Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň oba hojalygynda hem giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Şu ýylyň 8-nji iýulynda geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň degişli Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» kabul edildi. Olarda ýurdumyzyň ýedi ýyllyk möhlet üçin ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bellenilip, oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň, agrar ulgamy özgertmäge we ony hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen wezipeler hem kesgitlenilýär. Oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetiň möhüm pudagy hökmünde çykyş edýär. Bu pudagyň netijeliligini artdyrmaga, dürli görnüşli, ýokary hilli önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge, maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen işler yzygiderli ýagdaýda durmuşa geçirilýär, bu ugurdaky kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär. Ilki bilen, ýer we suw gorlaryny netijeli peýdalanmaga, agrosenagat toplumlary döwrebaplaşdyrmaga, ulgama sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga üns gönükdirilýär. Önümçiligi köpugurly esasda ösdürmek maksady bilen, oba hojalykda sebitleýin ýöriteleşdirmegiň netijeli usullary ornaşdyrylýar. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly, Mary we Balkan welaýatlarynda gant şugundyry ösdürilip ýetişdirilýär. Sebitlerde tarp ýerleri özleşdirip, ýeralma, gök-bakja, beýleki dänelik ekinleri ýetişdirmek üçin ýer bölekleri bölünip berilýär. Miweçilik, üzümçilik hojalyklarynyň sany barha artýar.
Daýhançylyk işleriniň tejribesine bazar gatnaşyklaryny meýilnamalaýyn ornaşdyrmak, tohumçylyk-seçgi işlerini kämilleşdirmek gowy netijeleri berýär. Türkmen alymlary, oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň ýanyndaky ylmy-barlag merkezleriniň işgärleri tohumçylyk-seçgiçilik işini alyp barýarlar. Ekerançylygyň agrotehniki taýdan kämilleşdirilmegine, täzeçil tehnologiýalaryň synagdan geçirilmegine, geçirilýän çäreleriň netijeli bolmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Seçgiçi alymlar ekerançylyga dürli ekinleriň ýokary hasylly täze görnüşlerini yzygiderli ornaşdyrýarlar.
Biziň halkymyz öz topragynda ösdürilip ýetişdirilýän azyklyk bugdaý bilen doly üpjün edilýär. Türkmen alymlary bugdaýyň täze görnüşlerini döretmek boýunça guwandyryjy işler alyp barýarlar. Şu ýyl hormatly Prezidentimiziň galla oragy döwründe Mary welaýatyna saparynyň dowamynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri tarapyndan bugdaýyň täze döredilen gylçykly we gylçyksyz görnüşleri bilen tanyşdyrylmagy guwandyryjy üstünlikdir. Bugdaýyň dok däneli, kesele durnukly, ýokary hasylly täze görnüşleriniň hasyllyk derejesi her gektardan 55-60 sentnere barabar bolup, 200-210 günüň dowamynda ýetişýär. Hormatly Prezidentimiziň bugdaýyň täze görnüşleriniň häzirki döwrüň ruhuny alamatlandyrýan «Berkarar» we «Galkynyş» diýip atlandyrmagy, alym-agronomlara alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etmegi bu ugurdaky ösüşleriň guwandyryjy häsiýetini alamatlandyrdy. Hormatly Prezidentimiz 26-njy awgustda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde jogapkärli möwsümiň gelendigini belläp, ýurdumyzda 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi.
Häzirki wagtda birža söwdalarynda ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen önümler dünýäniň dürli künjeklerine eksport edilýär. Dünýä bazarlarynda pagta süýümi, goýnuň, geçiniň, düýäniň ýüňi, buýan köki, beýleki oba hojalyk ömümleri ýokary hil derejesi, bäsdeşlige ukyplylygy bilen uly islegden peýdalanýar.
Bu ýyl ýurdumyzyň gallaçylarynyň zähmet ýeňşinden soň, ýüpekçiler hem pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Dokma senagaty üçin gymmatly çig malyň 2 müň 300 tonnadan gowragy taýýarlanyldy.
Ýakyn döwürde ýurdumyzda pagta ýygymy döwri başlar. Ýurdumyz boýunça 580 müň gektara gowaça ekildi. Diýarymyz boýunça 1 million 250 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 280 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, ýurdumyzyň telekeçileri oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýer alyp, pagta önümçiligine girişdiler. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýokarlandyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda maldarçylyk we guşçulyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar, ýyladyşhanalar, obasenagat toplumlary döredilýär.
Prezident Maksatnamasynda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça kesgitlenen wezipeler oba hojalyk pudagynyň ösdürilmeginde ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri, sanly tehnologiýalary, suw serişdelerini netijeli peýdalanmagyň täze usullaryny ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Bu maksatnamalaýyn işler ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň möçberlerini artdyrmaga, şonuň bilen birlikde, bäsleşige ukyply ýokary hilli azyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmäge, döwletimiziň azyk bolçulygyny has-da berkitmäge hem-de daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmaga uly mümkinçilik döreder.
Aýgözel ARLANOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.