Ykdysadyýetiň batly gadamlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanmagy, batly gadamlar bilen öňe gitmegi biziň her birimizi buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda maksatlaýyn durmuşa geçirilýän beýik işler ösüşiň möhüm ugurlaryny üpjün edýär. Esasan hem häzirki ylmyň we tehnologiýalaryň ösen döwründe ykdysadyýetiň sanly ulgama geçirilmegi berk binýadyň bardygyny beýan edýär.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde durmuşa geçirilýän işleriň her biri halkyň bähbidine we ýurdumyzyň mundan buýana hem ösdürilmegine gönükdirilendir. Şunda sanly ulgamyň durmuşa geçirilýändigini, önümçiligiň, hususan-da, senagat önümleriniň artdyrylýandygyny aýratyn bellemek bolar. Bu ugurlaryň her biri babatda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar we milli ykdysadyýetimiziň ösüşine uly goşant goşulýar.

Eziz Diýarymyzyň ösüşlere beslenýän häzirki döwürde dürli ugurlarda sanly ulgama geçmek, innowasion tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak esasy ugur bolup durýar. Şonuň üçin hem innowasion tehnologiýalar işjeň durmuşa ornaşdyrylýar, bu ugurdan kämil hünärmenler ýetişdirilýär, gaýtadan okatmak bilen bilim mümkinçilikleri ýokarlandyrylýar. Bu beýan edilenleriň her biri sanly ulgama geçmegiň toplumlaýyn we maksatlaýyn alnyp barylýandygyny subut edýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzda sanly ulgama, sanly ykdysadyýetiň ösüşlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda senagat önümçiligine, esasan hem tehnologiýalaryň ýurdumyzda öndürilmegine hem üns berilýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde telewizorlaryň, kompýuter enjamlarynyň ýurdumyzda önümçiliginiň ýola goýlandygyny belläp geçmegimiz gerek.

Bu günki günde binagärlikde hem sanly ulgamyň möhüm ornuny görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen paýtagtymyzda «akylly öýleriň» bina edilmegi aýratyn bellärliklidir. Munuň özi häzirki wagtda türkmen hünärmenleriniň örän kämildiginiň, sanly ulgamyň durmuşymyza işjeň ornaşýandygynyň alamatydyr. Şundan hem görnüşi ýaly, sanly ulgam biziň durmuşymyzda pugta orun alýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda eziz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikler, beýik ösüşler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny has-da şöhratlandyrýar. Şonuň üçin hem her bir ulgamyň uly üstünliklere beslenmegi, täze ösüşlere eýe bolmagy biziň her birimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan nurlanýan belent maksatlar Türkmenistan ýurdumyzy has-da beýik ösüşlere eýe edýär. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, ykdysadyýetimize maýa goýumlaryny giňden çekmek, ony döwrebap ýagdaýa getirmek we elektron senagatyny ösdürmek boýunça beýik işleri ýola goýdy. Şonuň netijesinde hem ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi ýokarlandyrylyp, ykdysadyýetimiz bäsdeşlige ukyply derejä ýetýär. Berkarar Diýarymyzyň ösüşiniň häzirki döwürdäki batly gadamlary, halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşleri saýlanyp alnan ugruň dogry ýoldugyny görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz: «Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak we halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak biziň baş maksadymyz bolup durýar» diýip belleýär. Şonuň üçin hem, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň syýasy, medeni we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele geldi. Bu bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna oňat ýardam berýär. Munuň özi nurana geljegimiziň has-da ösüşli bolmagyny, nesillerimiziň bagtyýarlygyny üpjün edýär.

Meret KELJÄÝEW,

Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň Salgyt bölüminiň ýuridiki taraplary barlag bölümçesiniň salgyt inspektory.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27286