Gözelligiň dürdänesi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, ýokary tehnologiýalaryň, kiçi hem-de orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň hasabyna ýurdumyzy özgertmäge we döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Ata Watanymyzyň her bir künjeginde täsin binagärlik toplumlary peýda bolýar. Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, halkymyzyň guwanjyna öwrülen Aşgabat şäherinde gurlan giň şaýollar, bagy-bossanlyga örtülen seýilgähler, medeni-dynç alyş merkezleri, teatrlar paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýar. Aşgabat abadançylygyň şäheri. Halkara hyzmatdaşlygyň, ynsanperwerligiň, myhmansöýerligiň mekanyna öwrülen paýtagtymyzda sanlyja ýylyň içinde täsin desgalarynyň ençemesi guruldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde paýtagtymyzda ençeme täze döwrebap ýaşaýyş toplumlary peýda boldy. Aşgabady ösdürmegiň 16-njy nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde Magtymguly şaýolunyň ugrunda, ýagny Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda täze ajaýyp ýaşaýyş jaýlarynyň 16 sanysyndan, söwda-dynç alyş merkezleriniň 2-sinden ybarat bolan binalar toplumynyň peýda bolmagy oňa şaýatlyk edýär.

Çandybil şaýolunyň ugrunda «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň hem-de «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze edara binalary guruldy. Olar bu ýerde kemala gelýän ägirt uly binagärlik toplumy bilen sazlaşyk döredýär.

Paýtagtymyzda golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy Aşgabadyň günorta böleginde täze dolandyryş-işewürlik merkeziniň kemala gelýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup, milli senenamamyzyň şanly senesine — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy. Köpetdag şaýolunyň ugrundaky täze Hökümet münberi Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna ýene-de bir sowgat bolar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň keşbini ebedileşdirýän ýadygärlik hem geljekde paýtagtymyzyň özboluşly nyşanyna öwrüler.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň baş şäherinde bina edilýän täze desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, ýaşyl bossanlar, gülzarlyklar, suw çüwdürimler toplumlary howanyň tämizligine, tebigat üçin ýaramly şertleriň döremegine ýardam edýär.

Hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan beýik işler ösüp gelýän ýaş nesli watansöýüji, ynsanperwer, ata-babalarymyzyň milli däp-dessurlaryna, asylly ýörelgelerine wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şäherlerimizi we obalarymyzy özgertmek, ösdürmek babatdaky maksatnamalarynyň çäklerinde ýurdumyzda uly depginler bilen alnyp barylýan gurluşyk-binagärlik işleriniň ösmegine ýokary we orta hünär okuw mekdebiniň talyplary hem özleriniň mynasyp goşandyny goşýarlar. Ýurdumyzyň keşbini bütinleý özgertmäge ýardam edýän dürli maksatly gurluşyklaryň, desgalaryň ýerli hünärmenler tarapyndan ýerine ýetirilmegi aýratyn guwandyryjydyr. Olaryň hatarynda «Ajaýyp bina», «Nusaý ýollary», «Beýik bina», «Ussat inžener», «Rysgally zähmet», «Hyzmat merkezi», «Täze jaý», «Altyn nesil» ýaly birnäçe hususy kärhanalary görkezmek bolar.

Olar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda daşary ýurt hyzmatdaşlary binagärlik desgalary bilen bir hatarda, suw üpjünçilik we yşyklandyryş, ýollaryň gurluşygy, işjeň dynç alyş ulgamy ýaly ugurlarda hem işleri alyp barýarlar.

Goý, gözel paýtagtymyzy ajaýyp gözelligiň, dost-doganlygyň, parahatçylyk söýüjiligiň, hyzmatdaşlygyň, ynsanperwerligiň, myhmansöýerligiň mekanyna, Aziýanyň merjen şäherine öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Kakageldi ESENMYRADOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27431