Zähmet üstünlikleri

«Türkmengaz» döwlet konserniniň iri hem-de öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi guwandyryjy sowgatlar bilen garşy alýar. Olar «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başyndan bäri meýilnamalaýyn tabşyryklaryny 117 göterim berjaý etdiler. Şol öndürilen «mawy ýangyjyň» esasy böleginiň harytlyk gaz hökmünde daşary bazara ugradylýandygyny aýratyn bellemelidiris. «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazanan ýokary önümçilik görkezijilerinde gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýelän «Galkynyş» gaz käniniň edermen gazçylarynyň mynasyp paýy bar. Häzir bu gaz ýatagynda önümçilige girizilýän ulanyş gaz guýularynyň sanynyň artmagy bilen ýer astyndan çykarylýan tebigy gazyň möçberi has-da artyp, ol döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň barha pugtalanmagynda möhüm ähmiýete eýedir.  

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe müdirligimiziň gazçylarynyň tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmakda gazanýan guwandyryjy netijeleriniň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek babatda edýän tagallalary durýar. Mary welaýatynyň çägindäki «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegi bilen bu ýerde gurlan kuwwatly desgalarda ornaşdyrylan iň kämil tehnologiýalar, gazçylar üçin döredilen iş, durmuş şertleri aýdýanlarymyza doly güwä geçýär. 

                                                                   

Gaz känindäki tebigy gazy kükürtden arassalaýan desgalaryň golaýynda gurlan iki sany işçiler şäherçesinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň gaz käninde işleýän zähmetkeşler ýaşaýar. Olar iş ýerlerine ýörite awtobus bilen gatnadylýar. Şäherçelerde döwrebap gurlan iki gatly jaýlarda ýaşamak üçin ähli amatlyklar döredilipdir. 

                                                                   

«Marygazçykaryş» müdirligi hem-de onuň kärdeşler arkalaşygy işçiler şäherçelerinde gazçylaryň gatnaşmaklarynda dürli medeni-köpçülik çärelerini, sport bäsleşiklerini geçirip durýar. Şu günlerde gazçylarymyzyň arasynda bedenterbiýe hem-de sport barha köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Golaýda şäherçeleriň sport meýdançalarynda müdirligimiziň ähli önümçilik kärhanalarynyň türgenler toparlarynyň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Ol ýaryşlar özboluşly sport baýramçylygyna öwrüldi. Gazçylardan düzülen türgenler toparlary kiçi futbol, woleýbol, uly tennis, stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça duşuşdylar. Bäsleşikleriň çekeleşikli häsiýete eýe bolmagy toparlaryň ykjam taýýarlyklydygyny görkezdi. Ýeňijiler kärdeşler arkalaşygynyň taýýarlan sowgatlary bilen sylaglanyldy.  

                                                                   

«Marygazçykaryş» müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy möhüm ähmiýetli wezipelere bagyşlanan maslahatlary, duşuşyklary yzygiderli geçirýär. Golaýda ol «Marygazçykaryş» müdirligi bilen bilelikde «Berkarar, bagtyýar ýurdum, sagdyn zähmetiň mekanyny gurduň» atly maslahaty gurady. Maslahata müdirligiň hem-de onuň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň, şeýle hem beýleki önümçilik bölümleriniň ýolbaşçylary, kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzalary, baş hünärmenler, inžener-tehniki işgärler gatnaşdy. Onda zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligiň alnyp barlyşy, şu ugurda öňde duran wajyp wezipeler dogrusynda birin-birin durlup geçildi. 

                                                                                                           

Begmuhammet ATAÝEW,

                       

«Marygazçykaryş» müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.