YKDYSATÇYLARY TAÝÝARLAMAGYŇ TÄZE UGRY

Gözümiziň öňünde ösüp-özgerýän, maglumatlara hem kämillige teşne nesillerimiziň örňemegine giň ýol açýan bilim bütin dünýäde rowaçlyklaryň altyn açary diýlip atlandyrylýar. Bilim islendik ugurdan täze giňişlikleri açýar. Bilim ylma hem-de hünär kämilligine tarap ädilýän ädimlere bagtyýarlyk çaýýar, ynam berýär. Bilim durmuşymyzyň her bir ugrunda peýda bolýan täzeçilliklere düşünmäge, her bir hünärde günsaýyn täzelenip hem köpelip barýan şertlere kybap bolmaga ýardam berýär. Bilim adama öz dünýäsini, başarnyklaryny, ukybyny, zehinini açmaga kömek edýär. Okaýan adam durmuşda gaty seýrek ýalňyşýandyr, çünki bilim paýhasyň altyn çeşmesidir, paýhas bolsa her bir ädimde täze ugurlary, her bir işde bähbitli taraplary gözlemegi we tapmagy öwredýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiziň ykdysadyýetini ösdürmek, ýurdumyzda gymmatly kagyzlaryň bazaryny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelerden ugur alnyp, Türkmen döwlet maliýe institutymyzda täze 2022/2023-nji okuw ýylynda ykdysadyýetiň bakalawrlaryny taýýarlaýan täze “Maliýe bazarlary we banklar” taýýarlyk ugry açyldy. Bu ugra ýaşlaryň 20-si talyplyga kabul edildi. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynyň” esasy wezipeleriniň biri hökmünde bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmek maksady bilen, paýdarlar jemgyýetlerini we banklaryny, maliýe bazarlaryny, gazna biržasyny döretmek babatynda anyk işleri geçirmekden ybaratdyr. Bu bolsa ýaşlaryň dünýä ylmynyň gazananlaryny özleşdirip, halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin ökde hünärli adamlar bolup ýetişmegi babatda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mynasyp ykdysatçylary taýýarlamakda institutymyzyň professor-mugallymlary hormatly Prezidentimiziň edýän aladalaryna jogap edip, ylym-bilimlerini, gujur-gaýratlaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.

Taryhda şöhraty dünýä dolan türkmen halkynyň häzirki alty eýýamyndaky mertebesi, abraýy türkmen ýaşlarynyň tüýs ýürekden çekýän zähmetine, ata Watany gülletmek üçin edýän yhlasyna, başarnygyna, ukybyna baglydyr. Gahryman Arkadagymyzyň salgy berýän aýdyň ýoly ata-babalarymyzyň ýetip bilmedik isleg-arzuwlaryny XXI asyrda wysal etmekdir, ylym-bilim babatda hiç bir döwletiňkiden pes bolmadyk ulgamy döretmekdir we beýleki ugurlarda ösüşlere eýe bolmakdyr.

Hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyçlaryny ikelläp goldaýan, ajaýyp zamanamyzyň rowaçlyklaryna özüniň mynasyp goşandyny goşmagy maksat edinip ýaşaýan nesilleriň örňemegi döwrüň agzybir ilimize bagyşlaýan iň uly peşgeşidir, bagtydyr. Ýaşlara okamaga, hünär öwrenmäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, beýik başlangyçlary rowaçlyklara beslensin!


Orazjemal MYRADOWA, 

Türkmen döwlet maliýe institutynyň 

Maliýe kafedrasynyň mugallymy