Dünýä uzaýan dostluk ýollary

Tebigy gözellikleriň, ýerüsti hem ýerasty baýlyklaryň mesgeni bolan ata Watanymyzdan çar tarapa uzaýan awtoulag we howa ýollary, deňiz hem derýa, demir ýollary mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk şanly senesini mynasyp garşylamak hyjuwy bilen joşgunly zähmet çekýän halkymyzyň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk, özara bähbitli, hoşniýetli hyzmatdaşlyk, ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyryp, buýsançly göwünlere ylham berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda umumadamzat gatnaşyklarynda ylalaşygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda guwandyryjy işler amala aşyrylýar. Biz şeýle ajaýyp hakykata paýtagtymyz Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde ýokary derejede geçirilen altynjy Hazar sammitiniň dowamynda, şeýle hem Ýewraziýada logistikany diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahatyň geçirilen günlerinde has-da aýdyň göz ýetirdik. 

                                                                   

«Men Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag akymlarynyň baglanyşdyryjy merkezi hökmünde Hazar deňzini «Mümkinçilikleriň deňzi» diýip atlandyrmagy hakykatdan daşda däl diýip hasaplaýaryn. Geljekde Hazaryň şeýle ähmiýetiniň has-da artjakdygyna ynanýaryn» diýip, Arkadagly Serdarymyz Hazarýaka döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Hazar sammitindäki çykyşynda aýratyn nygtady. Munuň özi dürli ugurlarda özara bähbitli, hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmekde Hazar deňziniň giň mümkinçiliklere eýedigini aýdyň görkezýär. Şol bir wagtda hem köp asyrlaryň dowamynda Ýewraziýa ýollarynyň söwda-ykdysady, medeni gatnaşyklarynyň merkezi bolan eziz Diýarymyzyň sebitiň ulag-logistika merkeziniň wezipesini doly ýerine ýetirmäge taýýardygyny äşgär edýär. Biziň ýurdumyz Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebitleýin we sebitara ýollaryň çatrygynda, geo- grafik taýdan örän amatly ýerde ýerleşmek bilen, ägirt uly ulag-üstaşyr geçelgesiniň mümkinçiliklerine eýedir. Baky Bitarap döwletimiz, beýleki ugurlarda bolşy ýaly, ulaglar ulgamynda hem dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen hoşniýetli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy saklaýar hem-de bu ugurda netijeli işleri amala aşyrýar. 

                                                                   

Haýsy ýurtda asudalyk, parahatçylyk höküm sürýän bolsa, şol ýurduň ýollary abadandyr, illeri bagtyýardyr. Biz bu babatda doly buýsanmaga haklydyrys. Ýewropa we Aziýa yklymlarynyň arasynda ýerleşýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu gün asudalygy, hoşniýetli we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty bilen dünýä ýurtlarynyň ünsüni özüne çekýär. Döwletimizde halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek bilen baglanyşykly öňe sürülýän oňyn başlangyçlar halkara jemgyýetçilik tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Dünýäniň ulaglar ulgamyna işjeň goşulyşýan berkarar ýurdumyzda Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça gurlan we gurulýan iri möçberli transkontinental ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýeti barha artýar. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzdan çar tarapa uzaýan awto- ulag ýollary, howa we demir ýollary hem halkymyzyň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Bu ýollaryň umu- madamzat gatnaşyklarynda ylalaşygy üpjün etmekdäki, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky ornuny hiç bir zat bilen ölçäp bolmaz. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen mundan birnäçe ýyl ozal gurlup, ulanylmaga berlen, Demirgazyk buzly ummanyndan Hindi ummanyna çenli aralykda halk hojalyk ýüklerini daşamaga we ýolagçy gatnatmaga giň mümkinçilikleri açan, Uzak Gündogary, Aziýa we Ýewropa yklymlaryny baglanyşdyrýan Demirgazyk — Günorta halkara demir ýoly bu gün köp döwletleriň we halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň berkemegine, ýurtlaryň söwda-ykdysady kuwwatynyň has-da ýokary derejelere göterilmegine ýardam berýär. 

                                                                   

Gojaman Hazar deňzi eziz Diýarymyzyň goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklaryny ösdürmekde aýratyn orun tutýar. Bu gün sebitde iň iri portlaryň biri bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan Hazarýaka döwletleriň portlaryna yzygiderli gatnawlar amala aşyrylýar. Bu port Hazar deňzi sebitinde ýerleşýän portlaryň arasynda üstaşyr ýükleri geçirmekde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. 

