«Bir penjire» ulgamy: köpugurly özgertmeleriň ýoly bilen

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary häzirki zaman innowasion ýoly bilen ösdürilýär, olaryň döwrebap ösüşiniň üpjün edilmegini şertlendirýän sanly ulgam ähli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna tapgyrlaýyn esasda yzygiderli ornaşdyrylýar. «Eksport-import amallary üçin bir penjire» bitewi döwlet maglumat ulgamy pudaklary sanlylaşdyrmagyň çäklerinde döredilýän ulgamlaryň biridir. Sanly ulgam köpugurly özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlandyrylmagyna, iri möçberli maksatnamalaryň işlenip taýýarlanmagyna aýratyn oňyn täsirini ýetirýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda daşary syýasat ugrunda alnyp barylýan döwlet işleriniň geriminiň has giňelýän, dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni we söwda gatnaşyklarynyň ösdürilýän, ulag-üstaşyr ýükleriniň yzygiderli artdyrylýan döwründe gümrük işiniň hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek hem-de ony halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek barada deputatlaryň öňünde goýlan wezipelerden ugur alnyp, şu ýylyň iýul aýynda Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi we Halk Maslahaty tarapyndan tassyklanyldy. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň gümrük serhedinden harytlary we ulag serişdelerini geçirmek boýunça dahylly taraplaryň gümrük edaralarynyň hem-de rugsat beriş we gözegçilik wezipelerini amala aşyrýan beýleki ygtyýarly edaralaryň özara hereketleri sanly ulgam arkaly, ýagny «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamy arkaly amala aşyrylar. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we milli ykdysadyýetimize sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak babatynda toplumlaýyn işler yzygiderli ýerine ýetirilýär. Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde köpugurly «Bir penjire» ulgamynyň maglumatlary toplaýyş, işleýiş we goraýyş milli maglumat merkeziniň döredilmegi ýurdumyzda sanly ykdysadyýetimiziň ösmegine uly itergi berýär. Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy hem-de Söwda we ösüş Konferensiýasy bilen hyzmatdaşlykda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmak babatda Taslama resminamasyny durmuşa geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. 2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen halkara serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» atly 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Taslama resminamasyna gol çekildi. 

                                                                   

Bu Taslama resminama laýyklykda, eksport we import amallarynda gözegçilige gatnaşýan döwlet gözegçilik edaralarynyň hem-de daşary ykdysady işe gatnaşyjylaryň arasyndaky özara iş gatnaşyklaryny ýönekeýleşdirmek we sazlaşdyrmak, şeýle hem gümrük taýdan resmileşdirme işleri amala aşyrylanda, pudagara töwekgelçiligi dolandyrmak ulgamynyň işini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Şol sanda eksport-import amallaryna gatnaşýan ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda resmileşdirilen rugsat beriş resminamalarynyň elektron nusgasynyň dolanyşygy ýola goýlar.  

                                                                   

Taslama resminamasynyň durmuşa geçirilmegi, «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň ýurdumyzda ornaşdyrylmagy bilen, işewürlik şertleriniň gowulanmagy, amatly daşary söwda gurşawynyň döredilmegi we daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegi, ýurdumyzyň daşary söwdasynyň ösmegi, Türkmenistanyň halkara söwda bazarynda ornunyň ýokarlanmagy we berkemegi üçin oňaýly şert dörär. Şeýle hem daşary ykdysady işe gatnaşyjy taraplaryň bilelikde alyp barýan işleriniň ählisiniň sanly ulgama geçirilmegine, wagtyň tygşytlanmagyna, kagyz dolanyşygynyň azalmagyna, maglumatyň hereketde bolmagyna giň mümkinçilik berer. 

                                                                   

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda, «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topar döredilip, onuň düzümi we Düzgünnamasy tassyklandy, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça ygtyýarly edara diýlip kesgitlendi. 

                                                                   

Şol ýylyň 27-nji fewralynda Pudagara toparyň birinji mejlisi geçirildi. Gümrük gullugynyň guramagynda geçirilen mejlisde «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak maksady bilen Pudagara iş toparyny döretmek hakynda çözgüt kabul edildi. Pudagara topara gatnaşýan ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň hukukçylaryndan, maglumat tehnologiýalary boýunça hünärmenlerinden we eksport-import amallarynda resmileşdirme işlerini alyp barýan wekillerinden ybarat bolan Pudagara iş toparynyň agzalary tassyklanyldy. Şeýle hem «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Pudagara iş topary tarapyndan «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň maglumat infrastrukturasynyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň tertibi we aýratynlyklary kesgitlendi. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda gümrük taýdan resmileşdirmek işlerini doly awtomatlaşdyrýan «ASYCUDA World» utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy işe girizildi. Bu ulgam «Bir penjiräniň» ýurdumyzda giňden ornaşdyrylmagynda amatly şertleri döretmek bilen, oňa binýat bolup hyzmat edýär. Munuň özi ýurdumyzda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýandygynyň, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin innowasiýalary höweslendirmek we gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça guramaçylykly işleriň yzygiderli alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

