Maýa goýum syýasaty milli ykdysadyýetiň ýokary ösüş depgininiň we netijeliliginiň üpjün edilmegine gönükdirilmek bilen, özüniň oňyn netijesini berýär. Bu ugurda öňde durýan wezipeleri dessin çözmek hem-de erkin bazar gatnaşyklaryny öňe ilerletmek, halk hojalygyny özgertmek, ählumumy söwda, ylmy-tehniki we ykdysady gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan täzeçil usullary giňden peýdalanmak we pugtalandyrmak üçin ykdysadyýete daşary ýurt maýasyny çekmek işiniň ähmiýeti barha ýokarlanýar.
Uzak möhleti öz içine alýan maýa goýum maksatnamalary döwlet durmuşynyň we halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda göz öňünde tutulýan özgertmeleriň ugurlaryny anyk kesgitleýän derwaýys resminamalar hökmünde tapawutlanýar. Türkmenistanyň ägirt uly tebigy serişdeleri, şeýle hem geografik taýdan amatly ýerleşmegi we üstaşyr mümkinçilikleri babatda bäsdeşlik artykmaçlyklaryndan ugur alynýar. Ýurdumyzyň sebitiň we yklymyň wajyp ulag-logistik ulgamyna öwrülmegi, peýdaly gazylyp alynýan çig mal ýataklaryny senagat taýdan gaýtadan işlemek we ýerli çig mal serişdelerinden ýokary goşmaça binýatly taýýar önümleri öndürmek ykdysadyýetiň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Daşarky we içerki ýagdaýlary deňeşdirmek, serişde binýadyny nazara almak bilen, uzak möhletleýin esasda tehniki we tehnologik ösüşiň has netijeli ýoluny saýlap almak birnäçe pudaklarda we kärhanalarda täzeçil strategiýany emele getirýär.
Döwlet Baştutanymyz täze önümçilik kuwwatlyklaryna maýalaryň goýulmagy halk hojalygynyň durmuş ulgamynyň ähli pudaklarynyň ösüş maksatnamalaryna itergi bermäge, ýurdumyzyň önüm öndürijilerini, şol sanda hususyýetçileri goldamaga mümkinçilik berýär diýip belleýär. Munuň özi diňe bir daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň girdejisiniň artmagynyň möhüm çeşmesi bolup durýan islegli harytlaryň hasabyna eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döredýär. Döwlet maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlary milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmakdan we diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr. Ykdysadyýetiň önümçilik we durmuş maksatly ugurlaryna gönükdirilýän maýa goýumlary ýurduň önümçilik binýadyny düýpgöter özgerdýär. Ähli pudaklarda täze desgalaryň, durmuş-medeni maksatly binalaryň uly toplumlarynyň emele gelmegine şert döredýär. Bu bolsa, öz gezeginde, döwletiň baş maksadyna — halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär.
Netijeli durmuşa geçirilýän maýa goýum syýasaty «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», şeýle-de, «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda» göz öňünde tutulan maksatlara ýetmekde möhüm orun eýeleýär. Şuňa laýyklykda, ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösdürilmegine gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberi, olaryň ugurlary takyk kesgitlenýär. Meselem, üstümizdäki ýyl üçin milli ykdysadyýete gönükdirilen maýa goýumlaryň umumy möçberi 36,1 milliard manada deňdir. Şonuň 60,2 göterimi önümçilik ugruna, 39,2 göterimi durmuş-medeni maksatly işlere bölünendir. Bu sanlar önümçilige sarp edilýän maýa goýumlaryň möçberiniň ýylyň-ýylyna artýandygyny görkezýär. Munuň özi importyň ornuny tutýan ýokary hilli önümleri öndürmäge, milli manadyň hümmetini ýokarlandyrmaga we ilatyň hal-ýagdaýyny has gowulandyrmaga ýardam edýär. Maýa goýumlary öndürilýän önümiň ýa-da hödürlenýän hyzmatlaryň hasabyna ödeljek we ýurda girdeji getirjek önümçilige sarp edilmek bilen birlikde, durmuş maksatly ugurlara hem gönükdirilýär. Bu zähmet adamynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy ugrunda hem ägirt uly maýanyň özleşdirilýändigini aňlatmak bilen, çykdajylaryň halkyň önümçilikde çekýän halal zähmeti arkaly döwlete girdeji getirmeginiň hasabyna ödelýändigini görkezýär.
Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.