                                                                   

«Lapis Lazuli» üstaşyr ulag geçelgesiniň ugry boýunça daşalýan ýükler hem demir we awtoulag ýollarynyň üsti bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelip gowuşýar. Depesi ýaşyl Baýdakly gämiler Baku, Mahaçgala, Astrahan şäherleriniň portlaryna, Pars aýlagynyň ýurtlaryna ýükleriň daşalyşyny bökdençsiz amala aşyrýarlar. Olar suw ýollary arkaly goňşy döwletler bilen ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmekde netijeli peýdalanylýar. Gämiler gojaman Hazaryň goýnunda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde, halklaryň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde işjeň hereket etdirilýär. Şeýlelikde, geljegi uly bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty häzirki zaman deňiz geçelgeler ulgamyny döretmekde örän uly ähmiýete eýe bolup, uly möçberli ýük akymlarynyň ýol uzaklygyny we wagtyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär hem-de Gara deňziň kenaryna, Ýewropa, Ýakyn Gündogara, Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş umman ýurtlaryna çykmak üçin amatly şertleri döredýär. 

                                                                   

Ýol çekmek, köpri gurmak dostlugy, doganlygy, ýakyn hem-de ygtybarly gatnaşyklary saklamagyň möhüm şertidir. Ol halklary parahatçylyga, abadançylyga, agzybirlige hem-de hoşniýetli gatnaşyklara çagyrýar. Ata Watanymyzdan ýollaryň çar tarapa uzamagy parahatçylykdan, gülläp ösüşlerden nyşandyr. Halkymyzyň asyrlardan aşyp gelýän bu ynsanperwer milli ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýär. Muňa welaýatymyzda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze köpriniň düýbüniň tutulmagy hem aýdyň şaýatlyk etdi. Ajaýyp döwrümiziň bedew bady bilen okgunly öňe barýan galkynyşly günlerinde, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň düýbüni tutup, onuň gurluşygyna ak pata bermegi ýatdan çykmajak taryhy waka boldy. Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň ugrunda guruljak bu köpri ýurdumyzda halkara ulag geçelgelerini ygtybarlylandyrmak üçin amatly şertleriň döredilýändigini, bu möhüm işe hemişe uly ähmiýet berilýändigini ýene bir gezek bütin dünýä aýan etdi. Bitarap Watanymyz dünýä ýurtlarynyň arasynda üstaşyr ulag geçelgeleri babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini esasy wezipe hökmünde kesgitleýär. Şundan ugur alnyp, Garabogazköl aýlagynyň üstünden guruljak köpri hem halklaryň abadançylygynyň bähbidine hyzmat eder. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatda eden çykyşy — häzirki wagtda dünýä önümçiligindäki ýönekeý bolmadyk ýagdaýlarda hut ulag-kommunikasiýalar düzüminiň ykdysady gatnaşyklara zerur itergi berip biljekdigi babatdaky garaýyşlary berkarar döwletimiziň halkara giňişlikdäki belent abraýynyň, parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk ýörelgeleriniň beýany bolup ýaňlandy. BMG-niň howandarlygynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen geçirilen maslahatyň dowamynda deňhukukly, özara bähbitli we hakyky hyzmatdaşlyk esasynda ählumumy ulag ulgamynda ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi. Bu forumyň kabul eden çözgütleri we teklipleri BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 2024-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulan üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň esasyny düzdi. 

                                                                   

Şundan hem görnüşi ýaly, ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklary üpjün etmekde möhüm işler üstünlikli amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara ulag geçelgelerini ygtybarlylandyrmak üçin amatly şertleriň döredilmegi döwletimizi yklymara ugurlar boýunça möhüm halkara geçelgä öwürýär. Häzirki zaman ulag we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek, dünýä ýurtlarynyň arasynda üstaşyr ulag geçelgeleri babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek eziz Diýarymyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu syýasat ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge hem-de durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň, bagtyýarlygyň bähbidine giň sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga, döwletleriň biri-biri bilen ykdysady gatnaşyklaryny ýakynlaşdyrmaga, ýurtlaryň milli ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna gönükdirilendir. 

                                                                   

Goý, bütin adamzadyň abadan durmuşy, halklaryň bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, maksatlary myrat tapsyn! 

                                                                                                           

Toýmämmet Rejebow,

                       

«Balkan».