«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 11-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary derejede geçirildi. Onuň dowamynda kabul edilen il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütler tutuş halkymyzyň, şol sanda welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň buýsançly başlaryny Göge ýetirdi. Şol taryhy mejlisiň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirilip, onda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ýerine ýetirilen işlere seljerme berildi. Degişli ýolbaşçylaryň beren hasabatlaryndan görnüşi ýaly, dünýäde çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýändigine garamazdan, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde durnukly ösüş gazanyldy.
Geçen ýyl ýurdumyzyň Mary welaýaty üçin hem üstünlikli ýyllaryň biri boldy. Welaýatymyzda häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýyladyşhanalaryň, guşçulyk toplumlarynyň ençemesi gurlup, ulanylmaga berildi. Welaýatymyzyň edermen babadaýhanlary döwlete galla, pagta, gant şugundyryny, pile, gök-bakja önümlerini tabşyrmak barada şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza Şa gadamynyň düşmegi bilen «Galkynyş» gaz käninde gaz guýularynyň 3-siniň, Mary şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň ýanynda 3 müň orunlyk köpçülikleýin dabaralar merkeziniň gurluşyklaryna badalga berildi.
Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň, Oguzhan etrabynda döwrebap obanyň, Wekilbazar, Sakarçäge, Türkmengala etraplarynda nusgalyk şäherçeleriň we beýleki birnäçe desgalaryň gurluşyklary alnyp barylýar.
Ýurdumyzy, welaýatymyzy ösdürmek boýunça alyp barýan şeýle uly işleri üçin sebitiň bagtyýar ýaşaýjylary Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýdýarlar.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda baky Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynda ähli ugurlar boýunça gazanylan üstünliklere ýokary baha berdi.
Hormatly Prezidentimiziň çykyşynda belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler durmuş ykdysady ösüşler, syýasy-jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň kämilleşmegi asyrlara barabar işlerdir. Şunda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Garaşsyzlygymyzyň binýadynyň has pugtalanandygy, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiliginde ykrar edilen başlangyçlary esasynda halkara abraýynyň barha artandygy, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeleriň geçirilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna işjeň gatnaşmak, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzy, ykdysady baýlyklarymyzy aýawly saklamak, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýermek bilen, döredijilik ukyp-başarnyklarymyzy jemgyýetimiziň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmaga, döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegine goşant goşmaga gönükdirmek hemmämiziň borjumyzdyr. Şundan ugur alyp, biz — Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işgärleri hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütleri, öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge işjeň partiýa agzalarymyz bilen agzybirlikde mynasyp goşandymyzy goşarys. Ösüşleriň röwşen ýoly bilen halkymyzy öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň belent başy aman, beýik başlangyçlary mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Kakageldi GURBANOW,
TDP-niň Mary welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.