«Bir penjire» ulgamy pudagara hyzmatdaşlygyň hem-de dessin maglumat alyşmagyň ösen düzümleriniň kemala getirilmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar. Bu mümkinçilikleriň hatarynda uzak aralykdan maglumatlary geçirmek hem-de olara gözegçiligi ýola goýmak, gümrük resmileşdirmesi üçin zerur resminamalaryň sanyny azaltmak, ýerine ýetiriji ýa-da beýleki edaranyň çözgüdiniň netijelerini ylalaşmak we beýleki hyzmatlary bir ýerde jemlemek, harytlaryň eksport we import edilmegi bilen baglylykda ähli tölegleri elektron görnüşde tölemek ýaly amallary bellemeli. Şeýlelikde, munuň özi harytlary gümrük taýdan resmileşdirmek işiniň wagtyny tygşytlamaga ýardam eder. Mundan başga-da, ulgamyň ornaşdyrylmagynyň netijesinde, ýurdumyzyň daşary ykdysady işine gatnaşyjylaryň ygtyýarnamalary we beýleki rugsat beriş resminamalaryny ýygnamak üçin dürli edaralara gatnamazdan, sanly hyzmatdan peýdalanyp, bu ulgamyň üsti bilen elektron görnüşde arza bilen ýüz tutmak esasynda ähli gerekli resminamalary almaga mümkinçilik berer.  

                                                                   

«Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň ýurdumyzda üstünlikli ornaşdyrylmagy üçin Pudagara toparyň agzalarynyň özara hereketiniň utgaşdyrylyp alnyp barylmagy hökmany wezipeleriň biridir. Şol sebäpden hem, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan ugur alnyp, dünýä tejribesinde bar bolan kanunçylyk namalaryna salgylanyp, «Bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmak babatda kanunçylyk-hukuk binýadyna zerur üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek üçin möhüm çäreler görülýär.  

                                                                   

Bu Taslama resminamasynyň uzak möhletli maksady döwlet edaralaryny güýçlendirmek, döwlet maliýeleşdirmesini gowulandyrmak we gurşawyň netijeliligini ýokarlandyrmak, daşary söwdany amala aşyrmak boýunça hususy telekeçiligiň wekilleriniň iş şertlerini has-da kämilleşdirmek arkaly Türkmenistanyň ykdysadyýetini berkitmegi, ýurduň üstaşyr geçirmek mümkinçiliklerini güýçlendirmegi we onuň dünýädäki we sebitdäki söwda kuwwatyny artdyrmagy göz öňünde tutýar. 

                                                                   

«Bir penjire» ulgamynyň üsti bilen döwlet edaralarynyň ýerine ýetirýän eksport-import işleriniň amatlylygy we awtomatlaşdyrylmagy, degişli edaralar tarapyndan berilýän ygtyýarnamalaryň we beýleki rugsat beriş resminamalarynyň, şeýle hem ol resminamalary almak üçin ýüztutmalaryň, geçirilýän tölegleriň elektron görnüşde bolmagy amallaryň bökdençsiz amala aşyrylmagyna oňyn şert döreder. Bu bolsa gözegçiligiň elektron görnüşde ýerine ýetirilmegi üçin her bir edaranyň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde bitewi merkezleşdirilen maglumatlar binýadyny kemala getirer. Eksport-import amallary bilen bagly işler söwda jemgyýetçiligine gatnaşýan ähli taraplar üçin «Bir penjire» ulgamynyň üsti bilen amala aşyrylar we onda ýerine ýetirilýän işler, girizilýän maglumatlar bitewi maglumatlar binýadynda saklanar. Şeýlelik bilen, döwlet gözegçilik edaralaryna, daşary ykdysady işe gatnaşyjylara iş tertiplerini ýönekeýleşdirmek we sazlaşdyrmak, adalatly söwdany ýola goýmak, ýurduň halkara we işewürlik derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýokary netijeleri gazanmaga badalga berer.  

                                                                   

«Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamy 22 sany moduly öz içine alyp, bu ulgamy ornaşdyrmak boýunça Pudagara toparyň düzümine girýän her bir edara üçin aýratynlykda işlenip taýýarlanylar we ol 9 sany wezipeleýin düzüm birliklerinden ybarat bolar. 

                                                                   

Bu ulgamyň esasy düzüm bölegi şahsy iş otagynyň dolandyryş panelidir. Onuň üsti bilen her bir ulanyjy üçin öz ygtyýarlyklaryny umumy görmäge, ýagny özüne degişli resminamalar boýunça amallary ýerine ýetirmäge, habarlary degişli edaralara ugratmaga, şeýle hem resminamalaryň ýagdaýyny yzarlamaga we gözegçilik etmäge, şahsy sazlamalaryny üýtgetmäge ýa-da goşmaçalary girizmäge, ulanyjy adyny we giriş açar sözüni çalyşmaga mümkinçilikler dörediler.  

                                                                   

Aýratyn dolandyryş panelleri bolsa, doly ýa-da bölekleýin elektron resminamalary we wezipeleri gözden geçirmek, şeýle hem şahsy otagyň sazlamalaryny görmek hem-de üýtgetmek üçin niýetlener. Ulgamda şahsy iş otagyny döretmek arkaly hyzmatlar elektron usulda bir ulgamdan (portaldan) peýdalanmagyň üsti bilen amala aşyrylar. 

                                                                   

«Bir penjire» ulgamynyň ornaşdyrylmagy halkara konwensiýalaryň we abraýly halkara guramalaryň teklipleriniň talaplaryna laýyk gelýär. Ol «Gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi we sazlaşyklylygy hakyndaky halkara Konwensiýasynyň» (Kioto konwensiýasynyň), Bütindünýä Söwda Guramasynyň Söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek baradaky Ylalaşygynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň 33 — 35-nji teklipleriniň we birnäçe beýleki halkara şertnamalaryň talaplaryny doly kanagatlandyrýar.  

                                                                   

Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda edýän aladalary üçin hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent maksatlary hemişe rowaç bolsun! 

                                                                                                           

Serdar ARAZOW,

                       

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygy.