Ýurdumyzyň dokma pudagynyň ýokary hilli önümlerini alyjylara hödürleýän ýörite dükanlaryň sany gözel paýtagtymyzda artmak bilen. Gelim-gidimi egsilmeýän bu dükanlaryň haýsy birine barsaň-da, ruhy lezzet beriji syýahatyň hözirini gören şekilli bolýarsyň. Gözüň ýagyny iýip barýan türkmen el halylary, lowurdap duran panbarhat matalarynyň dürli reňkli görnüşleri, gyz-gelinlerimiziň bezegi bolan ýaglyklar, sap nah ýüplükden dokalan matalar, olardan tikilen geýimler, sport we mekdep lybaslary ýurdumyzyň dokma senagatynyň ýeten belent derejesini görkezýär. Içerki we daşarky bazarlarda geçginli haryda öwrülip, köp görnüşliligi, bedene ýakymlylygy, göze gelüwliligi, ykjamlygy bilen alyjylaryň göwnünden turýan ol önümler türkmen dokmasynyň abraýyny belende göterýän milli brendlerimizdir.
Şeýle dükanlaryň biri paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde, Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda ýerleşýär. Ildeşlerimiziň ösen islegini kanagatlandyrmaga ukyply bu dükandaky dokma önümleriniň hataryny zenanlardyr erkek adamlara niýetlenen möwsümleýin egin-eşikler bilen birlikde, çagalara niýetlenen naşyja geýimleriň-de dürli görnüşi düzýär.
Açylanyna onçakly köp wagt bolmadyk dükanyň tekjelerindäki gözüňi dokundyrýan egin-eşikleri synlanyňda, milli haryt nyşanlary bada-bat ünsüňi çekýär. Türkmeniň şöhratly taryhyny, bagtyýar şu günümizi şöhlelendirýän ol nyşanlar önümlere bezeg berýär, harydyň gymmatyny artdyrýar. Göze gelüwli, ekologiýa taýdan arassa bu önümlere isleg ýokary. Harytlar satyn alyndygy ýeri täzeleri bilen doldurylýar. Önümler häzirki zamanyň iň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen iri dokma toplumlarynda, döwrebap önümçilik kärhanalarynda tikilen harytlardyr. Alyjylara hödürlenýän ýokary hilli önümleriň düzümine Kaka dokma toplumynyň «Jeýtun», Babadaýhan dokma toplumynyň «Mäne» nyşanly harytlarynyň goşulmagy türkmen dokmasynyň ösüşli ýolunda gazanylan ýene bir üstünlikli ädimdir. Köp görnüşli harytlaryň her birine mahsus biçüw, tikin, bezeg aýratynlyklary bu dokma toplumlarynda zähmet çekýän tikinçilerdir dizaýnerleriň döredijilikli hem sazlaşykly işlerinden habar berýär.
Dürli şekiller, nyşanlar, nagyşlar bilen bezelip, alyjylara hödürlenýän dürli görnüşli önümler çagalaryň-da, uly ýaşlylaryň-da göwnünden turýar. Halkymyzyň höwes bilen satyn alýan jinsi önümlerini, sport, ýorgan-düşek we ýassykdaşy toplumlaryny, el süpürgiçleridir hammam donlaryny, şeýle hem beýleki ençeme önümleri bezeýän ol nagyşlar harytlaryň her birine milli äheň berýär we gözellik çaýýar.
Işiň öňe ilerlemegi üçin her bir başlangyjyň şowly netije bermegini gazanmaly. Türkmen dokmaçylary üçin işiň müşgili ýok. Dünýäniň dokma önümçiliginde gazanylan öňdebaryjy tejribeleri özleşdirip, iň täze tehnologiýa enjamlaryna ezberlik bilen erk edýän türkmen dokmaçylarynyň elinden çykýan, «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgili önümleriň hatarynda islendik möwsüme niýetlenen ýokary hilli egin-eşikleriň dürli görnüşini görmek bolýar. Milli öwüşgine aýratyn orun berlip tikilýän lybaslaryň her biriniň häzirki zamanyň ösen talabyna doly laýyk gelmegi, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanmagy guwandyryjy ýagdaýdyr.
Aýnabat DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».