Nebitgazly ýataklaryň gözleginde

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň düzüminde hereket edýän geofiziki ekspedisiýalar, ýörite geologik maglumatlar merkezi, geologiýa-gözleg we gidrogeologik ekspedisiýalardyr beýleki bölümler Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna laýyklykda derwaýys işleri durmuşa geçirýär. Bu işler iki hem-de üç ölçegli seýsmiki barlaglary, profilli we meýdan-grawimetrik, şonuň ýaly-da, beýleki barlag usullaryny, gatlaklaryň nebitgaz berijiligine baha bermegi, uglewodorod serişdeleriniň gorlarynyň sap artyşyny almaga gönükdirilen çuň gözleg-barlagy we parametrik burawlaýşy özünde jemleýär.  

                                                                   

Balkan geofiziki ekspedisiýasynyň hünärmenleri tarapyndan şu ýylyň geçen on bir aýynda jemi 970 pagon-kilometrlikde 2D usuly bilen seýsmiki-gözleg işlerini geçirmek baradaky meýilnama 104 göterim berjaý edildi. Bu döwürde 3D usulynda geçirilmeli işleriň meýilnamasy 108 göterim amal edildi. Bitirilen iş, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 230 inedördül kilometr köp boldy. Ýeri gelende aýtsak, 2D usuly ýeriň gatlagyny bir ugur boýunça, 3D usuly bolsa ählitaraplaýyn öwrenýär. Häzirki döwürde bu ugurlarda iş alyp barmagyň 3D usuly ýörgünlidir. Ol geologik gurluşy has çuň we çylşyrymly gatlaklary içgin öwrenmekde has netijeliligi bilen tapawutlanýar. 

                                                                   

Ýeriň 6-7 müň metr çuňlugyndaky gatlaklary öwrenmek arkaly alynýan seýsmiki maglumatlaryň esasynda şol meýdançanyň çäginde geljegi uly ýataklary anyklamak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Zemin çuňluklaryna dürli usullarda gönükdirilýän tolkunlar yza serpilende, ýörite awtoulaglarda oturdylan seýsmiki stansiýalar arkaly ýüze çykýan maglumatlar magnit ýazgysyna geçirilýär we ekspedisiýanyň kompýuterlerinde gaýtadan işlenilýär. Alnan maglumatlar süzgüçden geçirilip, arassalanyp hem-de güýçlendirilip, çykarylan netije esasynda wagt kesgitlemesi dolulygyna taýýarlanyp, degişli hünärmenlere gowşurylýar. Hut şol maglumatlar hem geofizikleriň bitiren işiniň hilini görkezýär. Toplanan maglumatlar soňra «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geologik maglumatlary gaýtadan işleýän merkezine ýetirilýär. Diňe şondan soňra ahyrky netije alynýar we jemleýji hasabatda öwrenilen meýdançanyň kartasy taýýarlanylyp, ol ýangyç-energetika toplumynyň degişli ulgamlarynyň çuň buraw işlerini alyp barýan burawlaýjylaryna berilýär. Bu çäreleriň her biri aňryçäk takyklygy talap edýär.  

                                                                   

Soňky gysga wagtyň dowamynda kärhana has ygtybarly seýsmiki stansiýalara, kuwwatly ýer sarsdyryjylara we beýleki zerur tehniki enjamlardyr kämil tehnologiýalara eýe boldy. Hut şu ýagdaýyň özi hem işiň netijeliligini gazanmaga we hilini ýokarlandyrmaga aýgytly täsirini ýetirýär.  

                                                                   

Ýurdumyzyň günbatar sebitiniň dürli meýdançalarynda seýsmiki-gözleg işlerini geçirýän ekspedisiýanyň esasy maksady ýeriň çuň gatlaklarynyň geologik gurluşyny öwrenmek bilen, nebitgazly ojaklaryň üstüni açmakdan hem-de uglewodorod çig malynyň haýsy çuňluklarda we gatlaklarda ýatandygyny takyklap, teklipnamalary taýýarlap, burawlaýjylara bermekden ybaratdyr. Hünärmenleriň ýüzlerçesi hemişe meýdan şertlerinde zähmet çekýär. Üç sany seýsmiki we bir sany grawik toparlarda jemlenen işgärleriň öz işini netijeli alyp barmagy üçin ähli şertler döredilýär. Olaryň irginsiz tagallasy bilen häzirki güne çenli welaýatyň çäklerindäki gyzyl reňkli gatlaklar doly diýen ýaly öwrenildi. Indi esasy wezipe ondan aşakda ýerleşýän miosen gatlagyny öwrenmekden ybarat. Geofizikler bu möhüm işi häzirki wagtda «Porsy» meýdançasynda amala aşyrýarlar.  

                                                                   

— Türkmen alymlarynyň tassyklamagyna görä, miosen uglewodorod çig mallary babatda geljegi uly gatlakdyr. Döwlet derejesindäki bu möhüm işleriň göwnejaý alnyp barylmagyny üpjün etmekde Azatbaý Satlykowyň, Çaryýar Hydyrowyň 2D usulynda, Eziz Şirjanowyň 3D usulynda işleýän seýsmiki, Kömek Toýçyýewiň grawik, Lýudmila Şabankinanyň kompýuter-seýsmiki maglumatlary taýýarlaýan toparlarynyň, Amanmämmet Bawerisowyň topografiýa bölüminiň hünärmenleri has-da tutanýerli zähmet çekýärler — diýip, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Balkan geofiziki ekspedisiýasynyň başlygy Şaguly Söýünow buýsanç bilen aýdýar. 

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW.

                       

«Türkmenistan».