Islendik döwletiň ykdysady kuwwatyny hem-de durmuş abadançylygyny üpjün etmekde elektrik energetikasy pudagyna uly orun degişlidir. Halk hojalygynyň beýleki pudaklarynyň netijeli ösdürilmegi, raýatlaryň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi, bilim, saglygy goraýyş, jemagat hojalygy ýaly möhüm ugurlaryň kadaly işlemegi hut elektroenergetika bilen berk baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk bilen galkynan Watanymyzda, aýratyn-da, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyza baştutanlyk eden döwründe elektrik energetikasy pudagynda ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilip, geljekki ösüşleriň binýady berkden tutuldy.
Hindiguşdan başlanýan taryh
Döwrüň döwürden, eýýamyň eýýamdan tapawudyna göz ýetirmek üçin, ilki bilen, taryha salgylanmak gerek. Ýurdumyzda elekroenergetikanyň tasdan 110 ýyla uzaýan taryhy bar. Bu taryh 1913-nji ýylda Murgap derýasynyň kenarynda Hindiguş gidroelektrik stansiýasynyň gurulmagy bilen başlanýar. Türkmenistanyň ilkinji elektroenergetika desgasynda öňki Awstro-Wengriýa imperiýasynyň «Gans» kompaniýasynyň her biriniň kuwwatlylygy 400 kilowata barabar bolan gidroturbinalarynyň üçüsi oturdylypdyr. Ýurdumyzyň energetika pudagynyň özboluşly muzeýine öwrülen Hindiguşda häzire çenli hem elektrik energiýasynyň öndürilmegi dowam etdirilýär.
1957-nji ýylda ýurdumyzda ilkinji iri elektrik stansiýasy bolan Büzmeýin döwlet elektrik stansiýasy ulanyşa berildi. 1963-nji ýylda Türkmenbaşy ýylylyk elektrik merkezi guruldy. 1973-nji ýylda Mary döwlet elektrik stansiýasynyň ilkinji energoblogy işe girizildi. Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soňky gurlan ilkinji elektrik stansiýa 1992-nji ýylda ulanyşa berlen Seýdi ýylylyk elektrik merkezidir.
2003-nji ýylda Balkanabat döwlet elektrik stansiýasy işe girizildi. 2006-njy ýylda ýurdumyzda hereket edýän elektrik desgalarynyň üstüni Aşgabat döwlet elektrik stansiýasy ýetirdi.
Galkynyş eýýamynyň ýalkymy
Gahryman Arkadagymyzyň ýurt başyna geçen ilkinji ýylynda ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda ilkinji energetika desgasynyň — Daşoguz döwlet elektrik stansiýasynyň ulanyşa berilmegi hem özboluşly mazmuna eýe bolup, oba hojalygy we senagat taýdan geljegi uly bolan sebiti elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi. 2010-njy ýylyň birinji ýarymynda her biriniň kuwwatlylygy 254,2 megawata barabar bolan Ahal döwlet elektrik stansiýasy hem-de Awaza döwlet elektrik stansiýasy işe girizildi. Şol ýyl Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynda täze gaz turbina desgalarynyň ikisi işe girizilip, onuň kuwwatlylygy 380,6 megawata ýetirildi. Netijede, ýurdumyzyň energoulgamynyň kuwwatlylygy artyp, sarp edijileriň elektrik üpjünçiligi düýpli gowulandyryldy.
Parasatly çözgütler, myrat tapan maksatlar
Hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň senagatlaşmaga tarap ugur almagy, täze önümçilikleriň döredilmegi, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy elektrik energiýasyna bolan zerurlygyň artmagyny şertlendirdi. «Türkmenistanda elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi şol derwaýys wezipäni çözmekde möhüm ädim boldy. Bu resminamanyň kabul edilmeginiň Türkmenistanda ilkinji energetika desgasynyň gurulmagyna ýüz ýyl dolan senä gabat gelendigi hem gyzyklydyr. 1913-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli geçen bir asyra barabar döwürde ýurdumyzda gurlan elektrik stansiýalaryň sany bary-ýogy bäşe ýetýärdi. Konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde bolsa, bary-ýogy ýedi ýylyň dowamynda ýurdumyzyň Ahal, Daşoguz, Lebap, we Mary welaýatlarynda döwrebap energetika desgalarynyň altysy guruldy. Şolaryň hatarynda 2014-nji ýylyň maýynda ulanyşa berlen Lebap, 2015-nji ýylyň sentýabrynda Ahal welaýatynda açylan Derweze hem-de 2016-njy ýylyň iýulynda Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda açylyp, ulanylmaga berlen Watan döwlet elektrik stansiýalary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde 2014-nji ýylyň oktýabrynda taslama kuwwaty 146,7 megawat bolan gaz turbinalaryň üçüsi hem-de 2018-nji ýylyň sentýabrynda utgaşykly dolanyşykda işleýän, taslama kuwwaty 1574 megawat bolan täze elektrik stansiýasy işe girizildi. Şeýlelikde, türkmen energetikasynyň kerwenbaşysy hasaplanýan Mary döwlet elektrik stansiýasynyň umumy kuwwaty 2985,7 megawata çenli ýokarlandy.
