Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň tamamlanmagyna sanaýmaly günleriň galan şu günlerinde agzybir halkymyz Halkara Bitaraplyk gününi, ýagny hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagymyzyň 27 ýyllyk baýramyny taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazyljak wakalara besläp, dabaraly belläp geçdi. Hemişelik Bitaraplyga eýe bolanymyzyň 27 ýylynyň içinde eziz ata Watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen ýola goýlan ulag ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmeýär. Bu başlangyçlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen netijeli çäreler amala aşyrylýar.
Häzirki zaman ulag ulgamynyň döwletleriň, jemgyýetleriň, tutuş adamzadyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigi jedelsiz hakykatdyr. Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda häzirki döwürde ulag-logistika ulgamynyň sebitleri we dünýäniň yklymlaryny birleşdirýän güýje öwrülýändigini ýöne ýere aýtmady. «Şoňa görä-de, bu mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz sözüniň üstüni ýetirdi.
Mälim bolşy ýaly, eziz Diýarymyz diňe tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlary bilen dünýä döwletleriniň ünsüni özüne çekmän, eýsem, Ýewraziýanyň strategik üstaşyr geçelgelerini üpjün etmek üçin döwrebap ulag düzümini amatly peýdalanmaga hem mümkinçilik döredýär. Türkmenistan döwletimiz yklymyň esasy ýollarynyň, Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda ýerleşýär. Eziz Diýarymyzdan birnäçe sebitlere, dünýä ummanyna çykalgalar bar. Döwletimiz tebigy taýdan döredilen bu şertlerden oňaýly peýdalanyp, öz geografik ýagdaýyny agzybir halkymyzyň eşretli durmuşynyň bähbitlerine gönükdirmegi maksat edinýär.
Şu ýerde bir zady belläp geçsek ýerlikli bolar. Ol hem Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň döwletimiziň ulag ulgamynyň örän möhüm düzüm bölegi bolup durýanlygydyr. Onuň binýadynda ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly ýük daşamagy utgaşdyrýan esasy multimodal merkez döredildi. Bulardan başga-da, gojaman Hazaryň kenarynda ýerleşýän bu portuň düzüminde nebit guýulýan parom, ýolagçy we ýük terminallary hem bar.
Halkara deňiz porty ýurdumyza şeýle hem goňşy döwletlere, Ýewropa ulag-logistiki gatnaşyklaryň giň geriminiň açylmagyna mümkinçilikleri döredýär. Şeýlelikde, bu ugurda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňzinde bar bolan tebigy baýlyklar meselesini hem-de ulag üstaşyr geçelgeleriň ýola goýulmagy dogrusyndaky halkara derejesinde amala aşyrylmaly işler babatda halkara forumlarydyr maslahatlar ýygy-ýygydan geçirilýär.
Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän ata Watanymyzda ulag ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen meseleler dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Bu babatda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen degişli Kararnamalar hem şaýatlyk edýär. Ýurdumyzy ösüşleriň belentliklerine sary alyp barýan, goňşy we dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Annamuhammet HÜMMEDOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň başlygy.