Bedew batly beýik işler

2022-nji ýylyň ýedi aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri 

                                                                       

  •  «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýedi aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 103,6 göterim we çykdajy bölegi 97,4 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwrüniň ýedi aýyň jemleri boýunça toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi. Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artdy. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda oňyn netijeler gazanyldy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haklary 2021-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 13,4 milliard manada deň boldy. 2022-nji ýylyň ýedi aýynda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyz boýunça durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň hem-de inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy dowam etdi.  

                                                                       

  •  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, hasabat döwründe maksadalaýyk işler amala aşyryldy. Sebit we halkara derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglylykda, ýokary derejedäki saparlara, gepleşiklere we duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, aprel aýynda Türkmenistana Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň iş saparynyň bolandygy bellenildi. Hasabat döwründe döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasyna we Eýran Yslam Respublikasyna resmi saparlary hem-de Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Iýun aýynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde altynjy Hazar Sammitiniň geçirilmegi möhüm waka boldy. Şeýle hem şu ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy. Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen, şol sanda bilelikdäki hökümetara toparlarynyň hem-de beýleki degişli düzümleriň çäklerinde özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça duşuşyklar we gepleşikler geçirildi.  

                                                                       

  •  Nebiti we gaz kondensatyny çykarmagyň meýilnamasy, şol sanda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 100,7 göterim berjaý edildi. Nebit we gaz kondensaty bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 111,2 göterim ýerine ýetirildi. Nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 110,2 göterim, benzinleri öndürmegiň meýilnamasy 117,4 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 112,2 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 125,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 115,2 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 115 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 113,6 göterim, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň meýilnamasy 123,6 göterim berjaý edildi.  

                                                                       

  •  2022-nji ýylyň ýedi aýynda gurluşyk-senagat toplumynda önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 152,5 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 114,7 göterim berjaý edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasyny 167,7 göterim ýerine ýetirdi. Ýylyň başyndan bäri Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 128,4 göterim berjaý edildi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüşi 112,8 göterime, daşary ýurtlara iberilen elektrik energiýasynyň ösüşi bolsa, 141,3 göterime barabar boldy. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan hasabat döwründe önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 181,1 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 100,9 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň meýilnamasy 120,3 göterim berjaý edildi.  

                                                                       

  •  Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 108,1 göterime barabar boldy. Şunda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 108,5 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,1 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça bolsa, 103,3 göterime deň boldy. Ähli pudaklaýyn düzümler tarapyndan maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama 161,4 göterim ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Güýzlük bugdaý ekişine hem-de öňümizdäki pagta ýygym möwsümine toplumlaýyn taýýarlyk görülýär.  

                                                                       

  •  2022-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,5 göterime barabar boldy. Önümleri öndürmegiň ösüş depgini 107,9 göterime deň boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň öndürilişi 134,3 göterime, nah matalar 129,8 göterime, tikin we trikotaž önümleri 114,7 göterime, gön önümleri 107,7 göterime barabar boldy. «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynda haly önümçiliginiň meýilnamasy 119,9 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasynda hasabat döwründe 172 birža söwdalary geçirilip, şolarda 21 müň 92 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 113,6 göterime deň boldy. Hasabat döwründe sergileriň 11-si hem-de maslahatlaryň 33-si geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň ösüşi 167,9 göterime hem-de senagat önümleriniň ösüş depgini 109,2 göterime deň boldy.  

                                                                       

  •  Ulag we kommunikasiýalar toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 112,7 göterime barabar boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 111,2 göterim, ýük dolanyşygy boýunça meýilnama bolsa 109,2 göterim berjaý edildi. Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 111,2 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 133,5 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 120 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 113,7 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça bolsa 107,5 göterime barabar boldy.  

                                                                       

  •  Hasabat döwründe bilim işleri döwrebaplaşdyrylyp, sanly bilimi ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Talyp we okuwçy ýaşlar halkara ders-internet bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, medallara mynasyp boldular. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara internet-olimpiadalary geçirildi. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Ýylyň terbiýeçisi-2022», «Ýylyň mugallymy-2022», «Talyp gözeli-2022» bäsleşikleri guramaçylykly geçirildi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahaty, ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler dowam etdirildi. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, buýan köküni gaýtadan işleýän kärhananyň gurluşygyna badalga berildi. Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly, Daşoguz şäherindäki köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň dabaraly açylyşlary boldy. 

                                                                       

  •  Medeniýet ulgamynda ýylyň şygary hem-de milli baýramlar we medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli dürli medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi. Birnäçe döredijilik bäsleşikleri yglan edildi. Hasabat döwründe teatrlara «Milli» ýa-da «Akademiki» hukuk derejesini bermegiň tertibi, muzeýlere «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri, şeýle hem Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk komiteti döredildi we şu güne çenli onuň iki mejlisi geçirildi. Hasabat döwründe Medeniýet ministrligi tarapyndan «Türkmen keşdeçilik sungaty» hem-de «Türkmenistanyň gadymyýeti: ylmy barlaglar we ýadygärlikleriň rejelenilişi» atly kitap taýýarlanyldy we türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edildi. Köptaraplaýyn we milli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň degişli sanawlaryna girizmek boýunça işler alnyp baryldy. Aşgabatda teatr festiwaly, şeýle hem Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligi üstünlikli geçirildi. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralary guraldy. 

                                                                       

  •  Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan ýylyň başyndan bäri milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Mejlisiň agzalary ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparlaryny amala aşyrýarlar. Şol saparlaryň dowamynda döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny düşündirmek, milli däpleri hem-de halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny wagyz etmek, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça işler alnyp barylýar.  

                                                                       

  •  Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üç mejlisi geçirildi. Olaryň barşynda birnäçe kanunlar ara alnyp maslahatlaşyldy we makullanyldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparlarynda bolup, dürli pudaklaryň işgärleri, daýhanlar, ýaşlar bilen duşuşyp, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri, şol sanda zähmet çekmek, okamak, sazlaşykly ösmek üçin döredilýän mümkinçilikler bilen gyzyklanýar hem-de kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça täze wezipeleri kesgitleýär. Geçirilen halkara çäreleriň hatarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy bar.