2020-nji ýylyň sentýabrynda hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda taslama kuwwaty 70 MWt/sagat bolan täze gazturbinaly elektrik stansiýalaryň ikisiniň gurluşygyna badalga berildi. 2021-nji ýylyň sentýabrynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawata barabar bolan gazturbinaly elektrik stansiýa ulanylmaga berildi.
Pudagyň geljekki ösüş meýilnamalarynda ýurdumyzyň beýleki elektrik stansiýalaryny-da utgaşykly bug-gaz dolanyşygyna geçirmek göz öňünde tutulýar. Görşümiz ýaly, gysga döwürde üstünlikli durmuşa geçirilen taslamalar «Asyrlara barabar işler» we «Bedew batly ösüşler» diýen buýsançly jümleleriň iş ýüzündäki tassyknamalarydyr.
Içerki üpjünçilikden eksporta
Gysga döwrüň içinde Türkmenistan içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen arzan bahadan üpjün edip, onuň artýan bölegini daşary ýurtlara eksport edýän döwlete öwrüldi. Bütindünýä bankynyň maglumatlary hem ýurdumyzyň ilatynyň 100 göteriminiň elektrik energiýasyndan peýdalanmaga mümkinçiliginiň bardygyny tassyklaýar. Diýarymyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň artýan bölegi sebitdäki goňşy döwletlere — Eýran Yslam Respublikasyna, Owganystana, Özbegistana, şeýle hem Gyrgyz Respublikasyna eksport edilýär.
Garaşsyz Türkmenistanyň sebitde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrýan iri taslamalarynyň biri-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisi bilen bilelikde çekilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygydyr. TOP ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy TOPH gaz geçiriji ulgamyň düzümleýin desgalarynyň ählisini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we üznüksiz üpjün etmäge, şeýle hem türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň çägi arkaly Pakistana hem-de Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna ibermäge mümkinçilik berer.
Halkalaýyn ulgamlar
Ýurdumyzyň energoulgamynyň kadaly işlemegini üpjün etmek, onuň dürli bölekleriniň özara ätiýaçlandyrylmagyny gazanmak, Diýarymyzyň islendik sebitinden daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermegiň mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, Ahal — Balkan — Daşoguz halkalaýyn energoulgamyny we degişli beketleri gurmak boýunça giň gerimli we uzak geljegi nazarlaýan işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Aşgabat — Mary — Lebap — Daşoguz aralygynda elektrik geçirijileri hereket edip, olar bu sebitleriň energiýa ulgamlaryny özara birleşdirýär.
2021-nji ýylyň oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň sanly ulgam arkaly güýjenmesi 220 kW, uzynlygy 421 kilometr bolan Ahal — Balkan ýokary woltly, iki zynjyrly täze asma elektrik geçirijisiniň işine ak pata bermegi bilen, ýurdumyzyň halkalaýyn elektrik ulgamynyň birinji tapgyry tamamlandy. Geljekde onuň Balkan — Daşoguz ugrunyň gurluşyk-gurnama işleriniň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamyny bir bitewi halka birleşdirmek işi tamamlanar.
«Ýaşyl» energetika — döwrüň talaby
Garaşsyz Watanymyz elektrik energiýasynyň önümçiliginde sebitde öňdebaryjy orunlaryň birini eýelemek bilen bir hatarda, daşky gurşawyň abadançylygyny döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. Diýarymyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini giňden peýdalanmak babatda hem uly işler durmuşa geçirilýär. «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hem-de «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýanyň» kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde tassyklanan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginde kuwwatlylygy 10 MWt bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy gurulýar. Bu desga ýurdumyzyň taryhynda ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasyny öndürmäge ukyply «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmagyň başlangyjy bolar. 2024-nji ýylda bu taslamanyň ulanylmaga berilmegi netijesinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde peýda boljak döwrebap oba elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün ediler.
Asylly tutumlar dowamat-dowam
Energetika senagatynyň ösdürilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Ajaýyp zamanamyzyň binýadyny tutan Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň maýynda Daşoguz welaýatynda toý sapary bilen bolmagynyň çäklerinde Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşygy bilen tanyşdy. Şonda döwlet Baştutanymyz içerki sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjünçiligini berkitmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagy ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän işçilere minnetdarlyk bildirdi.
20-nji iýulda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi açyldy. Merkezi Aziýada bu ugurda ýeke-täk hyzmat ediş desganyň ulanyşa berilmegi degişli enjamlary ýokary hil derejesinde, bellenilen möhletlerde abatlamaga mümkinçilik berer. Munuň özi ýurdumyzda hereket edýän elektrik stansiýalarynyň bökdençsiz hem-de doly güýjünde işledilmegine ýardam eder.
12-nji awgustda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde şu ýylyň ýedi aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri seljerildi. Şonda elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgininiň 112,8 göterime, daşary ýurtlara iberilen elektrik energiýasynyň ösüş depgininiň bolsa 141,3 göterime barabar bolandygy habar berildi. Bu görkezijiler elektrik energetikasy pudagynyň işgärleriniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýuny zähmet ýeňişleri bilen garşylaýandyklaryna şaýatlyk edýär.
Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».