kuwwatly energetika döwletine öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Ogulbäbek ABDYKADYROWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.